Pakistan, Hindistan Kaşmirde bir-biriniň söweş uçarlaryny urup-gaçyrandygyny aýdýarlar
Pakistan we Hindistan dawaly Kaşmir regionyndaky konfliktiň güýçlenen wagtynda bir-biriniň söweş uçarlaryny urup-gaçyrandygyny aýdýarlar.
27-nji fewralda Pakistanyň harbylary ýurduň ýaragly güýçleriniň öz giňişliginde Hindistanyň howa güýçleriniň iki uçaryny urup gaçyrandygyny we Kaşmirde öz gözegçiligindäki territoriýada iki piloty ýesir alandygyny aýtdylar.
Hindistan bir söweş uçaryny ýitirendigini tassyklady we pilotynyň Himalaýa regionynda pakistan uçarynyň hüjüminden soň dereksiz ýitendigini aýtdy.
Şeýle-de, Hindistan Pakistanyň harby uçaryny urup, gaçyrandygyny aýtdy.
Ýagdaýyň dartgynlaşmagynyň fonunda Pakistan söwda uçarlar üçin öz howa giňişligini ýapdy, Hindistan bolsa Nýu Deliden demirgazyk tarapdaky howa giňişligini graždan uçarlary üçin ýapdy.
Iki ýurduň arasyndaky konflikt Hindistanyň söweş uçarlarynyň Pakistanyň demirgazyk-gündogarynda, söweşijileriň türgenleşik lageri diýip, amala aşyran howa zarbasyndan soň öjükdi. Bu ýagdaý Kaşmirde iki ýurduň arasyndaky serhet hasaplanýan liniýasynda amala aşyrylan 1971-nji ýyldaky uruşdan soňky ilkinji howa zarbasy boldy.