Добавить новость
World News

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Raýatlary harby gulluga çagyryş düzgünleri berkleşýär, ýaramsyzlyk kepilnamalary 'ünsden düşürilýär'

Lebapda harby häkimiýetler gulluk borjuny ýerine ýetirmäge degişli raýatlary, şol sanda özleriniň gulluga ýaramsyz bolandyklaryny aýdýan raýatlary biraýakdan sürüp, harby gulluga çagyryp başlady. Çeşmeler bu ýagdaýyň harby gullukçylaryň san taýdan az bolmagy bilen düşündirilýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi raýatlaryň “tas zor bilen diýen ýaly” harby gulluga alnyp gidilip başlanandygyny aýdýarlar.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndan bolan bir zenan maşgala harby gulluga ýaramsyz hasap edilmeli oglunyň ýaňy-ýakynda goşun gullugyna mejbury alnyp gidilşi barada şeýle gürrüň berýär:

“Ogluma geçen ýyl ‘gepatit’ diagnozy goýlupdy. Bu ýyl hem onuň saglyk ýagdaýy gowulanmady. Emma harby häkimiýetler ýerli polisiýa işgäri bilen bilelikde öýümize gelip, oglumy zor bilen harby gulluga alyp gitdiler. Edil jenaýatçy tutan ýaly edip, onuň elini gaňyrdylar we polisiýa ulagyna mündürip, göni harby komissarlyga alyp gitdiler. Şol ýerdenem göni Guşgudaky harby berkitmelere iberdiler” diýip, bir zenan maşgala Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

'Saglyk barlaglaryna maý bermediler'Soňky bir hepdäniň dowamynda sebit merkezinde we Hojambaz etrabynda şuňa meňzeş häsiýetde bolup geçen aýrybaşga hadysalar hem dowam edýän çagyryş möwsüminiň aýratynlyklaryna ünsi çekýär.

Türkmenabatly bir saglyk işgäri şäheriň Ikinji etrapçasynda heniz saglyk barlagyndan geçirilmedik ýedi sany ýaş raýatyň öýlerinden "tas zor bilen diýen ýaly" alnyp gidilendiklerini gürrüň berýär.

“Geçen hepdäniň dowamynda harbylar polisiýa işgärleri bilen bilelikde ýedi sany ýaş raýaty, öýlerinden tutup alyp gitdiler we olaryň hatda saglyk barlagyndan geçirilmeklerine-de maý bermän, otla mündirip harby gulluga ugratdylar” diýip, saglyk işgäri aýdýar.

Türkmenistanda harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin hökmany bolup, diňe belli-belli şertlerde raýatyň gullukdan boşadylmagyna rugsat berilýär. Saglyk we maşgala ýagdaýy şeýle şertleriň iň esasylary bolup durýar.

Ýöne geçen ýyl harby häkimiýetler tarapyndan kabul edilen we Azatlyk Radiosyna mälim bolan gizlin buýruklaryň birinde raýatyň saglyk ýagdaýy bilen baglylykda harby gullukdan boşadylmagyna getirýän şertlere gaýtadan garaldy. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri şonda öňler raýatyň harby gulluga ýaramsyz hasap edilmegine getirýän käbir keselleriň lukmançylyk barlagynyň täze sanawyndan aýrylandygyny habar berdiler.

Dowam edýän çagyryş möwsüminde hem şeýle talaplar gaýtalanýan ýaly bolup görünýär.

Ene-atalar 'nobatçylyk çekýär'Hojambaz etrabynyň bir ýaşaýjysy gulluga ýaramsyz oglunyň, saglyk kepilnamasyna garamazdan, golaýda harbylar tarapyndan alnyp gidilip, häzirki wagtda onuň harby hassahana ýerleşdirilendigini aýdýar.

“Men oglumyň ýagdaýy boýunça harby prokuratura arza berjekdigimi aýdanymdan soňra, ony harby hassahana ýerleşdirdiler” diýip, hojambazly ata aýdýar.

Ol harby hassahanada özi ýaly başga-da birnäçe ene-atanyň nobatçylyk çekýändigini, ýogsa, saglyk şikaýatlaryna garamazdan, öz ogullarynyň gaýtadan harby bölümlere alnyp gidilmeginden howatyr edýändiklerini aýdýar.

“Biz gije-gündiz palatalaryň öňünde oturyp, nobatçylyk çekýäris, bir minut aýrylsak, gaýtadan harby gulluga alyp giderler öýdüp gorkýarys” diýip, Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Şeýle habarlaryň fonunda, Lebap welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan harby bir çeşme häzirki wagtda ýurt boýunça esgerleriň sanynyň az bolandygyny, şonuň üçin gulluk ýaşyna ýeten erkek raýatlaryň mümkin boldugyndan ählisiniň harby gulluga alnyp gidilmäge çalyşylýandygyny gürrüň berdi.

“Ýurt boýunça bary-ýogy 30 müň çemesi esger bar. Bize berlen görkezmede ýaşy ýeten ähli erkekleriň gulluga çagyrylmagy talap edilýär. Hatda soňky ýyllarda gepatit keseli bolan ýa-da dem alyş ýollarynyň ýiti keseline uçran raýatlar hem harby gulluga çagyrylýar” diýip, harby çeşme aýdýar.

Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň hatarynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän raýatlaryň sany barada açyk çeşmelerde maglumat berilmeýär. Şeýle-de, bitarap Türkmenistanyň harby doktrinasy goranyş häsiýetli bolup, bu ýurt harby soýuzlara goşulmaýar.

Azatlyk Radiosy hususan-da soňky birnäçe ýyl bäri ýurtda raýatlary harby gulluga çagyryş düzgünleriniň berkleşdirilýändigini, hatda gulluk ýaşyna ýeten mekdep okuwçylarynyň gutardyş synaglaryny tabşyrmaklaryna-da rugsat berilmezden, harby gulluga alnyp gidilýändiklerini habar berip gelýär.

Ýöne şol bir wagtda, "Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" Türkmenistanyň kanunyna 2022-nji ýylyň noýabrynda girizilen goşmaçalar ýokary okuw jaýlaryna dalaş etmekçi bolýan raýatlaryň goşun gullugyna çagyrylmagynyň möhletini yza süýşürmeklerine rugsat berýär.

Aeroportda harby kepilnama soraldyMuňa garamazdan, raýatlaryň biraýakdan sürülmegi, olaryň saglyk ýa-da maşgala ýagdaýyna garamazdan, harby gulluga çagyrylmagy bilen bagly wakalar has köp hasaba alynýar.

Şeýle wakalaryň birinde, ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň bir ýaşaýjysy, Türkiýede ýokary bilim alýan bir ýaş ýigit, pasportynyň möhletini uzaltmak üçin Türkmenistana barandan soňra, harby gulluk bilen bagly ýüze çykan meseleler sebäpli, ýurtdan çykyp bilmeýär. Bu barada onuň kakasy Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

“Oglum pasportyny täzeläp, yzyna gitmekçi bolanda, harby komissarlykdan kepilnama getir diýip, ony aeroportdan yzyna ugratdylar. Ol kepilnama aldy, ýene gitmekçi bolup, aeroporta bardy, ýene çykarmadylar. Onuň ýurtdan çykmagyna gadaganlyk girizilen adamlaryň sanawyna goşulandygy aýdylýar” diýip, Saýat etrabynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça harby häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России