Добавить новость
World News

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Mejbury zähmet mugallymlaryň 'abraýyny ogurlaýar', bilimiň hilini pese gaçyrýar

Türkmenistanda magaryf işgärleriniň mejbury zähmetiň adaty ‘pidalarynyň birine öwrülmegi’ bilen, pedagoglaryň okadýan okuwçylarynyň öňündäki abraýlarynyň barha pese gaçyrylmagy dowam edýär diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.
Mugallymlaryň dynç alyş wagtynda ýa-da iş sagatlarynda başga dürli işlere çekilmegi olaryň diňe bir özlerini kämilleşdirmeli wagtlaryny däl, eýsem ‘at-abraýlaryny hem ogurlaýar’ diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşuly pedagog Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Ahaldaky habarçymyz 6-njy awgustda ýurduň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlarynyň resmi zähmet rugsatlary wagtynda, awgust aýynyň başyndan işe çykmaly edilendigini habar beren bolsa, Lebapdaky habarçymyz 12-nji awgustda magaryf, saglyk işgärlerinden hakyna pagtaçy tutmak üçin ýygnalýan hepdelik serişdeleriň möçberiniň bu ýyl esli ýokarlandyljakdygyny habar berdi.


Azatlyga gelýän habarlar mekdep mugallymlarynyň ýagdaýynyň ýurduň gowaçany beýlekilere garanda azrak ekýän sebitinde, Balkanda hem ‘örän ýaramazlaşýandygyny’ yşarat edýär.
Balkanda mugallymlar gowaça çürtmäge mejbur edilýärGünbatar sebitdäki habarçymyz bilen gürleşen mugallymlar, dynç alyşda bolmaklaryna garamazdan, ekin meýdanlaryna çykyp, gowaça çürtmeli bolýandyklaryny aýtdylar.
“...çikanka gutaransoň, ir açylan pagtanyň ýygymyna girişeris. Aslynda, mugallymlaryň mertebesiniň şeýle depelenýän ýurdunda bilimli nesil nireden bolsun?” diýip, balkanly pedagog özüni sylaýan ýurtlarda mekdep mugallymlarynyň başga işlerde işläp, öz islegine gazanç etmeginiň hem gowy görülýän zat däldigine ünsi çekdi.
“Türkmenistanda mugallym diýlende, pagta ýygýan, köçe arassalaýan, çärelerde janly pano göterýän adam göz öňüne gelýär... Men 30 ýyl ozal okadan mugallymlarymy görenimde, häzirem hormat goýup, hatda öňünden, ýoluny kesip hem geçmeýärin. Häzirki ýaşlar mugallymlary bilen ýaka tutuşmakdan hem gaýtmaýarlar. Mugallymyň ne sylag-hormaty galdy, ne sözi diňlenýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, indi özüni okadýan pedagogyň göni ýüzüne gelip: “Mollum, sen düýn köçe arassalap ýördüň, hökümet näçe manat berdi? Gel, meniňem öýümi uborka et, pul berjek” diýip, gülýän okuwçylar hem bar.
'Sagadyň bolsa-bolmasa, ýeriňde oturmaly'Azatlygyň söhbetdeşleri ýurtda çuňlaşýan ykdysady kynçylyklaryň, aýlyklaryň derejesiniň mugallymlaryň ýagdaýyny ýyl-ýyldan pese gaçyrýandygyny aýdýarlar.
“...az aýlyk mugallymlary işden boş wagtlarynda bazarlarda ýük düşürmek ýaly işlere çenli mejbur edýär" diýip, Balkandaky habarçymyz bilen gürleşen mugallym aýtdy.


“Mugallymda abraý bolmasa, bilimli, sowatly kadrlar çykmaz... Mugallymlaryň mertebesi SSSR döwründe hem häzirkisi ýaly depelenmändi, inflýasiýa bir ýandan, aýlyklaryň az bolmagy bir ýandan, galyberse, sen otpuskadamyň, parhy ýok, döwlet seni işe çagyryp, islän işine çekip bilýär” diýip, mugallym kanunda kepillendirilen 40 günlük dynjyny hakykatda alyp bilýän pedagoglaryň azalýandygyny, Bilim ministrliginiň näresmi, dilden beren görkezmesi esasynda, otuz günden soň ähli mugallymyň işe çykmaly edilýändigini hem sözüne goşdy.
Şeýle-de, söhbetdeşlerimiz mugallymlaryň zähmet haklarynyň kanunda okadan sagatlaryna esaslanýandygyny, olaryň sapakdan boş wagtlarynyň özleriniňki bolmalydygyny aýtdylar.
“Mugallym käriniň aýratynlygy - olara tölenýän zähmet haky okadýan sagatlaryna bagly bolmaly bolup durýar, eger mugallym bir sagat okuwçy okatsa, onuň şol bir sagadyna hem hak tölenýär. Ol ertirden agşama çenli synp otagynda oturany üçin pul tölenmeýär” diýip, bir pedagog bilim pudagynda dowam edýän bikanunçylygyň magaryf işgärleriniň elini, ýüregini işden sowadýandygyny, işiň hilini ‘gaty pese gaçyrýandygyny’ öňe sürdi.
Onuň sözlerine görä, okatmaly sapagy bolmasa-da, mekdep müdirleri mugallymlaryň irden gelip, synp otagynda, ýerinde bolmagyny talap edýär. Ýagny mugallymyň duşenbe, çarşenbe, anna günleri okatmaly sapaklary bolup, beýleki günler-de sapaklary bolmasa-da, olar işde, ýerinde bolmaly diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
40 günlük zähmet rugsady 30 günde gutarýarMugallymlaryň zähmet rugsady, iş sagatlary we sapakdan boş wagtlary babatynda edilýän bikanun talaplar, aýdylmagyna görä, kähalatda öz hünärine berlen, tejribeli mugallymlaryň ahyrynda mejbur bolup, bu işi terk etmegine hem alyp gelýär.


“Men hut şu hili ýagdaýlar sebäpli, öz islegim bilen, arzamy ýazyp işden çykdym” diýip, Türkmenistanyň Medeniýet we sungat mekdebinde mugallym bolup işlän öňki pedagog aýtdy.
Türkmenistanda mugallymlaryň abraýy, iş sagatlaryna tölenýän aýlygyň biraz ýokarlandyrylmagy bilen, uly Berdimuhamedowyň wada beren bilim özgertmeleriniň başynda biraz gowulanjak ýaly hem etdi, emma bu wadalar soňy bilen puç boldy.
Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda geçiren hökümet mejlisinde aýdyňlaşdyrman, “Mugallymçylyk käriniň abraýly we ýaşlary özüne çekiji bolmagy üçin olaryň zähmet hakyny ýokary derejede bellemek gerek” diýdi.
Ýöne ýaş prezidentiň aýdan gowy sözleri hem, öňki prezidentiň beren wadalary ýaly, 'ýerde galdy’ diýip, anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly mugallym aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России