Добавить новость
World News

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Türkmenistandan goňşy Özbegistana gatnap, gazanç edýänler köpelýär

Türkmenistanyň ilatynyň arasynda Özbegistana gatnamagyň meşhurlygy artýar. Köpçülik öň Özbegistany beýleki ýurtlara syýahat etmek üçin tranzit nokady hökmünde saýlan bolsa indi türkmen raýatlary dürli harytlary alyp barmak we olary satyp, pul gazanmak üçin Özbegistana gidýär.


Lebap welaýatyndaky serhet barlag nokatlarynda şu günler gyzgalaňly ýagdaý saklanýar. Türkmen raýatlarynyň ençemesi goňşy Özbegistana syýahat edýär ýa-da yzyna gaýdyp gelýär. Çeşmelere görä, bular esasan dürli harytlary eltip satmak arkaly pul gazanan “gatnaw söwdagärleri”.


"Indi Farap we Alat gümrükhanalarynda her gün Türkmenistanyň 100 töweregi raýaty Özbegistana girýär. Bular irden harytlar bilen serhetden geçip, agşam gaýdyp gelýänler. Olare sasan günde Buhara gatnap, gazanç edýän Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary" - diýip, serhetdäki çeşme 21-nji sentýabrda habar berdi.




Çeşmäniň sözlerine görä, gatnaw söwdagärleri adatça harytlaryny serhet zolagynda satyp gaýdýarlar we myhmanhana pul harçlamazlyk üçin dessine yzyna dolanýarlar. Bu telekeçileriň daşaýan harytlarynyň arasynda soda, sabyn, ýuwujy serişdeler we çygly süpürgiçler ýaly öý harytlary we hojalykda ulanylýan himiki serişdeleri bar. Özbegistandan Türkmenistana getirilýän iň köp harytlaryň arasynda kakadylan miweler, hoz we çilim bar.


Gümrük düzgünlerine görä, adam başyna 10 gutudan ybarat bir blok çilimi serhetden geçirmäge rugsat berilýär. Daşary ýurtda öndürilen bu çilimlere, Türkmenistanda uly isleg bar, sebäbi içerki bazarda esasan ýurduň öz önümi bolan pes hilli temmäki önümleri satylýar.


Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, goňşy ýurtdan import edilýän harytlaryň akymynyň ýokarlanmagy ýerli bazarlardaky bahalara täsir edipdir. Hususan-da, kakadylan miweleriň bahasy birneme arzanlapdyr.


"Indi käbir söwdagärler kakadylan miweleri göni edaralara we kärhanalara eltip, satýarlar" - diýip, ýerli habarçymyz gürrüň berdi.


Bu aralykda serhetden geçmekde uly kynçylyklarlar döreýär. Gümrük töleglerinden başga-da, düýpli barlaglar serhetden geçmek işini kynlaşdyrýar. Habarçylaryň belleýşi ýaly, awtoulagly serhetden geçmek has kyn düşýär, şonuň üçin söwdagär serhetlere taksi bilen baryp, barlagdan pyýada geçmegi makul bilýärler.


Goňşy Özbegistana syýahatyň meşhurlygy soňky birnäçe aýyň içinde artdy. Dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda goňşy ýurtlara syýahat etmek türkmenistanlylaryň ençemesi üçin girdeji çeşmesine öwrüldi.


Iýul aýynda Azatlygyň habarçylary serhetýaka Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň Özbegistanyň Horezm welaýatyna hem syýahat edýändiklerini habar beripdiler. Söwdagärler Türkmenistandan goňşy Özbegistana esasan türkmen dokma harytlaryny, gaplanan et önümlerini, plasstmassadan gap-gaçlary ýa-da elektrik enjamlaryny alyp gidýärler.


Söwda etmek maksady bilen Özbegistana baryp gaýdan aşgabatly telekeçiniň gürrüň berişi ýaly, Türkmenistanyň her bir raýaty bu harytlaryň bir görnüşini serhetden geçirip bilýär. Bir adamyň öz ýany bilen alyp barýan harytlaryň agramy bolsa 100 kilogramdan artyk bolmaly däl.




Şeýle-de, türkmen söwdagärleri Daşoguz we Lebap welaýatlary bilen serhetleşýän Özbegistandan alyp gaýdýan beýleki hatyrlaryň arasynda temmäki önümlerini we alkogolly içgileri hem getirýärler.


Söwda bilen birlikde, goňşy ýurda baryp gaýtmak türkmen raýatlaryna daşary ýurt walýutasyndaky bank kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanda konwertasiýanyň çylşyrymly düzgünleri we yzygiderli döreýän nagt pul ýetmezçiligi ýurduň raýatlaryny çäklendirmelerden aýlanyp geçmegiň ýollaryny gözlemäge mejbur edýär.


Özbegistana barýan raýatlar esasan bir hepdelik wizalary ulanýarlar. Muny almak üçin syýahatçylyk gulluklaryna ýa-da Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna ýüz tutýarlar. Türkmenistanyň serhetýaka sebitleriniň goňşy Özbegistana haryt daşaýan ýaşaýjylary bolsa, goňşy ýurda gitmek üçin üç aý möhletli köp gezeklik wizasyny hem ulanýarlar.


Türkmen häkimiýetleri resmi çykyşlarynda Özbegistan bilen söwdanyň ösüşi barada aýtsalar-da, goňşy ýurda gatnaýan türkmen raýatlarynyň statistikasyny çap etmeýärler.


Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky döwlet statistika agentliginiň awgustda çap eden sanlaryna görä, şu ýylyň ýedi aýynda 40 müňe golaý türkmenistanly Özbegistana syýahat edipdir.




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России