Добавить новость
World News



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Okuwçy ýaşlar hojalyklaryň maddy ýagdaýy nazarda tutulyp, synplara bölünýär – ene-atalar

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylyna iki hepdeden gowrak wagt galanda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde orta mekdeplerde alnyp barylýan taýýarlyk işlerine ýakyndan esewan edýärler.

Şeýle taýýarlyk çäreleriniň çäklerinde, Ahal welaýatynyň orta mekdeplerinde okuwçylar synplara bölünende, birnäçe ene-atanyň sözlerine görä, çagalar ala tutulýar.

“5-12-nji synp aralygyndaky okuwçylar, olaryň gelip çykan maşgalalarynyň maliýe-hojalyk ýagdaýy nazarda tutulyp, “A”, “B” we “Ç” klaslara bölünýärler” diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran ene-atalar Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Meselem, bir okuwçynyň gelip çykan maşgalasy baý, gurply, ýa-da gurplurak bolsa, ol “A” synp ýazylýar, aýdaly, beýleki bir okuwçynyň ene-atasy, ýakyn hossarlary harby we hukuk goraýjy edaralarda işleýän bolsa, onda ol “B” synpa ýazylýar” diýip, olar mekdeplerde 'göz-görtele ýol berilýän adalatsyzlyga' çyra tutýarlar.

Ýokardan gelen 'teklip'Şeýle bölünişikden habarly bir bilim işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim gürrüňdeşlikde häzirki wagtda mekdeplerde okuwçylary synplara bölmek işleriniň alnyp barylýandygyny tassyklap, degişli ölçegleriň welaýat we etrap bilim müdirlikleri tarapyndan dilden görkezme esasynda girizilýändigini aýdýar.

“Ýokardan teklip geldi, ähli synplar gaýtadan düzülmeli. Bu çäreler durmuşa geçirilende okuwçylaryň hojalyk ýagdaýy, olaryň hossarlarynyň işleýän ýerleri, wezipeleri, ýa-da olaryň jenaýat jogapkärçiligine çekilip-çekilmändikleri nazarda tutulýar” diýip, ahally magaryf işgäri aýdýar.

Bu ýagdaý ene-atalaryň garşylygyna sebäp bolýar. Olar okuwçy ýaşlaryň zehininiň, ukyp-başarnyklarynyň, hem-de, umuman, sowatlylygyň sarpasynyň ýok ýerinde, hojalyklaryň maddy ýagdaýynyň, ýa-da olaryň eýeleýän wezipeleriniň esasy kriteriýa hökmünde mugallymlar tarapyndan ykrar edilmegini ýazgarýarlar.

Hususan-da, “Ç” we “D” synplara ýazylýan çagalaryň ene-atalary bilim resmileri tarapyndan “klaslaryň satuwa çykarylmagynyň “kabul ederliksiz” bolandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar boýunça welaýat we etrap bilim müdirliklerinden resmi teswir alyp bilmeýär.

Ene-atalar okuwçy ýaşlaryň mekdeplerde ala tutulmagy bilen bagly tejribeleriň, onsuz hem, ýyllarboýy saklanyp galýandygyny, ýöne soňky wakalar bilen bu ýagdaýyň “has gözçykgynç häsiýete” eýe bolandygyny aýdýarlar.

“Maddy ýagdaýy pes bolan hojalyklaryň çagalary onsuz hem bilim bäsleşiklerine, olimpiadalara gatnaşdyrylmaýardy” diýip, ene-atalar aýdýar.

Uniforma we deňlikBilim hünärmenleri mekdeplerde okuwçylary göz-görtele ala tutmak tejribesiniň çaga terbiýesine, olaryň kämil bilim alyp, sagdyn ösmeklerine ýaramaz täsir edýändigini, şeýle ýagdaýyň öwezini dolup bolmajak ýitgilere, aç-açan kemsitmelere ýol açýandygyny aýdýarlar.

Olar, meselem, mekdeplere uniformalaryň girizilmegi ýaly talaplara salgylanyp, okuw lybaslarynyň okuwçylaryň arasynda deňlik düşünjesini ýola goýmaga goşant goşýandygyny; okuwçy ýaşlaryň gelip çykan maşgalalarynyň maddy ýagdaýyna garamazdan, ähli okuwçylardan birmeňzeş okuw lybaslaryny geýmegiň talap edilmeginiň olardaky deňlik, gyradeňlik duýgusyna täsir edýändigini aýdýarlar.

“Şeýle maksatlardan ugur alyp, mekdeplerde okuwçylardan uniforma geýmeklik talap edilýär, hemmeler deň, hiç kim hiç kimden artyk däl, ýa-da kem däl, artykmaçlyk diňe kämil bilim-sowat bilen ölçelýär diýen düşünjeler guýulýar. Ýöne beýleki tarapdan, olar hojalyklaryň maddy ýagdaýyna laýyklykda klaslara bölünse bu dogry bolmaz” diýip, magaryf hünärmeni aýdýar.

Türkmenistanda tölegli hususy mekdepler kän bir ýörgünli bolmansoň, gurply hojalyklar, ýa-da ýokary wezipelerde işleýän adamlar, görnüşinden, öz bala-çagalaryny döwlet mekdeplerindäki “A” ýa-da “B” klaslara ýazdyryp oňmaly bolýarlar.

"Bilim hakynda" Türkmenistanyň kanuny ýurtda özüniň “ukyplaryny we zehinini doly amala aşyrmagynda her bir adamyň hukugynyň deň” bolandygyny aýdýar.

Bu aralykda, mekdeplerde alnyp barylýan taýýarlyk işlerinden, okuwçylaryň synplara bölünmeginden ýakyndan habarly çeşmeler mugallymlaryň arasynda "düşewüntli" hasaplanýan klaslary almak ugrunda bäsdeşligiň ýüze çykýandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, mugallymlyk mertebesini belent tutýan bilim işgärleri özleriniň şeýle dawa-jenjellere goşulmak islemeýändiklerini, oňarsalar, az sanly tölegli mekdeplerde, ýa-da umuman başga pudakda, ýa-da daşary ýurt döwletinde işläp, zähmet çekip, gazanç etmegiň özleri üçin has amatly we abraýly bolandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России