Добавить новость
World News

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Häkimiýetler Nohur obasynda silden ejir çekenler üçin kömegi ilatdan soraýar

Ahal welaýatynda häkimiýetler ýerli ilatdan, şol sanda telekeçilerden we çopanlardan sil suwundan ejir çeken Nohur obasyna kömek bermek üçin maddy goşant sorýar.

Azatlygyň çeşmelerine görä, häkimiýetler Nohur obasyna gelen güýçli siliň ekin meýdanlaryna, maldarçylyga we jaýlara zeper ýetirendigini we olaryň kömege mätäçdigini aýdýarlar. Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ahally çeşmelere görä, maddy goşant goşmagy talap edýänler esasan güýç edaralaryň işgärleri.

"Häzir kanun goraýjy işgärleriň bar işi çopanlaryň öri meýdanlaryna aýlanyp, 'Nohurda sil geldi, gaty kyn günde galdylar, näme kömek edip bilseňiz ediň diýip, mal soramak. Goşumdaky mallar meniňki däl, bul mallar ýokary wezipeli adamlaryň maly, men olardan sorap göreýin, adyňyzy aýdyň, diýsem, olar 'ýok ýaşulylary bimaza etme" diýip, goşumdan gitdiler" diýip, ahally gürrüň berdi.

Emma başga bir çopan öz goşuna baran adamlaryň iki sany goýnuny alyp gidendigini gürrüň berdi.

11-nji awgustda ýurduň günorta sebitlerinde birnäçe ilatly ýer sil suwlaryndan ejir çekdi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Nohur we Garawul geňeşliklerinde ýagan çabgalarda käbir binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň zyýan çekendigini habar berdi.

Bu ýagdaýda telekeçilerden hem kömek bermek talap edilýär.

Ahally çeşmeleriň ýene biri 13-nji awgustda şeýle gürrüň berdi: "MHM işgärleri önümçilik edýän telekeçilerden 5 müň manat möçberde kömek bermek soraýarlar. Gurluşyk agyr tehnikasyna eýe bolan firmalardan tehnika ugradyp, oba kömek bermek talap edilýär. Eger-de tehnikaňy ugratmajak bolsaň, onda 10 müň manat pul bermeli edilýär. Telekeçiler Nohura bärden tehnikamyzy äkidip-getirmek üçin 10 müň manatdan kän pulumyz çykar diýip, 10 müň manat bermäge razylaşýarlar. Gurluşyk harytlary satýan telekeçilere spisok ýazyp berip, olardan kraska, diwar boýag, agaç, sement we beýleki gurluşyk harytlaryny bermek arkaly kömek etmek talap edilýär" diýip, ahally telekeçi gürrüň berdi.

Nohur we Garawul obalarynda hepdäniň başynda bolan bu tebigy betbagtçylyk Türkmenistanyň häkimiýet wekilleri tarapyndan we döwlet mediasynda şu çaka çenli düýpden agzalmady.

Tebigy hadysanyň bolan güni sebitden gelip gowuşan wideolarda dag eteginde ýerleşýän Nohur obasynda sil suwlarynyň joşup, köçeleriň ugry bilen aşaklygyna tarap akyşyny görmek bolýar. Ýollarda galan käbir iri ulaglar tas ýary biline çenli joşan suwuň aşagynda galdy.

Häkimiýetler bu tebigy hadysanyň hatda bolandygyny hem açyk agzamakdan saklanýarka, ilatdan kömek soramagy ýerli ýaşaýjylarda nägilelik döretdi.

"Häzir telekeçiler Nohura sil gelen wideolary internet platformalarynda gördük we ozalkylaryndan üýtgeşik zyýan görmedik, kanun goraýjylar bizi talamakçy bolýana meňzeýär. Eger-de zyýan hakykatdan hem uly bolan bolsa, näme üçin biziň prezidentimiz gynanç bildirip çykyş edenok. Mundan öň Maryda we Lebapda güýçli şemal gelip, adamlaryň jaýlaryny ýykdy hatda ölüm ýitim boldy, şonda-da beýdip kömek soralmandy" diýip, ahally ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanda adatdan daşary tebigy hadysalar soňky ýyllarda esli köpeldi. Ýurduň dürli böleklerinde ýagynly, duzly, tozanly tupanlar ýygy-ýygydan gaýtalanýar, suw joşgunlary döreýär we ýaşaýyş ýerleri sil basýar.

Türkmen hökümeti tebigy hadysalar barada aç-açan çykyş etmeýär. Döwlet media serişdeleri ilatyň durmuşyna we howpsuzlygyna gönüden-göni täsir edýän şeýle tebigy ýagdaýlar we olaryň netijeleri barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России