Putin ekstremist materiallary gözlemek üçin jerimeleri tassyklady
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin internetde ekstremist materiallary ýörite gözlemek, şol sanda munuň üçin VPN ulanmak üçin administratiw jogapkärçiligi girizýän kanuna gol çekdi.
2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap şeýle gözleg üç-bäş müň rubl jerime bilen jezalandyrylar.
Aýry-aýry düzgünler VPN-lere degişlidir. VPN mahabatyny ýaýratmak sebäpli raýatlara 50-den 80 müň rubl, resmilere - 80-den 150 müňe çenli we edaralara 200-den 500 müňe çenli rubl möçberde jerime töletmek göz öňünde tutulýar.
Jenaýat edilende VPN ulanmak indi agyrlaşdyrýan ýagdaý hasaplanýar.
Aragatnaşyk ministri Maksut Şadaýew, gadagan edilen materiallary ýörite gözlemeýän adaty ulanyjylara kanunçylygyň degişli däldigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, her ýagdaýda gözleg mazmunynyň ekstremistdigini anyklamak we ulanyjynyň ony tapmak niýetiň bardygyny subut etmek zerur ediler.