‘Täjik teatrynyň enesi’, aktrisa Kosimowa 100 ýaşynda aradan çykdy
“Täjik teatrynyň enesi” hökmünde tanalýan tanymal täjik aktrisasy Muşarrafa Kosimowa 100 ýaşynda aradan çykdy.
Kosimowanyň agtygy, žurnalist Şamsiýa Kosimiň 2-nji aprelde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, onuň enesi gijäň ýary Duşenbede aradan çykypdyr.
Täjigistanyň medeniýet ministri Şamsiddin Orumbekzoda Kosimowanyň ölüminiň “täjik halky we täjik medeniýeti üçin uly ýitgi bolandygyny” aýtdy.
1918-nji ýylda Özbegistanyň Samarkant şäherinde doglan Kosimowa öz karýerasyna 1937-nji ýylda Duşenbedäki Täjik döwlet drama teatrynda başlapdy.
Ol “Toý”, “Eje”, “Durmuş we söýgi” hem-de “Men hat ýazdym” ýaly eserlerde ýerine ýetiren rollary bilen meşhurlyga eýe bolupdy.