Добавить новость
World News

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Maslahat edilýär, demirýol hyzmaty gowulaşmaýar - Çeşmeler

Azatlygyň çeşmeleri, ýerli synçy we demirýol hünärmeni türkmen hökümeti bilen jemgyýetiň arasyndaky üzňeleşmäniň, ‘kesekileşmegiň’ barha görnetin duýulýandygyny, ýolbaşçylaryň ýönekeý adamlaryň aladasyny tasdan etmeýändigini we ilatyň muny barha açyk görüp başlandygyny öňe sürýärler.

Ýerli synçy bu ýagdaýy hökümet bilen jemgyýetiň arasyndaky "sosial şertnamanyň" bozulmagynyň barha köpelýän we adamlary barha kän ynjalykdan gaçyrýan alamatlary hökmünde häsiýetlendirýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan synçy Türkmenistana sebitde, duldegşir goňşy ýurtlarda öňe sürülýän gowy başlangyçlaryň hem ‘gowy’ täsir etmeýändigini belleýär.

Onuň sözlerine görä, Eýranyň metbugty soňky birnäçe aýda Eýran bilen Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan döwletleriniň arasynda ýola goýuljak otly gatnawlary barada birnäçe gezek habar berdi, emma adamlar ýurt içindäki ýolagçy gatnawlaryny hem ‘görülmedik’ derejede çylşyrymlaşdyran hökümetiň ýolagçy otlularynyň gatnawy meselesinde halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyna, umuman bu hili hyzmatdaşlyga razydygyna hem kän ynanmaýarlar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň bellemegine görä, Eýrandan gelip, Türkmenistanyň üsti bilen Özbegistana we Täjigistana geçjek ýolagçy otlusynyň hereket etjek ugrundaky demirýol stansiýalary örän gözgyny ýagdaýda, olar bu golaýlarda kadaly halkara gatnawlaryna taýýar edilip bilinmez.

"Adamlar 'hyzmatdaşlyk' habarlaryna ajy ýylgyrýarlarTürkmen metbugatynyň habaryna görä, Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrliginiň wekiliýeti 6-8-nji sentýabry aralygynda Eýranda bolup, hyzmatdaşlyk meselelerini, hususan-da ...Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň hem-de Aşgabat ylalaşygy (Özbegistan, Türkmenistan, Eýran, Oman) halkara geçelgesiniň işjeňligini ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Anonimlik şertinde gürleşen demirýol hünärmeni adamlaryň köpüsiniň bu hili ‘maslahat’ habarlaryna diňe ýylgyryp oňýandygyny aýdýar.

"Maşatdan gelmeli otly Sarahs, Mary, Türkmenabat, Farap stansiýalarynyň üstünden geçmeli bolar. Emma iş ýüzünde eýýäm 15 ýyl töweregi Eýran bilen serhetdäki Sarahs stansiýasynda hiç hili ýolagçy otly gatnawynyň hereketi ýok. Özbegistan bilen serhetdeş Farap stansiýasynda hem soňky 7-8 ýylda hiç hili ýolagçy gatnawy amala aşyrylanok. Netijede, bu stansiýalardaky demirýol gümrük bölümleri bireýýäm ýapyldy, hatda bilet kassalary hem ýapyldy" diýip, demirýol hünärmeni aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda indi çärýek asyr wagt bäri hiç hili halkara ýolagçy otly gatnawy ýok, hut şu sebäpden hem Aşgabat GDA ýurtlarynyň arasyndaky otlularyň ýeke-täk gatnaw tertibini düzmek we biletleri satýan Ekspress ulgamyna goşulmak baradaky şertnama goşulman gelýär.

Hünärmen Türkmenistanyň sebit ýurtlary bilen aradaky netijeli hyzmatdaşlyga goşulyp bilmezliginiň düýpli sebäpleriniň bardygyny belledi.

“Halkara otlularynyň gatnawyny dikeltmek örän derwaýys”“Birinjiden, ýurt ýapyk we türkmen režimi ilatyň goňşy ýurtlaryň raýatlary bilen gatnaşyk gurmagyny "halamaýar". Ikinjiden, Türkmenistanda henize-bu güne çenli walýutanyň erkin çalşygy ýola goýulmady, netijede, halkara bank kartlary hem bizde tas dolulygyna işlemeýär.”

Türkmenistan ýurtdaky ykdysady kynçylyklary, agyr işsizligi, görülmedik zähmet migrasiýasyny resmi taýdan boýun almaýar we hökümetiň azat bazar gatnaşyklary, açyk gapylar syýasatlaryna ygrarly bolup galýandygyny öňe sürýär.

Eger şeýle ygrarlylyk iň bolmanda niýetde bar bolsa, ýerli synçynyň we aýratynlykda gürleşilen demirýol hünärmeniniň ynanjyna görä, “halkara otlularynyň gatnawyny dikeltmek örän derwaýys mesele bolup durýar”.

Azatlygyň habarçylary ýaşaýjylaryň ýurt içindäki demirýol hyzmatynyň derejesinden we hilinden indi kän wagt bäri ‘gaty nägiledigini’ habar berýärler.

“Häzirki wagtda Türkmenistanyň demirýol ulgamy ýiti kirzis halyna geldi. Şäherýaka, şäherara, sebitara otlulary tas düýbünden ýatyryldy. Aşgabat bilen welaýatlary günde bary-ýogy bir gezek baglaýan otly gatnawlary hem ilatyň islegini doly ödärden gaty daşda" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России