Milli howpsuzlyk komiteti Almatyda 'terrorçylykly hüjümiň öňi alyndy' we daşary ýurtlylar tussag edildi diýýär
Gazagystanyň Milli Howpsuzlyk Komiteti (MHK) ýurduň iň uly şäheri Almatyda "terrorçylykly hüjümiň öňüniň alnandygyny" habar berdi. Agentlik hüjüm taýýarlygyna daşary ýurt raýatlarynyň gatnaşandygyny öňe sürýär.
"2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Almatyda taýýarlyk tapgyrynda bäş daşary ýurt raýaty tarapyndan meýilleşdirilen terrorçylykly hüjümiň öňi alyndy. Olaryň hemmesi tussag edildi we derňew işleri alnyp barylýar" diýip, MHK-nyň metbugat gullugy habar berdi.
Başga maglumat berilmedi.
Howpsuzlyk gullugynyň maglumatyna görä, 2025-nji ýylyň sentýabr we oktýabr aýlarynda sekiz gazak raýaty "terrorçylygy wagyz etmekde" şübhelenip, jenaýat işleriniň çäginde tussag edildi. Bu döwürde alty adam terrorçylykly we ekstremist jenaýatlarda günäli tapyldy.
MHK-nyň maglumatyna görä, ýylyň başyndan bäri 89 adam, olaryň altysy daşary ýurtlular, şeýle jenaýatlar sebäpli sud edilipdir.