Добавить новость
World News

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Balkanabat, Türkmenbaşy şäherlerinde elektrik energiýasynyň üpjünçiligi ýygy-ýygydan bökdelýär

Şu günler Balkan welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherleriniň ýaşaýjylary elektrik energiýasy bilen üpjünçiligiň ýygy-ýygydan bökdelmegine şaýat bolýarlar. Şeýle bökdençlikler hatda prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu sebite amala aşyran iş saparynyň dowamynda hem gaýtalandy.

Ýerli ýaşaýjylar, hususan-da, ýokary derejeli saparlaryň dowamynda bu hili kemçilikleriň hasaba alynmagynyň problemanyň soňky ýyllarda has-da ýitileşmeginden habar berýändigini aýdýarlar.

“Geçen hepdäniň ikinji ýarymynda Balkanabatda alty gezek, Türkmenbaşy şäherinde dört gezek tok kesildi” diýip, welaýatyň energetika infrastrukturalarynyň ýagdaýyndan habarly çeşmeler aýdýar.

Töleg meselesiTürkmenistanda esasan sowet ýyllarynda gurlup ulanylmaga berlen infrastruktura desgalary köplenç adatdan daşary howa hadysalaryna, aşa sowuga ýa-da yssy howa şertlerine döz gelip bilmeýär. Ýöne ýerli ýaşaýjylar bu ugurda soňky wagtlarda ýygy-ýygydan gaýtalanyp başlan bökdençlikleri elektrik üpjünçilik kärhanalarynyň işi we ilatyň töleg meseleleri bilen baglanyşdyrýarlar. Bu ýagdaý üpjünçilik kärhanasynyň bir işgäriniň sözleri bilen hem tassyk bolýar.

“Elektrik energiýasynyň aýlyk töleglerini geçirip bilmeýän hojalyklaryň sany soňky aýlarda aşa köpeldi” diýip, bir ýerli elektrik kärhanasynyň hasapçysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim söhbetdeşlikde aýdýar.

“Munuň bilen baglylykda, Balkanabatda 600 çemesi hojalygyň elektrik üpjünçiligini haýal etmän kesmek barada karar kabul edildi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Üpjünçilik kärhanasynyň işgärine görä, bu sanawdaky her bir hojalygyň bergisi 3 müň manatdan aşypdyr.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Balkan welaýat elektrik üpjünçilik kärhanasyndan resmi teswir alyp bilmeýär.

Ýöne şeýle meseleler Türkmenistanda ähli sebitlere mahsus problema bolup, Azatlyk Radiosy bu ýurtda ilatyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginde gaýtalanýan problemalar barada ýyllarboýy habar berip gelýär.

Bu gezek şeýle problemalaryň prezidentiň günbatar welaýata amala aşyrýan iş saparlaryna gabat gelmegi ýerli ýaşaýjylary oýlandyrýar.

Ýatlasak, Serdar Berdimuhamedow 1-2-nji maýda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Awaza milli syýahatçylyk zolagyna baryp gördi we Balkanabat halkara howa menziliniň açylyşyna gatnaşdy.

Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi prezidentiň sebit rezidensiýasynda elektrik kesilmeleriniň hasaba alynmandygyny, bu kabulhanalaryň ýörite generatorlar bilen üpjün edilendigini aýdýar.

TygşytlylykBulardan başga-da, elektrik üpjünçilik kärhanasynyň ýerli işgäri ilat arasynda energiýa serişdelerinden tygşytly peýdalanmak düşünjesiniň giňden ornamandygyny, bu ýagdaýyň hem üpjünçilik meselelerine täsir edýändigini aýdýar.

“Hojalyklar elektrik energiýasyndan tygşytly peýdalanmagy bilmeýärler. Gyş paslynda tok bilen işleýän peçler yzygiderli ulanylýar” diýip, elektrik kärhanasynyň işgäri aýdýar. Tomus paslynda bolsa, mümkinçiligi bolan adamlar köplenç elektrik energiýasy bilen işleýän kondisionerlerden peýdalanýarlar.

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, beýleki käbir hojalyk hyzmatlary bilen bir hatarda elektrik energiýasynyň üpjünçiligi tölegli edildi. Ondan ozal, bu ýurtda tok, gaz we suw ilata tölegsiz berilýärdi.

Şaý ýetmezçiligiElektrik energiýasy bilen üpjünçilik kärhanasynyň beýleki bir işgäri soňky wagtlarda yzygiderli gaýtalanyp başlan bökdençlikleri ilatyň tygşytsyzlygy bilen däl-de, infrastruktura desgalarynyň könelip, sandan çykmagy bilen baglanyşdyrýar. Transformatorlaryň ätiýaç şaýlary bilen öz wagtynda üpjün edilmezligi hem, problemanyň esasy sebäpleriniň hatarynda agzalýar.

“Elektrik energiýasyny geçiriji desgalara ätiýaç şaýlary ýetmezçilik edýär. Transformatorlar raýatlardan toplanan pullar bilen bejerilýär” diýip, üpjünçilik kärhanasynyň işgäri aýdýar.

Yzygiderli gaýtalanýan bökdençlik ýerli ilatyň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir edýär. Telekeçiler elektrik energiýasynyň yzygiderli kesilmeginiň arasynda köp sanly harytlarynyň zaýa bolýandygyny aýdýarlar.

“Buz gaýmaklar tiz wagtda ereýär” diýip, ýerli telekeçi elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň yzygiderli kesilmeginden şikaýat edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России