Gazaklar parlament saýlawlarynda ses berýär
Gazagystan boýunça millionlarça saýlawçy 19-njy martda parlament saýlawlarynda ses berýär, ýurt geçen ýyl 238 adamyň ölümine getiren ganly tolgunyşyklardan soň girişilen syýasy aýlawy tamamlamaga synanyşýar.
Nebite baý ýurtda parlamentiň 98 orunlyk aşaky palatasynyň saýlawlarynda we şol bir wagtda geçirilýän ýerli saýlawlarda 12 million töweregi saýlawçynyň ses bermäge hukugy bar.
Bu saýlawlar iýun aýynda köpden bäri ýurdy dolandyran öňki lider Nursoltan Nazarbaýewiň aýratyn artykmaçlyklaryny soňlandyran sala salşygyň hem-de noýabr aýynda möhletinden öň geçirilip, iş başyndaky prezident Kasym-Žomart Tokaýewe täze ýedi ýyl möhlet beren prezidentlik saýlawlarynyň yz ýany geçirilýär.
2022-nji ýylyň ýanwarynda bolup geçen tolgunyşyklardan soň Tokaýewiň başlangyçy bilen durmuşa geçirilen saýlaw reformalarynyň çäklerinde, bu saýlawlarda, 2004-nji ýyldan bäri ilkinji gezek, parlamentiň aşaky palatasynda, Mejlisde, syýasy partiýalar bilen gatnaşygy bolmadyk dalaşgärler hem deputatlyga dalaş edip bilýär.
Ýöne ýeke mandatly dalaşgärler üçin parlamentde bary-ýogy 29 orun elýeterli bolup, beýleki orunlaryň ählisi partiýalaryň sanawyndaky dalaşgärlere bölünip berildi.