Hytaý BMG-de JeM-iň liderini ‘gara sanawa’ girizmek teklibini böwetledi
Hytaý geçen aý Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky dartgynlylygyň has-da ýitileşmegine sebäp bolan hüjümi amala aşyran toparyň liderini “gara sanawa” girizmek baradaky teklibi petikledi.
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Hytaý Masood Ažaryň “gara sanawa” girizilmeginiň öňüni aldy. Ažaryň ýolbaşçylyk edýän, düýbi Pakistanda ýerleşýän “Jaiş-e Mohammad” (JeM) topary dawaly Kaşmir sebitiniň Hindistanyň gözegçiligindäki raýonynda amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy. Janyndan geçeniň şol hüjüminde 40 hindi harbysy öldürilipdi.
14-nji fewraldaky hüjümiň netijesinde, iki goňşy ýurduň arasyndaky dartgynly gatnaşyklar has-da ýitileşipdi; ýadro ýaraglaryna eýe iki ýurduň arasynda giň gerimli urşuň turmagynyň mümkindigi barada hem howatyrlanmalar peýda bolupdy.
Britaniýa, Fransiýa we ABŞ Ažaryň emläkleriniň doňdurylmagyny, oňa syýahatçylyk gadagançylygynyň girizilmegini teklip etdiler. Emma, Hytaý meseläni has içgin seljermek üçin wagtyň gerekdigini aýdyp, muny petikledi.
Pakistanyň ýarany Hytaý mundan ozal-da Ažary “gara sanawa” girizmek çagyryşlaryny böwetläpdi.
Ažar 2000-nji ýylda “Jaiş-e Mohammad” toparyny esaslandyrdy. Topar Pakistanda resmi taýdan gadagan edilendir.