Добавить новость
World News

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Aşgabat-Moskwa uçar gatnawynyň dikeldilmegi 'bilet parahorlugyny güýçlendirýär'

Türkmenistanda, sebitlerden möhümini bitirmek üçin hökmany ýagdaýda paýtagta gitmeli bolýan adamlaryň barha köpelmegi bilen, öňden gelýän ulag ýetmezçiligi, bilet gytçylygy meseleleri has çuňlaşýana meňzeýär. Bu ýagdaý, bir tarapdan, ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, ýokarlanýandygy aýdylýan migrasiýa meýilleri bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan, türkmen awiakompaniýasynyň Russiýa bilen aradaky ýolagçy gatnawyny dikeltmegi hem-de iş, okuw, göçüp gitmek meselelerini çözmek isleýän adamlaryň bu pursatdan çaltrak peýdalanmaga çalyşmagy bilen düşündirilýär.
Azatlygyň habarçysy soňky günlerde ýurduň dürli sebitlerinden Aşgabada gelýän adamlaryň dowamly köpelýändigini, olaryň wiza, migrasiýa, göçüp gitmek we okuw meseleleri bilen, öz zerurlyklaryny paýtagta bitirmek üçin ýola çykýandyklaryny habar berdi.
Azatlyk ýurtdaky ulag meselesi, otly, uçar, awtobus we taksi hyzmatlary bilen bagly ýagdaýlar, ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kösençlikleri barada mundan öňem habar beripdi.
"100-120 manat para berseň, bilet derrew tapdyrýar"“15 gün öňünden satylmaly otly biletleri soňky günlerde ne onlaýn satuwynda, ne-de bilet kassalarynda bar. Netijede, ýiti bilet ýetmezçiliginiň fonunda, adamlar ýolbeletler bilen "şertleşip", pul berip, wagonlaryň koridorlarynda we tamburlarynda ýatyp, ýa-da barjak ýerlerine çenli dik durup, uzak ýol geçmeli bolýarlar” diýip, bu ýagdaýy başdan geçiren ýaşaýjy habarçymyz bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Azatlygyň habarçysynyň aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe söhbetdeşiniň tassyklamagyna görä, demirýol menzillerindäki "araçylaryndan tas islendik senä bilet satyn alyp bolýar”.


"Türkmenabatdan Aşgabada plaskart wagonda gitjek bolsaň, biletiň resmi bahasy 48 manat. Emma bu bahadan bilet ýok. Eger-de araçylara biletiň resmi bahasynyň üstüne 100-120 manat para berseň, bilet derrew tapdyrýar" diýip, lebaply zähmet migranty Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Türkmen metbugaty 2-nji maýda prezident Serdar Berdimuhamedowyň Balkanabatda gurlan täze Halkara howa menzilini açandygyny habar berdi. Emma adamlar täze açylan aeroportuň ilatyň ulag kösençliklerini azaltjagyna ynamsyz garaýarlar diýip, habarçy aýtdy.
"Ozalky aeroport şäheriň çäginde ýerleşip, oňa şäher içi awtobusynda ýa-da marşrut taksisinde baryp bolardy. Ol aeroportdan hatda Nyýazow döwründe-de hepdede 4 gezek Aşgabada, 1 gezek Mary şäherin, 2 gezek Daşoguz şäherine uçar gatnawlary amala aşyrylýardy. Berdimuhamedow döwründe, wagtyň geçmegi bilen, diňe Aşgabada hepdede 2 gezek reýs boldy” diýip, balkanabatly ýaşaýjy soňky onýyllykda ilata edilýän transport hyzmatynyň dowamly ýaramazlaşandygyny aýtdy.
“Ýapyk ýurtdaky” aeroportlar ‘halkara howa menzili’ atlandyrylýarBalkanabadyň başga bir ýaşaýjysynyň sözlerine görä, täze howa menziliniň şäherden uzakda gurulmagy netijesinde, eger sebit merkezi bilen aeroport aralygynda gowy awtobus gatnawy ýola goýulmasa, ýolagçylar üçin goşmaça kynçylyklar döreýär.
“Täze gurlan aeroport şäherden 25 kilometr uzaklykda, Jebel stansiýasynyň demirgazyk-günbatarynda, Mollagara şypahanasyndan 4 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Aeroportuň şäherden daşda gurulmagy ilat üçin uly kynçylyklary döredýär, üstesine, ol howa menzilinden Aşgabada hepdede näçe gezek reýs boljagy hem belli däl. Halkara reýsler barada arzuw etmese hem bolar" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy aýtdy.


Şeýle-de, ol “ýapyk ýurtda” gurulýan aeroportlaryň ählisine ‘halkara howa menzili’ adynyň ýa derejesiniň berilýändigini, emma iş ýüzünde olaryň aglaba ýagdaýda, uzagyndan diňe paýtagta uçýan reýsler bilen çäklenýändigini aýtdy.
“Halkara reýsleri gaty az, bolanlary hem paýtagt Aşgabatdan uçýar. Şol bir wagtda, bar bolan seýrek reýslere hem bilet tapmak ilat üçin uly meselä öwrülýär” diýip, balkanabatly söhbetdeşimiz aýtdy.
Azatlyk radiosy türkmen häkimiýetlerinden ulag, bilet we ýolagçy kösençlikleri barada hiç bir düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России