Добавить новость
World News



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

ABŞ 'Green Card' bijesini duruzan wagty Türkmenistanda 'araçylaryň' aldawyna düşýän köpeldi

Türkmenistanda ABŞ-nyň "Green Card" bijesine gatnaşmak isleýän raýatlar, hasaba alyş möwsümi resmi taýdan açylmadyk hem bolsa, araçylara ýüz tutýarlar. Adatça oktýabryň başynda açylýan bu mümkinçilik şu ýyl yza çekildi, muňa garamazdan özlerini araçy diýip tanadýan şahslar hasaba durmakda ýardam teklip edýärler. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary maglumat berýär.

"Bu ýyl "Green Card" bijesine ýüz tutmak üçin websaýtyň 5-nji oktýabrda açylmagyna garaşyldy, emma henize çenli saýt ýapyklygyna galýar" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy hasaba durmak mümkinçiligine garaşýandygyny gürrüň berdi.

Şu ýyl 2027-nji ýyl üçin "Green Card" bijesiniň yglan edilmegi yza çekildi. Adatça oktýabryň başynda açylýan lotereýa gatnaşmak üçin arza kabul ediş möwsümi henizem başlanmady. ABŞ-nyň häkimiýetleri muny entek kommentirlemedi.

Şeýle-de, bolsa şu günler arza ýazmaga we ony hasaba goýdurmaga ýardam hödürleýänler işini dowam etdirýärler we öz hyzmatlaryna hyrydar tapýarlar.

"Häzirki wagtda 'Green Card' bijesine arzamyzy tabşyrdyk diýýän adamlara gabat geldim. Ýöne gynansak-da, olar saýtyň ýapykdygyny bilmeýärler" diýip, habarçy belledi.

Habarçylaryň we çeşmeleriň anyklamagyna görä, özlerini araçy diýip tanadýan adamlar häzirki ýagdaýdan gazanç etmek üçin peýdalanýarlar.

"Green Card üçin zaýawka ýazyp berýäris diýip, her bir adamdan 100 manat we 1$ alýarlar. Olar indi 'Green Card' üçin 1$ tölemelidigini düşündirýärler" diýip, çeşmeleriň biri aýdýar.

Amerikan resmileri 'Green Card' bijesini soňky sapar sentýabrda agzapdy, şonda lotereýa gatnaşmak üçin arzanyň hasaba alynmagyna 1 amerikan dollary mukdarda tölegiň girizilýändigi yglan edilipdi. ABŞ-nyň resmileri bu çäräni galp ýüzlenmeleriň sanyny azaltmak maksady bilen düşündiripdi.

ABŞ-nyň daşary ýurt raýatlaryna öz çäginde hemişelik ýaşaýyş rugsatnamasyny berýän "Green Card" bijesine gyzyklanma türkmenistanlylaryň arasynda ýyl-ýyldan artýar.

Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, bu ýagdaý adamlaryň dürli mümkinçiliklerden peýdalanmaga razy bolmagyna we hatda şübheli hyzmatlary hödürleýänleriň aldawyna düşmek töwekgelçiligine-de baş goşmakdan gaýtmazlygyna sebäp bolýar.

"Adamlar ýurtdan çykmak üçin dürli ýollary gözleýärler" diýip, habarçy belleýär. Onuň sözlerine görä, ýene bir sebäp dalaşgärleriň iňlis dilini bilmeýändigi we arzalary özbaşdak dolduryp bilmeýändigi bilen bagly.

"Green Card bijesine zaýawkasyny dolduryp bilmeýänler kän, olar başgalara haýyş etmeli bolýarlar. Adamlaryň sowatsyzlygyndan peýdalanyp, bu ýerde pullanmak isleýänler kän" diýip, habarçy belleýär.

Soňky ýyllarda "Green Card" bijesine gyzyklanma bildirýänleriň sany artýarka, ýüz tutup, utuş gazanýan türkmenistanlylaryň sany hem artýar. Bu ugurda bar bolan statistiki sanlara görä, soňky on ýyl çemesi wagtyň dowamynda ýaşyl kartda utuş gazanýan türkmenistanlylaryň sany 14 esse töweregi ýokarlanypdyr.

Soňky ýyllarda ýurduň daşyna çykmak üçin mümkinçilik gözleýän, şol sanda "Green Card" bijesine ýüz tutýan türkmen raýatlarynyň sanynyň köpelmegine türkmen häkimiýetleri tarapyndan resmi reaksiýa bildirilmedi. Emma iş ýüzünde "Green Card" bijesini utanlar soraga çekilýär. Şeýle-de, resminama taýýarlap berýänlere hem güýç edaralary tarapyndan basyş görkezilýär.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti 2026-njy ýyl üçin tabşyrylan ýüz tutmalaryň netijelerini maý aýynyň başlarynda yglan edipdi. Öňki ýyllar bilen deňeşdirilende has köp türkmen raýatyna hemişelik ýaşaýyş rugsatnamasynyň hödürlenendigi belli boldy. Şol sanlara görä, bu ýyl 2 müň çemesi türkmenistanly bijede utuş gazanypdyr.

Tutuş Merkezi Aziýa sebitine 15 müň çemesi ýaşyl kart bölünip berlipdir. Özbegistan 5 müň 564, Gyrgyzystan 3 müň 95, Täjigistan 2 müň 982, Türkmenistan 2 müň 10 we Gazagystan 2 müň dört sany kart utupdyr.

ABŞ her ýyl bije esasynda 55 müň çemesi daşary ýurt raýatyna öz çäginde hemişelik ýaşaýyş rugsatnamasyny berýär. "Green Card", ýagny ýaşyl kart bijesi atlandyrylýan bu prosese dünýä boýunça her ýyl millionlarça adam ýüz tutýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России