Добавить новость
World News

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Çozuş howpunyň ulalmagy netijesinde, Baýden Putin bilen duşuşyga ýaýdançly razylyk berýär

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden, kreml lideriniň Ukraina hüjüm etmeginiň öňüni almak tagallalarynyň çäginde, ýakyn günlerde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen geçiriljek sammite ýaýdançly razylyk berdi.


Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psakiniň 20-nji fewralda eden beýanatynda aýdylmagyna görä, döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 24-nji fewralda geçirjek gepleşiginden soň, “eger-de hiç bir çozuş edilmese’, Baýden Putin bilen duşuşyp, howpsuzlyk meselesi barada ýene bir gezek gepleşik geçirer.


Ikitaraplaýyn duşuşyk ideýasyny Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron teklip etdi, ol biraz öň iki lider bilen hem aýratynlykda telefonda gürleşdi.


Sammitiň anyk senesi ýa-da ýeri belli edilmedi. Baýden we Putin iýun aýynda Ženewada öz ýurtlarynyň baştutany hökmünde ilkinji gezek duşuşdy. Bu sammite ýazda Ukrainanyň golaýynda toplanan has az möçberdäki rus goşunlary sebäp boldy.


Kremliň metbugat wekili Dmitri Peskow žurnalistlere entek sammitiň aýratyn alnan bir meýilnamasynyň ýokdugyny, iki lideriň islendik pursatda, eger isleseler, telefonda ýa-da ýüzbe-ýüz gürleşip biljekdigini aýtdy.


Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba 21-nji fewralda Makronyň inisiatiwasyny gutlady we munuň öz ýurduna howp salýan rus güýçleriniň yza çekilmegine getirjegine umyt baglady.


"Biz bu başlangyjy goldaýarys. Biz diplomatik çözgüde gönükdirilen islendik tagallanyň synag edilmegine ynanýarys” diýip, Kuleba Brýusselde ÝB kärdeşleri bilen duşuşmazdan ozal aýtdy.


Baýden garaşylýan sammitden öň, 24-nji fewralda, Ýedilik toparyndaky (G7) kärdeşleri bilen wirtual duşuşyga gatnaşar we rus goşunlarynyň serhet ýakasynda toplanmagy netijesinde dörän krizisi ara alyp maslahatlaşar. G7 ýa-da Ýediler toparyna ABŞ, Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Kanada, Italiýa we Ýaponiýa girýär.


Kreml 21-nji fewralda Putin bilen Makronyň iki hepde ahyrynda geçiren telefon gepleşiklerinde Ukraina üstündäki dialogy dowam etdirmek ylalaşygyna gelendigini aýtdy diýip, "Interfaks" habar gullugy habar berdi.


Baýden 18-nji fewralda Putiniň Ukraina goşun sürmek kararyna gelendigine we munuň ýakyn günlerde bolup biljekdigine özüniň ynanýandygyny aýtdy. Baýden, eger Putin bu hüjümi amala aşyrsa, ABŞ we ýewropaly ýaranlar Russiýa garşy berk sanksiýalary girizer diýdi.


Häzirki wagtda Russiýa Ukrainanyň alkymynda 150,000-den gowrak söweşe taýýar edilen goşun jemledi.


Moskwa goşunlaryny Belarusda harby türgenleşik gutaran badyna öz hemişelik bazalaryna dolamak barada beren wadasyny bozup, 20-nji fewralda gutarmaly türgenleşikleriň möhletini uzaltmak bilen, Ukrainany we Günbatary has-da gaharlandyrdy.


Belarus goşunlaryň öz hemişelik düşelgelerine “haçanda obýektiw zerurlyk ýüze çykan halatynda dolanjakdygyny" we munuň NATO güýçleriniň Belarusyň we Russiýanyň serhetleriniň golaýyndan yza çekilmegine bagly boljakdygyny aýtdy.


Kreml Ukrainanyň günlerde bir gün NATO-a goşulmagynyň öňüni almak we ýurdy umykly öz täsir meýdanyna dolap getirmek isleýär.


Russiýa Ukraina goşun sürmek niýetini birnäçe gezek inkär etdi we goşunlaryň käbir bölümlerini yza çekip başlandygyny öňe sürdi. Emma Birleşen Ştatlar we NATO bölekleýin yza çekiliş alamatlarynyň ýokdugyny aýtdylar.


Psaki 20-nji fewralda eden beýanynda "Russiýa ýakyn wagtda Ukraina töwerekleýin hüjüm etmäge taýýarlyk görýäne meňzeýär” diýdi.


Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok bolsa, 21-nji fewralda Rusiýany gündogar Ukrainanyň asuda ilaty bilen "jogapkärçiliksiz" oýun oýnamakda we adamlaryň janyna howp salmakda aýyplandy.


"Men Russiýanyň hökümetine, Russiýanyň prezidentine gyssagly çagyryş edýärin: Adam ömri bilen oýnamaň" diýip, ol Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň sammitine gatnaşmak üçin Brýussele gelende žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.


Ol häzirki krizisi Moskwanyň başlandygyny we bu meseläni çözmegiň Moskwanyň öz kömegine baglydygyny aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России