Atyşygyň bes edilmegi müňlerçe liwanlynyň öýlerine dolanmagyna ýol açdy
Eger-de bozulman saklansa, atyşygyň bes edilmegi baradaky ylalaşyk Ysraýyl bilen Hezbullahyň arasynda 14 aýa golaý dowam eden söweşiň soňlanmagyna getirer.
Bu söweş sentýabr aýynyň ortalarynda has ulalyp, Hezbullanyň howandary Eýrany we Ysraýylyň iň ýakyn ýarany ABŞ-ny has giň gerimli gapma-garşylyga salmak wehimini döretdi.
Hezbulla günorta Liwanyň köp bölegine gözegçilik edýän söweşiji topar we syýasy partiýa bolup, ABŞ tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlense, Ýewropa Bileleşigi onuň ýaragly ganatyny gara sanawa saldy. Ýöne Hezbollanyň syýasy partiýasy gara sanawa salynmady.
Bu ýaraşyk söweş wagtynda ýaşaýan ýerlerinden göçürilen 1,2 million liwanly we serhet ýakasyndaky öýlerinden gaçan on müňlerçe ysraýylly üçin ýeňillik döredip biler.