Добавить новость
World News



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Sosial ulgamlarda pensiýa barada maglumat, il içinde 'pensiýalaryň ýatyrylmagy' barada gorky döreýär

Türkmenistanda harytlar we hyzmatlar gymmatlap, döwlet tarapyndan tölenýän aýlyklaryň, pensiýalaryň we beýleki tölegleriň öňküligine saklanmagy bilen ilat köpçüliginiň durmuş şertleriniň agyrlaşýan wagtynda hökümetiň pensiýalary ýatyryp biljekdigi barada howatyrlanmalar artýar. Türkmen resmileri şeýle planlary yglan etmedik hem bolsa, türkmenistanlylar şeýle tejribäniň göni 20 ýyl mundan ozal eýýäm bolandygyny ýatlaýarlar.

Soňky wagtlarda il içinde ýurtda hökümet tarapyndan ilata kanun taýdan kepillendirilen sosial üpjünçiligiň geriminiň gysgaldyljagy baradaky gürrüňler köp edilýär diýip, Azatlygyň habarçylary belleýärler.

"Hökümete ýakyn habar serişdeleriniň dünýä ýurtlaryndaky pensiýa üpjünçiligi baradaky tarapgöý wideolary ilat arasynda köp soraglary döredýär" diýip, habarçymyz bilen pikirini paýlaşan aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Şu aýda sosial ulgamlarda başga döwletleriň öz raýatlaryna pensiýa bermeýändigi barada maglumatlar peýda bolup başlady. Hususan-da, "TMcarsinfo" Instagram kanalynda ýanwaryň ortalarynda çap edilen wideoda başga ýurtlarda pensiýalaryň döwlet tarapyndan däl-de, raýatlaryň öz hasabyna işlän döwründe geçiren pullarynyň hasabyna berilýändigi aýdyldy. Emma soň bu maglumat öçürildi.

Türkmenistanyň hökümeti raýatlaryň ýaş boýunça pensiýalaryna degişli hiç hili planlaryny yglan etmedi, döwlet mediasynda hem bu mesele gozgalmady. Emma pensionerleriň aladalary şu ýylyň başynda aýlyklar, pensiýalar we töleg pullary ýokarlandyrylman, öňküligine galmagynyň arasynda güýçlenýär.

Hökümet bu kararyny öňünden ne yglan etdi, ne-de düşündirdi. Emma aýlyklary we pensiýalary her ýyl köpeltmek boýunça ozalky tejribäni ýatyrmak meselesi häkimiýet derejesinde geçen ýylyň sentýabrynda orta çykaryldy. Halk Maslahatynyň mejlisinde gatnaşyjylar tarapyndan seslendirilen bu teklip “halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagy” bilen düşündirildi. Şol teklip hökümet tarapyndan resmi derejede agzalmazdan durmuşa geçirildi.

Türkmen pensionerleriniň ýagdaýy geçen tomusda has agyrlaşypdy. Birnäçe aýlap pensiýalar gijikdirildi, munuň sebäbi hem düşündirilmedi. Ujypsyz pensiýasyna zordan gün görýän ilata resmi düşrdniriş bermegiň ýerine döwlet TW-si bankomatlaryň öňünde durup, puly maňlaýyna sylýan garrylary görkezdi.

Habarçylaryň sözlerine görä, häzir ýurduň dürli sebitlerinde ilat köpçüligi dürli kärlerde zähmet çekýän raýatlar, işsizler, maýyplar, şäher we oba ýaşaýjylary, ýaşlar we pensionerler ýurtda sosial üpjünçiligiň gysgaldylmagyndan howatyrlanýar we alada galýarlar. Türkmenistanlylar 20 ýyl mundan ozal pensiýalaryň köpçülikleýin ýatyrylandygyny ýatlaýarlar.

"Saparmyrat Nyýazowyň 2005-2006-njy ýyllarda kolhozçy pensionerleriň pensiýasyny kesmegi ilatda närazylyk döreden hem bolsa, ol närazylyk repressiýa gorkusyndan pesdi, üstesine, nähilem bolsa sosial ýeňillikler bardy" diýip, türkmenistanly aýtdy.

2006-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistandaky pensionerleriň ençemesiniň pensiýasy ýatyrylypdy. Şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazow maýyplara, öňki kolhozçylara we beýleki gartaşan adamlara pensiýa töleglerini doly togtatmak barada kanuna gol çekipdi.

Häzirki wagtda pensionerleriň sany barada resmi maglumat ýok. Resmi maglumatlarda minimal pensiýanyň 500 manatdan sähel gowrakdygy aýdylýar, bu 142 dollara, gara bazar nyrhy bilen 25 dollara barabar. Emma türkmen pensionerleriniň sözlerine görä, pensiýasy 300 manada ýetmeýän ýaşulular hem bar.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen ýaşaýjy halkyň häzirki nägileliginiň güýçlüdigini aýdyp, "bu gezek bu hereket jogapsyz galmaz" diýip, belledi.

"Emma häzirki wagtda türkmen jemgyýetçiliginde durnukly repressiýa ýadawlygy güýçlendi, sebäbi ilatyň hökümete baglylygy günsaýyn kemelýär, sosial ýeňillikler ýatyryldy, indi sosial üpjünçilik hem kemeldilse, şol sanda, meselem, pensiýalar kesilse bu ýagdaý ýurtda ahyrsoňy syýasy närazylygy we protestleri döredip biler" diýip, türkmenistanly aýdýar.

Azatlyk Radiosy bilen pikirini paýlaşan pensiýa ýaşyndaky ýene bir ýaşaýjy türkmen jemgyýetçiliginiň indi 20 ýyl mundan öňküsi ýaly däldigini belledi.

"Adamlaryň pikir-garaýyşlary nähilem bolsa üýtgedi, öňküler ýaly total we ählumumy gorky tutuş ilaty tabyn edip bilenok. Saglygyny, çagalaryny, gelejegini, ata-enesini, maksat-myradyny ýitiren, soňunda hem soňkuja pensiýa ýa kömek pulundan doly mahrum edilen halk ahyrsoňy protest etmäge mejbur bolar" diýip, maryly pensioner ene habarçymyza gürrüň berdi.

Şol bir wagtyň özünde habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan türkmen häkimiýetlerine ýakyn birnäçe ygtybarly çeşme ýurtda Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy Oguljahan Atabaýewanyň ýurduň dördünji prezidenti edilip bellenilmegine taýýarlygyň görlüp başlanandygyny aýdýarlar we pensiýa reformasynyň hem syýasy planyň bir bölegi bolmagyny çak edýärler.

Çeşmeleriň biri goňşy Eýrandaky protestleriň we postsowet giňişliginde öň Russiýa ýakyn bolan ýurtlaryň, şol awtoritar režimli Merkezi Aziýa döwletleriniň ABŞ-a ýakynlaşmagynyň türkmen režimini syýasy-ykdysady üýtgeşiklige zerurlyk barada oýlanmaga itergi berýändigini belledi.

"Mejbury açylmak we goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary iş ýüzünde ýola goýmagyň çykgynsyzlygy türkmen režimini gelejek strategiýasy barada oýlanmaga we tizlik bilen çykalga gözlemäge iterýär. Şol çykalga hem şu günki günde nobatdaky prezident saýlawlarynda Serdar Berdimuhamedowa derek onuň aýal dogany Oguljahan Atabaýewany saýlamak bolup durýar. Bu möhüm syýasy wezipäni durmuşa geçirmek üçin birnäçe syýasy oýunlar planlaşdyrylýar" diýip, çeşme aýdýar.

Onuň sözlerine görä, pensiýalary azaltmak ýa-da ýatyrmak we soňra dikeltmek ýaly çäreler halkyň goldawyny tapmak üçin öň ulanylan netijeli ädim bolup biler.

"Şol syýasy oýunlaryň çäginde ýurtda Oguljahanyň "milletiň halasgäri", "ýetimlere bakyjy", "halkyň derdini eşidijisi" ýaly obrazy döredilmeli. Şol obrazlary ýaratmak üçin hem syýasy maksatlar bilen ýurtda gysga möhletde pensiýalaryň möçberini azaltmak, pensionerleriň sanyny bolsa ep-esli gysgaltmak göz öňünde tutulyp bilner" diýip çeşme aýtdy.

Bir-birinden bihabar ikinji çeşme hem bu maglumaty tassyklap, türkmen häkimiýetleriniň Oguljahan Atabaýewany prezident edip bellemek bilen halkara derejesinde ýapyk ýurduň imijini" kagyzda bolsa-da düzetmekçidigini" belledi.

Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň syýasy sahnasyna geçen ýyl birden çykdy we syýasy aktiwligi bilen onuň prezident wezipesine taýýarlanmagy barada ýurduň içinde hem-de daşynda pikir döretdi.

Türkmenistanda raýatlary pensiýasyz galdyran ozalky reforma bir ýyla golaý waglap dowam etdi. 2006-njy ýylda karar gol çeken Nyýazow şol ýylyň aýagynda tarpa-taýyn ýogaldy, onuň ornuna geçen Gurbanguly Berdimuhamedow dessine pensiýalary dikeltdi, bu onuň üçin abraýly ädim boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России