Добавить новость
World News

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Ýaşaýjylar emläk edinmek hukuklarynyň 'ýowuz çäklendirilmeginden' nägile bolýar

Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynda Türkmenistanyň beýleki welaýatlylaryndan bolan raýatlaryň gozgalmaýan emläk satyn almagy, görnüşinden, doly gadagan edilene meňzeýär diýip, Azatlygyň habarçysy öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, bu aýdylýany resmi ýagdaýda ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip bolýar.
Sebitlerde ýaşaýan raýatlar türkmen paýtagtyndan gozgalmaýan emläk satyn almak mümkinçiliklerini mundan 5 ýyl çemesi ozal ýitirdiler diýip, Azatlygyň çeşmesi habarçymyz bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, beýleki welaýatlardan bolan adamlar şondan soň hem Akbugdaý we Gökdepe etraplarynyň çäginden satyn alan jaýlaryny öz adyna resmileşdirip bilýärdiler.
Çäklendirmeleriň sebäbi näme?2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, başga welaýatlardan bolan adamlara bu iki etrapdan, Aşgabada golaý etraplardan hem jaý almak gadagan edildi, diňe Tejen we Bäherden etraplaryndan jaý satyn alan raýatlaryň emläklerini öz adyna resmileşdirmegine rugsat berildi.


Ýöne, 1-nji oktýabrdan başlap, bu sebitlerde hem başga welaýatlardan gelenleriň gozgalmaýan emläk satyn almagy gadagan edildi. Indiden beýläk Aşgabatda, Ahal welaýatynyň hiç bir etrabynda beýleki welaýatlaryň adamlarynyň jaý satyn almagyna rugsat berilmeýär diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.
Ýöne çeşmeler bu gadaganlygyň resmi, kagyz ýüzündäki düşündirişini görkezip bilmeýärler.
Mundan başga, çeşmeler paýtagtda propiska, ýaşaýan ýeriňe ýazgy etdirmegiň, býurokratiýa sebäpli, tasdan mümkin däldigini öňe sürýärler.
Özüni balkanabatly Kerwen diýip tanadan 45 ýaşly erkek 20 ýyla golaý öň Aşgabat şäheriniň bir ýaşaýjysyna öýlenip, kanuny ýaşap, 4 çagany bilelikde terbiýeläp gelýändigini, ýöne şäher häkimliginiň ýazga durmak baradaky arzasyny şu wagta çenli kanagatlandyrmaýandygyny gürrüň berdi.
Boş duran jaýlar we beterleşýän 'para derdi'“Ilki ZAGS-dan geçip, wagtlaýyn ýazga duranyňa 5 ýyl bolmaly diýdiler. Soň bolsa, dürli bahanalar bilen süýräp, yza çekip başladylar. 15 ýyl mundan öň propiska üçin 30 müň dollar para hem soradylar. Pulum bolmansoň, men häkimlik işgärleriniň soran parasyny berip bilmedim. Häzir bolsa, paýtagtda 100 müň dollar para bilen ýazga durup boljakdygyny aýdyp, habar ugradýarlar” diýip, söhbetdeşimiz Gazagystanda Özbegistandan, Azerbaýjandan, beýleki ýurtlardan gelip işleýän adamlaryň hem jaý, emläk satyn alyp bilýändigini, bu hili çäklendirmeleriň diňe Türkmenistanda bardygyny aýdyp zeýrendi.
Sosial ulgamlarda pikirini aýdýan türkmen ýaşlary hem ýurtdaky esassyz, kanuny taýdan düşündirilmeýän çäklendirmelerden nägileliklerini gaýta-gaýta dile getirýärler. Emma resmi Aşgabat bu çäklendirmeleriň näme üçin girizilýändigini aýtmaýar.
Azatlygyň çeşmeleri Aşgabatda, Gökdepede we Änewde täze gurulýan jaýlaryň köp böleginiň boş, ulanylman durandygyny aýdýarlar.


“Raýatlaryň gozgalmaýan emläk satyn almak, resmi ýazga durmak hukugyny dikeldip, adamlara öz saýlan ýerlerinde ýaşamaga rugsat berilse, ýurtdaky gurluşyk biznesine, ýurduň ykdysadyýetine uly goşant goşulardy, giden gymmatbaha desgalar pudaklaryň we häkimlikleriň hasabynda boş dur, olary satyn alýan adam ýok” diýip, ýurtdaky ‘gadaganlyk, bolanok’ syýasatynyň berkidilýändigini ýene bir ýaşaýjy tassyk etdi.
Onuň sözlerine görä, gurulýan jaýlar diňe owadanlyk, bezeg üçin gurulýana meňzeýär.
Azatlygyň bir söhbetdeşi döwlet serişdelerine gurlan jaýlaryň, beýleki desgalaryň netijeli ulanylmagy, özüni ödemegi barada ikinji prezident döwründe birki gezek edilen gürrüňleriň soň ýatdan çykyp galandygyny, bu ýagdaýda döwletiň býujet işgärlerine aýlyk haklaryny wagtynda berip bilmezliginiň ‘geň däldigini’ aýtdy.
Sebitlerde ýeterlik, gymmat ýa elýeterli jaýlar gurulmaýarŞeýle-de, sebit ýaşaýjylary welaýat, etrap ýerlerinde gurply, barly adamlar üçin-de, goly ýuka, pukara maşgalalar üçin-de, ýokary amatlykly ýa-da elýeterli bahadan satyp boljak jaýlaryň ýeterlik gurulmaýandygyny aýdýarlar.
“Eger-de welaýatlaryň gurply adamlaryna Aşgabatdan we Ahal welaýatyndan jaý satyn almaga kanuny mümkinçilik döredilse, bikanun çäklendirmeler aradan aýrylsa, welaýatlardaky jaý ýetişmezligi problemasynyň hiç bolmanda bir bölegi çözülerdi” diýip, balkanabatly söhbetdeşimiz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolup, wezipesinde gowy ornaşanyndan soň, Aşgabat şäherine welaýat belgili awtoulaglaryň girmegini gadagan etdi, raýatlaryň hereket azatlygyny çäklendirdi, baýramçylyk günlerinde welaýatlaryň adamlaryny şäherden kowduryp başlady.
Aýry-aýrylykda gürleşilen adamlaryň pikirine görä, bu gadaganlyklar, raýatlaryň hereket azatlygynyň yzygiderli we dowamly çäklendirilmegi ýurtdaky howpsuzlyk aladalary, hususan-da bir maşgalanyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly bolup görünýär.
Azatlyk, ýurtdaky maglumat ýapyklygy sebäpli, ilatyň hereket azatlygyna, emläk edinmek hukuklaryna girizilýän çäklendirmeleriň ýurtdaky howpsuzlyk ladalar sebäpli girizilýändigini ýa munuň başga bir sebäbiniň bardygyny anyklap, resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России