Rus çozuşynyň güýçlenmegi bilen, Ukraina gepleşik geçirýär
Kiýew bilen Moskwanyň arasyndaky gepleşikler görnetin netijesiz tamamlandy. Geçen hepde Ukraina esassyz çozan Kremliň halkara izolýasiýasynyň barha çuňlaşmagynyň arasynda, rus goşunlary Ukrainanyň paýtagtyna we beýleki uly şäherlerine ýakynlaýar.
28-nji fewralda rus artilleriýasynyň Ukrainanyň ikinji uly şäheri bolan Harkowyň ýaşaýyş etraplaryny bombalandygy habar berildi.
Rus çozuşynyň bäşinji gününe girmegi bilen, ukrain tarapy gepleşiklere derhal atyşygyň bes edilmegini we rus goşunlarynyň yza çekilmegini talap etmek üçin girdi.
Bäş sagat töweregi dowam eden gepleşiklerden soň, rus wekiliýetiniň başlygy Wladimir Medinski iki tarapyň hem gepleşikleri dowam etdirmäge razydygyny, indiki duşuşygyň Polşa-Belarus serhedinde geçiriljekdigini aýtdy.
Gepleşik Ýewropanyň daşary syýasat başlygy Josep Borrelliň rus harby kampaniýasynyň "has rehimsizleşýändigini" aýdan wagtynda geçirildi.
“Maxar” kompaniýasynyň emeli hemra suratlarynda Kiýewiň merkezinden bary-ýogy 25 km uzaklykda ruslaryň 25 kilometre uzaýan ýüzlerçe ulag kerweni göründi, olar sowutly ulaglardan, tanklardan, artilleriýadan we goldaw ulaglaryndan ybarat.