World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Ýaş prezident on aýda näme gowulyk etdi, nirede ýalňyşdy?

Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň birden ozal öz başlangyjy esasynda iki palataly edilen parlamenti bir palataly etmek, ozal Saparmyrat Nyýazowyň syýasy mirasy hökmünde ýatyran, soň dikeldip, parlamentiň bir palatasy eden Halk maslahatyny özbaşdak, ýokary wekilçilikli gurama öwürmek inisiatiwasyny öňe sürüp, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny ýene bir gezek üýtgedip gören guramaçylyk çäreleri bir topar sorag döretdi. Eýsem, bu öwrülişik, iki palataly parlamentiň (Milli Geňeşiň) birden ýeke palataly bolmagy we öňki prezidentiň "Türkmen halkynyň milli lideri" diýlip yglan edilmegi, oňa we onuň maşgala agzalaryna eldegrilmesizlik hukugynyň berilmegi edil şu günki günde näme üçin zerur boldy? Galyberse, bu çäreleriň örän gysga wagtda, uly gyssanmaçlyk bilen görülmeginiň aňyrsynda nämeler bolup biler? Mundan öň ol birden öz ogluny gyssanmaç dürli wezipelere belläp, soňra birden öz ornuny ýaşlara bermek isleýändigini aýdanda hem bir topar sorag döräpdi. Emma ýurt ýapyklygy bu soraglara jogap tapmagy kynlaşdyrýar. Ýöne, Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça analitik Brýus Pannieriň pikiriçe, Türkmenistanda "örän türkmen agdarylyşygy” bolana meňzeýär.

“Serdar, elbetde, şindi hem prezident. Ýöne onuň kakasy Serdara daşary ýurt liderleri bilen geçirilýän duşuşyklarda Türkmenistana wekilçilik etmegini dowam etdirmegi üçin has köp tejribe gerek diýip pikir edip biler. Haýsam bolsa bir sebäbe görä, Serdar öz ygtyýarlyklaryndan mahrum edildi” diýip, Pannier 27-nji ýanwarda çap edilen synynda ýazdy.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmen bilermeniniň, ozalky hökümet resmisiniň eýýäm diňleýjilere we okyjylara ýetirilen pikirine görä, hökümet gurluşyny üýtgetmekdäki gyssanmaçlygyň sebäbi öňki prezidentiň öz oglunyň prezidentlik wezipesini ýerine ýetirişinden o diýen kanagatlanmazlygy we dolandyryjy maşgalanyň çäginde bolan käbir oňuşmazlyklar bilen bagly bolup görünýär.

Ýöne synçylaryň käbiri dolandyryjy maşgaladaky oňuşmazlyklaryň ýa-da Serdar Berdimuhamedow bilen onuň ýegenleriniň arasyndaky dartgynly gatnaşygyň täzelik ýa uly Berdimuhamedow üçin geň zat bolmandygyny, şeýle-de prezidentiň kadrlar meselesinde kakasyna geňeşmän karar kabul edendigine ynanmagyň kyndygyny aýdýar. Azatlyk şu we beýleki soraglara jogap agtaryp, Azatlygyň ýerlerdäki habarçylaryna, Wenada ýaşaýan türkmen raýat aktiwistine birnäçe sorag iberdi.

Şu aralykda, Halk maslahaty has giň ygtyýarlyklara eýe bolanyndan soň redaksiýa gelip gowşan okyjy hatynda aýdylmagyna görä, halk tarapyndan saýlanmadyk guramanyň başlygy "öz şahsy häkimiýetini absolýut monarhiýa derejesine ýetirdi".

"Gurbanguly Berdimuhamedowyň şenbe güni geçiren we tassyklan konstitusion özgertmeleri Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş gurluşyny umumylykda bikanun derejä ýetirdi" diýip, okyjy ýazdy.

Eýsem, G.Berdimuhamedowyň beýle gyssanmaç hereket edip, öz hökmürowanlygyny has berkitmek, şol bir wagtda hem öz maşgala howpsuzlygyny pugtalandyrmak barada alada etmegine näme sebäp boldy? Öňki prezident nämeden biynjalyk boldy?

Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan öňki resmiden tapawutlylykda, ýurt içindäki habarçylarymyz bilen gürleşen adamlar soňky bolan wakanyň mümkin bolan sebäpleriniň ýene birnäçesine ünsi çekdiler.

Olar "Serdar Berdimuhamedow prezident bolaly bäri, kakasynyň döwründen tapawutlylykda, adamlaryň durmuşyna göni täsir edýän näme gowy zatlary etdi? Adamlar indi näme bolar öýdýärler? Durmuş gowulyga tarap üýtgäp bilermi ýa-da prezidentiň kakasy oglunyň etjek bolýan gowy işlerine päsgel berermi?” diýen soraglara jogap berdiler.

Halk durmuşyna göni täsir eden çözgütler

Mysal üçin, birinji habarçymyz bilen gürleşen adamlar Serdar Berdimuhamedowyň kakasynyň 2016-njy ýyldan bäri çözüp bilmedik meselesini – nagt pul we bankomat problemasyny bir ýyla ýetmän ‘doly diýen ýaly çözendigini’ aýtdylar.

Mundan başga, habarçymyzyň prezident täzeleneli bäri halkyň durmuşyna göni täsir eden üýtgeşiklikler baradaky sogaryna jogap berenler ‘un, çörek’ meselesinde ‘erkin söwdanyň emele gelendigini aýdýarlar.

“Elbetde, bahalar gymmat, ýöne uly Berdimuhamedow döwründe çöregi puluňa tapmak hem kynlaşypdy” diýip, habarçymyz aýtdy. Bu maglumat soňky döwürde pul nagtlaşdyrmak kynçylyklary, çörek nobatlary barada gelýän habarlaryň azalmagy bilen hem tassyk bolýar. Ozal, heniz prezident dälkä, kiçi Berdimuhamedow çörek nobatlarynyň prezidentiň abraýyny gaçyrýandygyny aýdypdy.

Şeýle-de habarçy ozal gurluşyk taslamalary boýunça guralýan tenderlerde uly Berdimuhamedowyň ýegenleriniň ýa-da ýakynlarynyň ‘doly’ utujy bolandygyny, beýleki firmalaryň diňe şolaryň hyzmatynda, berenleri bilen oňandygyny belledi. Ýöne Azatlyk häzirlikçe, maglumat almak kynçylyklary sebäpli, bu meselede bolan üýtgeşmeleriň derejesini tassyklap ýa inkär edip bilmeýär.

Habarçymyzyň ýene bir maglumatyna görä, soňky bir ýylda aktiwistleriň, gülençiler toparyna agza bolmakda güman edilen mugallymlaryň we telekeçileriň birnäçesiniň azatlyga çykarylmagy halk içinde täze prezidente bolan ynamy artdyryp başlady. “Eger-de kakasy ýaly adam günäsini bagyşlamaýan, aktiwist ýa-da sähel Gülene (türk ruhanysy Fethulla Gülen – redaksiýanyň belligi) ilteşigi bolan adamlaryň günäsini geçmeýän diktator düşünjeli bolanda, bu işleri etmezdi” diýip, habarçymyzyň bir söhbetdeşi aýtdy.

Azatlyk mundan öň balkanly ýurist Pygambergeldi Allaberdiýewiň, gökdepeli lukman Hursanaý Isamtullaýewanyň günä geçişe düşündigini habar beripdi, emma gülençiler diýilýänleriň birnäçesiniň sentýabrda we dekabrda şertli ýagdaýda azat edilendigi diňe häzir mälim bolýar.

Habarçymyzyň sözlerine görä, azatlyga çykan "gülençileriň” biri oňa özleriniň "azatlyga çykandyklary baradaky maglumaty gizlemäge mejburdyklaryny” aýdypdyr. Öňki tussag muny “türkmen hökümeti bilen türk hökümetiniň arasynda döräp biljek sowuklygyň öňüni almak maksadynda”, MHM we IIM tarapyndan berlen “berk tabşyryk” bilen düşündiripdir.

Gürrüňi edilýän tussaglar 27-nji sentýabra we 12-nji dekabra gabat yglan edilen günä geçişlerde, “şertli ýagdaýa” azatlyga çykarylypdyr. Aýdylmagyna görä, olar ýaşaýan şäherlerinden birnäçe ýyllap çykmasyz edilipdir.

“Edil öý tussagy däl, ýöne şäherden çykmak gadagan, her hepde polisiýa bölümine gelip, bellige aldyrmaly, maşgala agzalary bilen internet, wifi, smartfon, kompýuter ulanmaly däl diýlen şertler goýlupdyr. Ýakyn dostlary, garyndaşlary bilen görşüp bilýärler, ýöne telekeçilik işine entek rugsat berilmändir, ozalky doňdurylan bank hasaplaryndaky serişdeler döwlet haýryna geçirilipdir“ diýip, habarçymyz söhbetdeşiniň maşgalasy bilen ýaşaýan hususy kwartirasynyň elinden alynmandygyny aýdyp, onuň ýaşýan jaýynyň salgysyny berdi.

Tussaglykdan boşan “gülençi” özüniň Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine maglumat çykarmazlyk barada dilhaty berendigini hem gürrüň beripdir.

Şu aralykda, “Turkmen.news“ neşiriniň türkmen DIM-ndäki habarly çeşmä salgylanyp ýazmagyna görä, dekabrda "Serýoža Babaniýazow bilen Dmitriý Medwedew“ hem azatlyga çykady. Neşiriň tassyklamagyna görä, bu iki adam häkimiýetleriň bikanun ýanamalary esasynda tussag edilipdir.

Azatlygyň “Indi, mundan soň nämeler bolar?” diýen soragyna habarçymyz, gürrüňdeş bolan adamlarynyň pikirlerine salgylanyp, “birinjiden, Arkadag oglunyň geçirýän täzeçe demokratik özgertmelerinden gorkýar, ikinjiden, oglunyň bu işleri başaryp, halk arasyndaky abraýynyň kakasyna seredende gysga wagtda ýokarlanyp başlanyny gabanýar” diýip jogap berdi.

Onuň sözlerine görä, adamlaryň arasynda “nagt pul we çörek, uly parahorlyk meselesi bilen abraýyny ýitiren 65 ýaşly Arkadag 40 ýaşly ogluça bolup bilmedi” diýen ýaly gürrüňler eşidilýär.

“Indi kakasy oglunyň aýagyna palta urmakçy, kakasy halky gorkuzyp saklamak ýolunda, häzir informasiýa, internet asyrynda adamlary galypda saklajak bolýar, bu Berdimuhammedowlar maşgalasyna diňe agyr ýitgi bolar” diýip, ýerli habarçy bilen gürleşen raýat aýtdy.

'Hemme ýerde para, korrupsiýa...'

Ikinji habarçymyz bilen gürleşen adamlar esasan ýurtda prezidentiň üýtgemegi bilen, “Edil häzirki ýagdaýda hiç bir zat üýtgemedi, öňki shema dowam edýär” diýip pikir edýärler.

“Adamlaryň öňki işsizligi, ine-gana çagalaryny iýdirip, geýdirip bilmeýärler. Prezidentiň Serdar bolmagy bilen Gurbangulynyň baştutanlygy has gowy bildirýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

“Serdar görkezme esbap hökmünde ulanylýar, ýurduň içindäki kanunlaryň ählisi Gurbangulynyň buýrugy boýunça ýöreýär; Serdaryň edýän işleriniň halka bildirýän zady ýok, belki, merkezde gowulyk bolan bolmagy mümkin, welaýatlarda hiç bir üýtgeşme ýok, býujetniklerden öňküsi ýaly pul çöplenýär, çärelere alyp gidilýär” diýip, habarçy anonimlik şertinde gürleşen adamlaryna salgylanyp aýtdy.

Ikinji habarçymyz bilen gürleşen adamlar “Döwlet gaznasyndan goýberilmeli serişdelere derek býujet işgärlerinden, halkdan pul çöplenýär, ýokary okuw jaýlarynda diňe barly adamlaryň çagalary okap bilýär, garyp adamlaryň ýetişen çagalarynyň işsizligi dowam edýär, [olar] gara işler bilen meşgullanmaly bolýar, hatda kiçi ýaşly çagalar hem, ene-atalaryna kömek etmek üçin, okuwdan daşgary işleýär” diýýärler. Olaryň ynanjyna görä, ýurtda “umuman aýdanyňda, hiç hili özgerişlik ýok”.

Prezident täzeleneli bäri bankomatlaryň öňündäki uzyn nobatlaryň aýrylandygy baradaky maglumaty Azatlygyň üçünji habarçysy hem tassyk etdi.

“Serdar prezident bolaly bäri diňe bir bankomatlarda pul goýdy, häzir hiç hili päsgelçiliksiz pul çekip bolýar. Ýöne başga üýtgeşik eden zadyny görmedim, şol bir korrupsiýa, ilsizlik, şol bir görkemezeler dowam edýär, gün-günden çäreler köpelýär, [olara] 40 ýaşdan ýaşlar barmaly, ...şol öňki-öňkülik, problemalar saklanyp galýar” diýip, habarçymyz aýtdy.

“Hemme ýerde para, korrupsiýa, nirä barsaň, para bermeseň - işiň bitmeýär, organ işgärleri para ýatan, bir dokument oňartdyrjak bolsaň, emeli problema döredýärler, şu gynalyp alsyn diýip, gynalman işini bitirjekler para bersin diýip, şu para öňem bardy, bu Serdar [döwründe] hem bar” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi başga üýtgeşiklik görmändigini delillendirmek üçin aýtdy.

Üçünji habarçymyzyň gürrüňdeş bolan adamlary hem Serdaryň “näme üýtgeşiklik edenini görmändiklerini” aýdypdyrlar.

“Adamlar: ‘Aý, bu Serdar bolany bilen, häli kakasy hemme meseläni çözýär” diýýärler, “Indi näme bolar?” diýip, kän pikir etmeýärler” diýip, habarçymyz sözüni dowam etdirdi.

“Adamlar ýurdy geljekde hem şu Gurbanguly Berdimuhamedow dolandyrar diýýärler, onuň ogluny öz ornuna şeýle aňsatlyk bilen prezident edişine hemmeler haýran galdy" diýip, habarçymyz aýtdy.

"Munuň bu göçümi etjegi bellidi, sebäbi häkimiýet, iň uly wezipe – bu bir kesel, muňa geçen adamyň kelle-beýnisi üýtgeýär. Sebäbi hemme adam gije-gündiz eglip, çapak çalyp, goldap dursa, bu adamy üýtgedýär, bizde çapak çalýan ýalakalar kän, indi bu edil türkmeniň ganyna siňdi. Durmuş gowy bolmaz, sebäbi 16 ýylda gowy bolmady, indi bolarmy?” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi soraga sorag bilen jogap berdi.

Şeýle-de, habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň biri “bu narkotigi ýok ederin diýdi, narkotigi ýok etdi, korrupsiýany ýok ederin diýdi, ýok etmedi, sebäbi bu döwlet diňe korrupsiýada, parada, horlukda dur! Bu korrupsiýany hiç haçan ýok etmez, edip bilerdi, ýöne bu Gurbanguly Berdimuhamedowa wygodna (bähbitli) däl” diýdi.

Azatlyk radiosy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz häkimiýetini berkitmek ýa-da maşgala howpsuzlygyny güýçlendirmek üçin gysga wagtda gören guramaçylyk çäreleriniň, beýle derejede biynjalyk bolmagynyň mümkin bolan sebäpleri we Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda bu wakalardan soň bolup biljek öwrülişikler barada pikirini sorap, ozalky diplomat, ýaşuly aktiwist Nurmuhammet Hanamowa hem telefon etdi.

“Birinjiden, [Serdar] prezident bolanyndan soň, olary [maşgala agzalaryny] has gyssap, korrupsiýa meselesinde ýegenleriň ýoluny kesip ugrady welin, şonda umumy maşgalanyň arasynda bolýan zatlar [Gurbanguly] Berdimuhamdowyň göwnüne ýaramady, ol-a bir. Ikinjiden, öň 15 ýyllap telewizorda, gazetlerde, hemme ýerde diňe özi çykýardy. Indi özi gapdala aýrylyp, ýerini ogly eýeledi welin, meniň pikirimçe, şo-da ony gabandyran ýaly boldy” diýip Hanamow aýtdy.

Ol bu hili göçümi ozal ýurduň ilkinji prezidenti bolan Saparmyrat Nyýazowyň hem edendigini, onuň Halk maslahatyny döredip, iki kürsüde, prezidentiň we premýer-ministriň kürsülerinde oturany bilen kanagatlanman, parlamentden hem ýokarda durýan guramanyň başlygy bolup, şol ýerde özüni “ömürlik prezident” diýip yglan etdirendigini ýatlatdy. Emma muňa garamazdan, ozalky diplomat Berdimuhamedowyň ogluny prezidentlikden çetleşdirip biljekdigine ynanmaýar we Türkmenistanyň syýasy ýolbaşçylygynda hem Gazagystanyň syýasy ýolbaşçylygynda bolan ýagdaýlara meňzeş bir zatlaryň bolmagynyň mümkindigini çaklaýar.

“...hakykatdanam, [öňki prezidentiň] ogly şu [wagt] gidip barýan tankyň üstünde, döwlet tankynyň üstünde. Şondan ynha ýykylaýanda-da şoňa ýapyşmaly, ýöne aşagyna düşmeli däl, ...Serdar [Berdimuhamedow] kakasynyň aşagyna düşmeli däl, öz ýoly bilen gitmeli” diýip, Hanamow aýtdy we “prezident hökmünde öz ýoluny tapyp, sistemany üýtgedip bilse, şu günki Türkmenistanyň ýagdaýyny düzedip bilse”, şonda häzirki ýaş prezidentiň il içinde abraý gazanyp biljekdigini aýtdy.

Ýaşuly aktiwistden tapawutlylykda, Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bilermen Brýus Pannier Aşgabatda edilen soňky göçüm barada biraz başgaça pikirde. Ol özüniň "Örän türkmen agdarylyşygy" atlandyran makalasynda "Gurbanguly Berdimuhamedow prezident däl, ýöne ol türkmen halkynyň milli lideri we Halk maslahatynyň başlygy wezipesinde ýene-de Türkmenistany dolandyrýar" diýip ýazdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

На центральном рынке г. Архангельска военные следователи искали уклонистов от воинского учета



Мир

Где спастись от сезонной аллергии? Россиянам назвали направления и цены




Українські новини

Ветаптека онлайн: відгук про інтернет-магазин vetpreparaty.com



Новости 24 часа

Социальная работа на предприятии: современные тенденции и интересные кейсы



Game News

Шапки женские вязаные на Wildberries, 2024 — новый цвет от 392 руб. (модель 466)



Москва

Шапки женские на Wildberries — скидки от 398 руб. (на новые оттенки)



News Every Day

Cyprus Closed Chess Championship names winners



Интернет

Компания «Наносемантика» усовершенствовала обработку входящих вызовов КАПИТАЛ LIFE с помощью искусственного интеллекта



Москва

112: у напавшего на москвича мигранта дома мог находиться воровской общак



Концерт

Концерт в Клинской детской школе искусств им. П. Чайковского



Москва

«Китайцы» захватили российский рынок мотоциклов. Топ-5 самых популярных моделей в 2024 году



ATP

Сафиуллин не смог выйти во второй круг турнира ATP в Барселоне



Москва

«А потом мир погас». Жертва молнии рассказал о боли, которую едва пережил



Татьяна Рязапова

Социальная работа на предприятии: современные тенденции и интересные кейсы



Симферополь

В Красногвардейском районе Республики Крым проведен рейд по бывшим мигрантам



Москва

Подключение водонагревателя в Московской области



Москва

Собянин назначил нового главу Стройкомплекса Москвы



Москва

Как поучаствовать в продаже иностранных ценных бумаг по указу №844



103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

Установка стиральной машины в Московской области

Свыше 200 новых партнеров-работодателей появилось у столичных колледжей за год

Шапки женские на Wildberries — скидки от 398 руб. (на новые оттенки)

Три ящика денег. У задержанного по «убийству на парковке» нашли 44 миллиона


Москва

Собянин назначил нового главу Стройкомплекса Москвы






Rss.plus

Социальная работа на предприятии: современные тенденции и интересные кейсы

Шапки женские на Wildberries — скидки от 398 руб. (на новые оттенки)

Как поучаствовать в продаже иностранных ценных бумаг по указу №844

Шапки женские вязаные на Wildberries, 2024 — новый цвет от 392 руб. (модель 466)

Moscow.media
Москва

Собянин рассказал о зеленых облигациях



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Тимати

Занимает два места на парковке: Тимати купил дорогущий бронированный автомобиль




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Сотрудники Росгвардии приняли участие в чемпионате Центрального округа по боксу.

Сотрудники Росгвардии приняли участие в чемпионате Центрального округа по боксу.

Эксперт рассказала, как правильно выбрать одежду для спортзала


ATP

Хачанов объяснил, почему снялся с турнира ATP 500 в Барселоне



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Українські новини

Квадратні горщики для квітів та розсади: практичний та зручний вибір



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России