Paşiniýan Ermenistanyň adalat ulgamyny düýpgöter üýtgetmäge çagyrýar
Paşiniýan bu barada Ermenistanyň harby, adalat we syýasy liderleri bilen 20-nji maýda geçiren duşuşygynda çykyş etdi.
Ol geçen ýyl ýurduň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetlerinde özgerişleriň geçirilendigini, emma adalat ulgamynyň heniz hem ozalky “parahor hökümetiň” täsiri astynda galýandygyny nygtady.
Ol göz öňünde tutýan üýtgeşmelerini geçen ýyl häkimiýet başyna geçmäge mümkinçilik beren parahat rewolýusiýanyň “ikinji tapgyry” diýip atlandyrdy.