Добавить новость
World News

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Türkmen pileçileri el kömegine mätäç bolup, 'okuwçylara ýüz tutdy'

Türkmen kanunçylygy esasynda gadagan edilen çaga zähmeti ýurduň oba hojalyk işlerinde täzeden, ýene-de adaty bir zada öwrüljege meňzeýär diýip, käbir pedagoglar we ene-atalar alada bildirýär. Azatlygyň Ahal sebitindäki habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar geňeşliklerde pileçilik işlerine diňe uly adamlaryň däl, çagalaryň hem köpçülikleýin çekilip başlanandygyny gürrüň berdiler.
Birnäçe çeşmäniň aýry-aýrylykda tassyklamagyna görä, Oguzhan etrabynyň Ýyldyzhan geňeşliginde ýerleşýän 8-nji orta mekdebiň okuwçylary häzir pile, gurçuk sarymyna gatnaşdyrylýar.
“Ýyldyzhan geňeşliginiň arçynlygy geňeşligiň ähli ýaşaýjysynyň, şol sanda orta mekdep okuwçylarynyň hem gurçuk tutýan adamlara kömege gelmegini, sarym edişmeklerini soraýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi häzir obadaşlarynyň pileçi hojalyklara kömekleşmeli bolýandygyny, bu hili ýardamyň gurçuklar saryma duranda hemişe-de edilýändigini gürrüň berdi.
Bu maglumaty 8-nji orta mekdebiň bir mugallymy hem tassyklady.
“Häzir okuw möwsümi ahyrlap gelýär. Mekdep müdirimiz kimiň hojalygynda ýa-da dogan-garyndaşlarynda, hatda goňşularynda hem gurçuk tutýan bolsa, okuwçylar olara okuwa gelmän kömekleşse-de bolýar, tä pile, sarym işi gutarýança jogap, rugsat diýdi” diýip, anonimlik şertinde gürleşen pedagog aýtdy.
"Gurçuk tutýanlara bir sagat kömek eden okuwçylar öýlerine gidip bilýär"Türkmenistanda oba hojalyk işleriniň gyzgalaňly döwürlerinde okuwa gelýän çagalaryň azalmagy kän geň görülmeýär.
“Häzir sapaga köp okuwçy gelmeýär. Şu gün her klasdan, öz islegleri boýunça, 1 sagat pileçilere kömekleşmek haýyş edildi. Kim gidip, gurçuk tutýanlara 1 sagat kömek etse, soň şu günlükçe mekdebe gelmän, öýlerine gidip bilýär, rugsat berýäris diýdiler. Mekdepde diňe kiçi klas okuwçylary galyp, galany ýüpek saraşmana gitdi” diýip, bu habary bir okuwçy hem tassyk etdi.
Ahal welaýatynyň beýleki geňeşliklerinde hem pileçiler goşmaça el kömeginden peýdalanmaly bolýar diýip, habarçy käbir hojalyklarda harby eşikdäki esgerleri hem görendigini aýtdy.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ofiser bu ýerde hiç bir erbetlik görmeýändigini, munuň esgerler üçin goşmaça tejribe boljakdygyny aýtdy.
Esgerler gurçuk tutmaga "höweslendirilýär"“Esgerleri gurçuk tutmaga höweslendirýäris. Ine, basym her bir esger öýüne gowşar. Şondan soň olaryň ellerinde nähilem bolsa bir hili hünäri bolar. Pile, gurçuk tutup, döwletimize peýdaly iş eder ýaly, höweslendirip, hünär öwredýäris” diýip, harby bölümiň ofiseri aýtdy.
Ahalyň welaýat häkimliginiň bir işgäri pileçileriň gurçuklary gowy saklap, wagty-wagtynda tut ýapragy bilen üpjün edip, esasy işi edendiklerini, indi olara azajyk kömek bermelidigini belledi.


“Şu ýakyn günlerde pile tutumy tamamlanar, şol sebäpden diňe esgerlerden, orta mekdep okuwçylaryndan, adaty ýaşaýjylardan däl-de, eýsem edara-kärhanalardan hem el kömegi soraldy” diýip, häkimligiň işgäri Azatlyga aýtdy.
Azatlygyň habarçylary ýurtda ýüpek gurçugyny idedip, döwlete pile tabşyrýan adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, bu işiň gazanç, girdeji mümkinçilikleriniň azalmagy, pileçilikdäki mejbury zähmet bilen bagly ýagdaýlar barada mundan öňem kän habar beripdiler. Emma, oba hojalygynyň beýleki ugurlarynda bolşy, pileçilikde hem adamlary özüne çekýän ykdysady şertler döredilmeýär diýip, synçylar aýdýarlar.
Pedagoglar we ene-atalar mundan öň, pagtaçylykda hem, ýaşlary okuwdan, bilimden goýýan çaga zähmetiniň gaýtadan köpçülikleýin ulanylyp başlanmak ähtimallygyndan alada bildiripdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России