Rus kazyýeti galplykda, äsgermezlikde aýyplap, Nawalna 9 ýyl iş kesdi
![Rus kazyýeti galplykda, äsgermezlikde aýyplap, Nawalna 9 ýyl iş kesdi](https://gdb.rferl.org/026e0000-0aff-0242-a1a4-08da0c0377dd_w800_h450.jpg)
Russiýanyň kazyýeti oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnyny ogurlykda we kazyýeti hormatlamazlykda günäkär tapdy we oňa garşy dokuz ýyl azatlykdan mahrum etmek hökümini çykardy.
Kazy Margarita Kotowa hökümi we jezany 22-nji martda, Moskwanyň daşyndaky jeza koloniýasynda, Nawalnynyň öňki çykarylan höküm esasynda tussaglykda saklanýan ýerinde yglan etdi.
Şeýle-de, kazy oňa 1,2 million rubl jerime salynýandygyny aýtdy.
Şu aralykda 45 ýaşly oppozisioneriň topary prezident Wladimir Putine degişli diýip güman edilýän 700 million dollarlyk ýahta baradaky jikme-jiklikleri habar berdi.