Hukuk topary tussagdaky belarus žurnalistiniň ýaralanandygyny aýdýar
Hukuk topary “Wýasna”, çeşmeleriň beren habaryna salgylanyp, Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň tussaglykda saklanylýan žurnalisti Ihar Losigiň "ellerinde we boýnunda kesik" ýaralary bilen tapylandygyny we mejalsyzdygyny aýtdy.
Topar Losigiň, aýdylmagyna görä, "öz janyna kast etmek synanyşygyndan" soň "halas edilen" adam hökmünde häsiýetlendirilendigini, ýöne onuň nädip ýaralanandygynyň ýa-da näderejede ýaralanandygynyň belli däldigini habar berdi.
Losik 2021-nji ýylyň dekabrynda, aýdyň bolmadyk aýyplamalar esasynda 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Ol özüne garşy gozgalýan işiň syýasy sebäpliligini öňe sürdi. Ýanwar aýynda onuň aýaly Darýa Losik, ekstremistik işjeňlige goldaw bermekde aýyplanyp, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.