Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň medeni günleri geçirildi
9-njy noýabrda, Aşgabatda Türkmenistan bilen diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Koreýa Respublikasynyň Medeniýet günleri açyldy. 9-njy, 10-njy we 11-nji noýabrda Aşgabat kinoteatrynda “Samjin şirketiniň iňlis dili dersleri” we “Bori” filmleri görkezildi. 11-nji noýabrda agşam Magtymguly adyndaky Milli saz we drama teatrynda koreýanyň milli tagamlary hödürlendi, olary dadyp görmek, şeýle-de gözelligi bilen haýran galdyrýan - hanbok milli köýneklerine syn etmek we hatda geýip görmek üçin pursat döredildi. Читать дальше...