Добавить новость
World News

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

'Çekirtgeli çorba', göreş ukybynyň 'ýitmegi' açlyk howpuny aňladýarmy?

Howanyň aşa gyzmagynyň arasynda, oba hojalygynda işçi güýjüniň we serişdeleriň ýiti ýetmezçilik etmegi bilen, Türkmenistana çozan çekirtgeleriň köpelmegi we ýaýrawlaryny giňeltmegi dowam edýär, Azatlyk bilen gürleşen hünärmen geleňsizligiň “ýurduň ösümlik dünýäsine howp salýandygyny” öňe sürdi. Toýlarda atarylan gazanlaryň başyndaky adamlar indi ilatyň çekirtgeli çorba iýmeginiň hem daş däldigini aýdýarlar.
Azatlygyň habarçylary çekirtgeleriň diňe ekinleri, gögerip oturan baglary gemrip oňmaýandygyny, öýlerinde, awtoulaglarynyň içinde oturan adamlary hem ‘gaty bimaza edýändigini” habar berýärler.
Çekirtge migrasiýasynyň sebitleriň käbir ýerlerinde biraz azdygy, ýöne köp ýerde “howply derejede köpelýändigi we eýeleýän ýerlerini, öri meýdanlaryny barha giňeldýändigi” aýdylýar.
Ýurduň dürli sebitlerinden, şol sanda Balkan welaýatynyň Altyn köl etrabyndan gelip gowşan suratlar çekirtge sanynyň gaty çalt köpelýändigini tassyklaýar, aýry-aýrylykda gürleşen daýhanlar häkimiýetleriň çekirtgä garşy göreşe “el salgandyklaryny”, ýagny hiç bir iş etmýändiklerini aýdýarlar.
"Çekirtge köpelýär, bu şu ýyl hasylyň bolmajagyny aňladýar"“Çekirtge gitdigiçe köpelýär, käbir ýerlerde barmak basmaga boş ýer tapyp bolmaýar. Bu ýagdaý şu ýyl Türkmenistanda hasylyň bolmajagyny aňladýar. ...galla hasylynyň meýdanda ýygnalman galan bölegi çekirtgelere şam bolýar, ýetişip gelýän gowaçalary hem çekirtge iýýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, hökümetiň biagyry syýasaty netijesinde, “Türkmenistanyň ilatyna azyk ýetmezçiligi howpy abanýar. ...teleýaýlymlarda boş gürrüň edip, ‘bol hasyl alyndy’ diýip, halky aldanyň bilen, näçe kän halwa diýeniň bilen, halkyň agzy süýjänok”.
Çekirtgeleriň barha köpelýän wagty Türkmenistandan Saud Arabystanyna giden adamlaryň haj zyýaratlaryny berjaý edip, yzyna dolanyp gelýän günlerine gabat geldi.
Täze hajylaryň maşgalalary, adat boýunça, hudaýýoly edip, ‘zyýaratyň kabul bolsun’ diýip geljek adamlar üçin nahar atarýarlar.
“...hojalyklaryň howlusynda, daşardaky gazanlarda bişirilýän nahara duz-beýleki atmak, ýa kepgir bilen garmak üçin, gazanyň gapagyny galdyrmak aşpezler üçin uly alada boldy” diýip, gyzylarbatly aşpez habarçymyza çekirtge gürrüňleriniň soňunyň hökümetden nägilelige geçýändigini aýtdy.
Adamlar “çekirtgäniň özüne ynsap bersin” diýýärler“Gazanyň daşynda uçup ýören, ondan oňa bökýän çekirtge gaty kän. Olar gapagy çala galdyran badyňa gazana düşüp, töwerekden seredip duran adamlaryň işdäsini kesýär. ‘Hytaýda çekirtgeden taýýarlanan nahar barmyş diýýärdiler welin, bizde-de indi çekirtgeli çorba iýmeli boljak’ diýip, gülýänem bar”.


“Bu bolýan ýagdaýa hökümet düýbünden çäre görenok, görjegem bolanok”, çekirtge “ekin meýdanlaryndaky ekini, geljekki hasyly ýok etdi, hökümetden hereket ýok”, “adamlar çekirtgeli çorba iýmeli bolýar, ýöne çekirtgä garşy hiç hili göreş alnyp barylmaýar”, “çekirtgäniň özüne ynsap bersin” diýip, hudaýýola gelen adamlar özara gürrüň edýärler.
Goňşy ýurtlaryň metbugaty çekirtge migrasiýasynyň ekinlere, azyk üpjünçiligine salýan howpy baradaky habarlary, häkimiýetleriň görýän çärelerini günübirin habar berýärler, emma türkmen metbugaty diňe ‘gazanylan’ diýilýän üstünliklere ‘wepaly’ bolmagyny dowam etdirýär.
Ilat arasyndaky çekirtge aladasynyň barha güýçlenýän wagty türkmen metbugaty ýurduň gallaçy daýhanlarynyň 1 million tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnandygyny habar berdi.
Synçylar hökümetiň ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada dymyp, propagandany, dabaraly çäreleri güýçlendirmegini “netijesiz dolandyryşdan gelip çykýan çäresizlik” hasaplaýarlar.
Edil häzirki ýagdaý barada aýdylanda bolsa, sebitlere çekirtge howpuna garşy göreşmek üçin zerur serişdeler berilmeýär, zähmet migrasiýasy sebäpli, oba hojalygynda zerur bolan adam güýjüniň ýiti ýetmezçiligi goşmaça kynçylyklary döredýär.
"Hökümet emeldarlary ilaty göreşe jemlemek ukybyny ýitirdi"“Türkmen hökümeti bu syýasatyny mundan beýläk hem dowam etdirse, halky açlyk belasyna duçar etmegi örän bolup biljek zat... iş orunlaryny açyp, eklenç mümkinçiliklerini köpeltmegiň ýerine, adamlaryň eklenç üçin köpçülikleýin ýurduny terk etmegine biperwaý garady. ...çunlaşýan meseläniň görmezçilige salynmagy netijesinde, yssy howanyň aralaşmagy bilen, hökümet emeldarlary ilaty, oba adamlaryny zyýanly möjeklere garşy göreşde bir ýere jemlemäge we gönükdirmäge bolan ukybyny ýitirdi” diýip, anonimlik şertinde gürleşen oba hojalyk hünärmeni aýtdy.


Şu aralykda, 22-nji iýunda Ahalda, “Nowruz ýaýlasynda” “Türkmeniň ak öýi” binasynda 2013-nji ýyldan bäri giňden bellenilýän Medeniýet hepdeliginiň uludan tutulan açylyş dabarasy boldy. Synçylar bu hili dabaraly çärelere uly döwlet serişdeleriniň harçlanýandygyny aýdýarlar. Azatlyk ol serişdeler barada maglumat alyp bilmeýär.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan hökümet borçnamalary esasynda ekin eken daýhanlaryň tebigy hadysalar, şol sanda çekirtge belasy esasynda çeken zyýanlary üçin öwez puluny tölemeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России