Добавить новость
World News

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Balkanda sakgal goýberýänlere, hijab dakynýanlara garşy basyşlar güýçlendirildi

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri Remezan aýynyň soňky günlerinde sakgal goýberýän raýatlara we hijab dakynýan aýal-gyzlara garşy basyşlaryny güýçlendirdiler. Bu raýatlar saklanyp, soraga çekilýär we sakgalyny syrmaga, hijabyny çykarmaga mejbur edilýär.

Şeýle-de, tarawa namazyna barýan gelin-gyzlaryň käbirleri metjitleriň howlusynda “jynsy gatnaşykda bolmakda” güman edilip, polisiýa bölümine alnyp gidilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji martda sebitden maglumat berdi.

“Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde dindarlara, mollalara, şeýle-de sakgally we hijably raýatlara garşy reýdler geçirilýär. Ähli metjitleriň golaýynda raýat eşigindäki polisiýa ofiserleri durup, tarawa namazyna gatnaýan raýatlary, esasanam ýaşlary yzarlaýarlar. Olar bu ýerlerde sakgal goýup, don ýa-da ýakasyz erkek köýnegini geýen oglanlary, şeýle-de hijab dakynan gelin-gyzlary saklaýarlar we polisiýa bölümine alyp gidýärler” diýip, balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Olar bu ýerde soraga çekilip, sakgallaryny syrmaga we dil haty ýazmaga mejbur edilýärler. Sebitiň polisiýa bölümindäki çeşmämiz soňky hepdäniň dowamynda onlarça raýatyň, şol sanda orta ýaşly adamlaryň şuňa meňzeş ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýtdy.

"Owadandepä ugratmak barada haýbat..."“Polisiýa merkezine alynýan raýatlardan daşary ýurt dini wagyzlaryny diňläp-diňlemeýändigi soralýar. Smartfonlary barlanýar. Olara dini radikalizm garaýyşlarynyň bardygy aýdylyp, Owadandepe türmesine ugradyljakdygy barada haýbat atylýar. Şondan soňra olaryň ellerine päki berlip, sakgallaryny syrmak talap edilýär” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häkimiýetler raýatlaryň “dini ynançlar bilen bagly amal edýän bu hereketleriniň, sakgal goýbermeginiň, don geýmeginiň türkmen standartlaryna gabat gelmeýändigini” aýdýarlar.

“Bu standartlaryň jikme-jikleri, olaryň nämelere görä kesgitlenendigi barada maglumat berilmeýär. Ýöne umuman şu döwürde ýaşyň 60-dan geçmese metjit, din hakda pikirlenmek türkmen syýasatynda halanmaýar” diýip, çeşmämiz belledi.

Şeýle-de, ol ABŞ-Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda fewral aýynyň ahyrynda başlan urşuň fonunda, MHM-niň aladalanýandygyny we ýokary hüşgärlik derejesindedigini aýdyp, ýurtda Eýran wagyzlaryny we habarlaryny diňleýänleriň gözlenýändigini hem belledi.

Mundan başga-da, sebitiň metjitlerinde soňky iki hepdäniň dowamynda tarawa namazyna barýan gelin-gyzlaryň, esasanam okuwçy gyzlaryň ençemesi saklandy.

Polisiýadaky çeşmämiziň sözlerine görä, olar “metjitleriň howlusynda ýigitler bilen duşuşyp, jynsy gatnaşykda bolmakda” güman edilip, polisiýa bölümine alnyp gidildi.

"Ýygnak geçirilip, berk duýduryş berildi"“Bu aýyplamalaryň näderejede hakykata laýykdygy barada anyk maglumatlar ýok. Ýöne häkimiýet wekilleri, polisiýa işgärleri bu gelin-gyzlaryň, hususan-da, okuwçy gyzlaryň mekdeplerinde ýygnak geçirip, ene-atalaryna berk duýduryş berdiler. Olar bilen duşuşandygy aýdylýan ýigitlere garşy hem haýsydyr bir çäre görlendigi barada maglumat ýok” diýip, ýagdaýlardan habarly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden resmi teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Bu aralykda, sebitiň metjitlerinde raýatlaryň köwüşleriniň, gapjyklarynyň, welosipedleriniň ogurlanmagy bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi. Balkanabat baş metjidine, Töre ahun metjidine we il arasynda “42-nji metjit” atlandyrylýan metjide baran adamlaryň ençemesi polisiýa şikaýat bilen ýüzlendi.

Türkmenistanda häkimiýetler dini baýramçylyklaryň dowamynda, şol sanda Remezan aýynda metjitlere, dindarlara gözegçiligi güýçlendirýärler.

Remezan aýynyň birinji hepdesinde, ýagny 23-nji fewralda Ahal welaýatyndaky habarçylarymyz dindarlaryň, şol sanda mollalaryň häkimiýetleriň üns merkezindedigini aýdyp, ene-atalara çagalarynyň metjitlere gatnamagynyň we namaz okamagynyň öňüni almagyň tabşyrylýandygyny aýtdylar.

Bu maglumatdan birnäçe gün ozal bolsa, Balkanda ýaşy 60-a ýetmedik býujet işgärlerine, kanun goraýjylara we çagalara Remezan aýynda metjitlere namaza barmagyň gadagan edilendigini sebitdäki habarçymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 41-nji maddasynda her bir adamyň özüniň dine garaýşyny özbaşdak kesgitleýändigi, onuň ýeke özi ýa-da beýleki adamlar bilen bilelikde islän dinine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga haklydygy nygtalýar.

Muňa garamazdan, halkara hasabatlarynda Türkmenistanyň hökümeti raýatlaryň esasy azatlyklaryny, şol sanda din-wyždan azatlygyny çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýär.

Aý senenamasy esasynda kesgitlenýän we her ýyl dürli senelere gabat gelýän Remezan aýy bu ýyl Türkmenistanda 18-nji fewralyň säheri bilen başlandy we 19-njy mart gijesine çenli dowam edýär. 20-nji martyň säherinde bolsa Oraza baýramy belleniler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России