Добавить новость
World News

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Sowukda goşlarda mallar ölýär, çopanlara kynçylyklar barada gürlemezlik tabşyrylýar

Türkmenistanda saklanýan aýazly howa şu günler maldarlaryň aladalaryny güýçlendirýär. Balkanly çopanlar goşlarda mallaryň sowukdan we iým ýetmezçiliginden gyrylýandygyny Azatlyk Radiosyna habar berdiler.

Geçen hepde günbatar welaýatynda yzgiderli gar ýagdy. Howa şertleri Gyzylarbat, Ýerbent, Içoguz we Derweze ýaly ilatly ýerlerde çopan goşlarynda uly meseleleri döredipdir.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen çopanlaryň biri şeýle gürrüň berdi:

"Bir hepdä golaý wagtlap ýerde ýatan gar we dowamly -10°C-a ýetýän sowuk sebäpli döwlete degişli düýeleriň we goýun-geçileriň ençemesi ajyndan haram öldi. Ýüzlerçe goýunlaryň guzulary wagtyndan öň öli doglup başlady."

Balkanly çopanlaryň sözlerine görä, Altyn asyr köli we Içoguz aralygynda ýerleşýän öri meýdanlarda müňlerçe goýun-geçi bakylýar. Ýöne geçen hepdede garyň ýagmagy we wagty bilen eremän, doňaklygyň döremegi köp goýunlary iýmitsiz galdyrypdyr. Çopanlar goýunlary halas etmek üçin çölden alyp gaýtmak we ilatly ýerlerde bakmak ýaly çäreleri görmäge synanyşýarlar.

"Dynç güni goýunlaryň bir bölegi ýörite ulaglara ýüklenip, Gyzylarbatdaky daýhan birleşikleriň ýerlerine getirildi. Tutly we Ýaşlyk daýhan birleşiklerindäki gowaçadan boşan ýerlerde çölden getirilen hor-goýun geçileri bakyp, gyşdan aman saklap galmak üçin tagalla bary edilýär" diýip, ýerli ýaşaýjy etraplarda edilýän işler barada gürrüň berdi.

Balkanly ýaşaýjylar soňky günlerde howa -10 gradusa çenli sowanda onuň has sowuk duýulandygyny aýtdylar.

"Sowuk -22 gradus ýaly duýuldy. Öňümizdäki sişenbe güni güýçli garyň ýagjagy we sowuk boljakdygy duýduryldy. Içoguz we Ýerbent gum depelerinde güýçli ýagan gar hem-de şemally sowuk howa aşa duýuldy. Düýeleriň üstüne ýagan garlar buz bolup, bir hepde saklandy" diýip, çopan gürrüň berdi.

Mallar doňaklygyň, garyň aşagynda galan ot iýmleri tapyp bilmeýär we sowuk howada olara aç ölmek howpy abanýar.

"Sazak, çerkez, ýylgyn we beýleki ösümlikleri basan buz örtgüsi ownuk mallar beýlede dursun, hatda düýelere-de iýmäge mümkinçilik bermeýär. Etrapdan getiren gyşlyk ot-iýim ätiýaçlygy dekabryň başynda gutardy" diýip, ýene bir çopan gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen gepleşen balkanlylar atlarynyň tutulmazlygyny sorap, özlerine problemalar barada hiç kime gürrüň bermezligiň tabşyrylandygyny aýtdylar. Habarçylarymyz mundan öň maldarçylyk pudagyndaky problemalar barada Azatlyk Radiosynda çap bolan maglumatlardan soň, güýç edaralaryň işgärleriniň çopanlar bilen gürrüňdeşlik geçirip, olara "nätanyş" adamlaryň ýanynda problemalar barada gürlemezligi tabşyrandygyny habar beripdi.

"Geplemezligi talap edýärler, ýöne meseläni çözüp bermek hakda kelam agyz söz aýtmaýarlar. Biz dymmaly bolýarys, haram ölýän goýun-geçiler köpelýär, munuň zyýany çopanlaryň boýnuna galýar" diýip, çopan gürrüň berdi.

Balkanly maldarlaryň sözlerine görä, ýene bir uly problema mallary ýyrtyjylardan goramak bilen bagly bolup, sürä topulýan aç haýwanlar köpelýär. Çopanlarda olardan goranmak üçin zerur serişdeler bolmaýar.

"Çopanlara möjekler, syrtlanlar hüjüm edip, onlarça malymyzy ýaryp gidýärler. Häkimlik ok-ýarag ulanmagy gadagan etdi. Ozalky döwürlerde goşa nilli 28 we 20 kolibrlik uzak aralyga atýan tüpeňler we 200 sany ok çopanlara paýok görnüşinde berlerdi. Häzirki hökümet bolsa, eýýäm 15 ýyldyr bizi bu zatlardan mahrum etdi" diýip, çopan gürrüň berdi.

"Indi şagaldyr-tilkiler, gum pişikleri guzy-owlaklarymyzy gözümiziň öňünden alyp gidýärler. Möjek we syrtlan goýun ýatagymyza gelende öz ýaşaýan jaýymyzdan çykmaga gorkup, içinden gulplap, oturýarys", diýip, çopan sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de, çopanlaryň sözlerine görä, ýerli häkimiýet wekilleri we güýç edaralaryň resmileri baryp, özleri üçin maly saýlap, mugtuna alyp gidýärler. Döwlete degişli sürüdäki mal kemçiliginiň jogapkärçiligi bolsa, çopanlaryň boýuna atylýar.

"Etrap MHM-niň, prokuroryň we häkimlik jogapkärleriniň doglan güni ýa-da maşgala çäreleri üçin diýip, semiz goýun-geçiden saýlap, her biri 5-10 sanysyny alyp gidýärler. Olar alan malyny hem möjek-syrtlanyň hasabyna ýazdyryp gidýärler" diýip, balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hökümet agzalary we döwlet mediasy maldarçylykdaky problemalary açyk agzamaýarka, ýurtda et önümleri yzygiderli gymmatlaýar. Geçen ýylyň güýzünde et rekord derejede gymmatlap, bir kilogramy 155 manada ýetdi. Merkezi Bankyň alyş-çalyş kursuna görä bu 42,8 amerikan dollaryna barabar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России