Добавить новость
World News

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Hindistan-Pakistan ýaraşygy umuman saklanýar; Iki tarap ýeňendigini aýdýar

Ýakynda ýüze çykan zorluklardan soň, Pakistan bilen Hindistanyň ikisiniň-de ýeňendigini yglan etmegi bilen, ýadro ýaragly iki goňşynyň Kaşmir üstündäki dawadan başlanyp biljek giň gerimli uruşdan yza çekilmegi netijesinde, ABŞ-nyň töwellaçylygynda baglaşylan ýaraşyk 11-nji maýda umuman saklandy.

Yslamabat we Nýu-Deli duşmançylyklaryň derhal bes edilmegi barada ylalaşyga geldi diýip, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Günorta Aziýanyň iki ýurdunyň resmileri 10-njy maýda, onlarça adamyň ölümine sebäp bolan harby zarbalardan soň aýtdylar.

"Birleşen Ştatlar tarapyndan uzak gijeläp geçirilen araçylyk gepleşiklerinden soň, men Hindistan bilen Pakistanyň ATYŞYGY DOLY WE HAÝAL ETMÄN KESMEK ylalaşygyna gelendigini yglan edýänime şat” diýip, Tramp “Truth Social” platformasynda aýtdy. "Iki ýurdy hem sagdyn düşünjäni we beýik akyl-paýhasy ulanandygy bilen gutlaýaryn" diýip, ol sözüni üstüni ýetirdi.

Hindistan we Pakistan wagtal-wagtal, iki ýurduň gözegçiligindäki sebitlere bölünen, emma iki ýurt tarapyndan hem doly dawa edilýän ýerler, jedelli Kaşmir sebiti üstünde döreýän dartgynly ýagdaýlar netijesinde, Günorta Aziýa sebitinde uly heläkçilige getirip biljek giň gerimli urşuň tutaşmagynyň öň ýanyna barýarlar.

Ýurt içindäki ilaty köşeşdirmek ugrundaky görnetin tagallalaryň çäginde, iki tarap hem soňky dörän zorlukda ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.

Nýu-Deli 11-nji maýda zorlugyň möwç alan döwründe gazanan üstünlikleriniň jemini jemläp, öz harbylarynyň hepde başynda Pakistanyň gözegçiligindäki Kaşmire we Pakistana eden harby hüjümlerinde 100-den gowrak söweşijini öldürendigini aýtdy.

General-leýtenant Rajiw Gaý, Hindistanyň harby operasiýalarynyň baş müdiri, öldürilenleriň arasynda görnükli söweşiji liderleriň hem bardygyny öňe sürdi.

Gaý Nýu-Delidäki metbugat ýygnagynda Pakistanyň beren jogabyny "gowşak we aljyraňňy" diýip häsiýetlendirdi öz zarbalarynyň “doly garaşylmadyk ýagdaýda” urlandygyny aýtdy.

Pakistanly general-leýtenant Ahmad Şerif bolsa, metbugat ýygnagynda çykyş edip, Nýu-Deliniň raketa zarbalaryna jogap hökmünde, Yslamabat güýçleriniň Hindisatnyň 26 sany harby berkitmesine hüjüm edendigini aýtdy.

Pakistanyň premýer-ministri Şehbaz Şerif biraz öň ýurduny Hindistany “ýeňmegi” bilen gutlady, şol bir wagtda-da ol Hindistan bilen manyly gepleşik geçirmek we oňşuksyz garşydaşlary bölýän ähli meselä çözgüt tapmak isleýändigini aýtdy.

"Bu diňe bir ýaragly güýçleriň ýeňşi däl, eýsem tutuş halkyň ýeňşi" diýip, Şerif aýtdy.

Atyşygyň bes edilmegi baradaky gepleşige garamazdan, Hindistan bilen Pakistan soňky sagatlarda, 11-nji maý güni giçlik gowşan seýrek habarlar arasynda, biri-birini düzgüni bozmakda aýyplady.

Halkara liderleri atyşygyň bes edilmegini gutladylar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio Hindistan bilen Pakistanyň hökümetleriniň "bitarap ýerde köp mesele boýunça gepleşik geçirmäge başlamak" ylalaşygyna gelendigini aýtdy.

Rubio 10-njy maýda X plaformasynda özüniň we wise-prezident JD Wansyň soňky 48 sagadyň dowamynda Hindistanyň we Pakistanyň ýokary derejeli resmileri bilen aragatnaşykda bolandygyny aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş ýaraşyk ylalaşygyny "oňyn ädim" diýip atlandyrdy. Metbugat wekili Stefan Dujarrrigiň sözlerine görä, Baş sekretar "şertnamanyň dowamly parahatçylyga goşant goşmagyna, iki ýurduň arasynda öňden bäri dowam edýän meseleleriň çözülmegine has giň, amatly şert döretmegine umyt baglaýar".

Tramp özüniň Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky Kaşmir dawasyny çözmäge we iki ýurduň hem ykdysadyýetini ösdürmäge kömek etmek üçin işlemäge taýýardygyny aýtdy.

Ýaraşyk 22-nji aprelde Hindistan tarapyndan dolandyrylýan Kaşmirde bolup, 26 sany parahat adamyň ölümine sebäp bolan ganly hüjümden soň başlanan zorluklardan birnäçe hepde soň baglaşyldy. Hindistan bu hüjümde Pakistanda ýaşaýan söweşijileri günäkärledi, Yslamabat bu aýyplamany ret edýär. Bu waka raketa we pilotsyz uçar hüjümlerine, serhetaşa top atyşygyna we kiber hüjümlerine alyp geldi.

Hindistan we Pakistan, 1947-nji ýylda Angliýadan garaşsyz bolan ýurtlar 1948, 1965 we 1971-nji ýyllarda giň gerimli urşa, 1999-njy ýylda bolsa çäkli çaknyşyga girdi. Kaşmir jülgesi olaryň oňuşmazlygyndaky esasy mesele bolmagynda galýar.

Kaşmir ýadro ýaragly üç goňşynyň arasynda bölünýär, Hindistan onuň 45 göterimine, Pakistan 35 göterimine, Hytaý bolsa, 1962-nji ýylda Hindistan bilen bolan gysga söweşden soň, galan 20 göterimine gözegçilik edýär.

Ýakyndaky pilotsyz uçar hüjümleri we pakistan güýçleri tarapyndan atylan toplar onlarça müň adamyň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan Kaşmirden gaçmagyna sebäp boldy.

Sebitdäki zorlugyň taryhyny göz öňünde tutup, käbirleri ikirjiňlenýän hem bolsa, ýaşaýjylaryň käbiri yzyna gaýdyp gelmäge başlady.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России