Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Indi 'iň az sanlysy däl': Türkmenistan ilatynyň 7 milliondan geçendigini öňe sürdi

Geçen ýylyň dekabrynda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri 14-nji iýulda Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň maslahatynda yglan edildi. Bu barada döwlet telewideniýesiniň Watan habarlar programmasynda habar berildi.

Döwlet statistika komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhamedowyň hasabatyna görä, 2022-nji ýylyň 17-nji dekabrynda geçirlen ilat ýazuwynyň netijeleri Türkmenistanyň umumy ilatynyň 7 million 57 müň 841 adama ýetendigini görkezipdir.

Berlen statistiki maglumatlara görä, ilat ýazuwynda ýazgy edilen ilatyň 22,9 göterimi Mary welaýatynda, 22 göterimi Daşoguz welaýatynda, 20,5 göterimi Lebap welaýatynda, 14,6 göterimi Aşgabat şäherinde, 12,5 göterimi Ahal welaýatynda we 7,5 göterimi Balkan welaýatynda ýaşaýar. Ilatyň 50 göterime golaýy erkekler, 50 göterimden gowragy aýal-gyzlar bolup, ýurduň umumy ilatynyň 47,1 göterimi şäher, 52,9 göterimi oba ilatyndan ybarat boldy.

Geçen aýda hökümet ilat ýazuwynyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdy, ýöne jikme-jiklikler köpçülige aýan edilmedi. 23-nji iýunda wise-premýer Hodjamyrat Geldimyradow 2022-nji ýylyň 17-nji we 27-nji dekabry aralygynda geçirilen ilat ýazuwy wagtynda toplanan maglumatlaryň degişli görkezijiler boýunça jemlenendigini we tertipleşdirilendigini habar berdi.

Sanlar "asmandan" alyndy

Ýagdaýy bilýän we birek-bireginden garaşsyz birnäçe çeşme, Döwlet statistika komiteti tarapyndan neşir edilen sanlaryň, sypaýyçylyk bilen aýdylanda çişirlendigini aýdýarlar.

“Biz hökümetiň sanlary asmandan alyp, hakykat hökmünde berýändigini ýene bir gezek gördük. Serdaryň [Berdimuhamedowyň] hakyky ýagdaýy bilýändigi belli. Hakykat bolsa şeýle: türkmen ilatynyň hakyky sany hatda 4 milliona-da ýetenok. Bu, belli ýerde hasaba alnan, ýöne aslynda ýazgy edilen ýerinde uzak wagtlap ýaşamaýan, esasan Türkiýä we Russiýa migrant bolup gidenleriň hemmesiniň göz öňünde tutulan ýagdaýynda. Ilat ýazuwynyň özi gaty ýöntem geçirildi, ilat ýazuwyny geçirmek boýunça umumy kabul edilen görkezmeler we teklipler ýerine ýetirilmedi. Öýlerde maşgala agzalaryny tapman, olar hakda goňşulardan sorap, hasaba almak ýaly gödek kemçilikler boldy" - diýip, hökümete ýakyn çeşmeleriň biri 15-nji iýulda Azatlyga gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy 2019-njy ýylda Russiýa göçüp gitmek programmasy boýunça rus raýatlygyny alan bir türkmen raýaty bilen gürleşmegi başardy. Onuň sözlerine görä, ol ilat ýazuwy geçirilende ogly bilen Russiýada üç ýyldan gowrak ýaşan hem bolsa, olary Türkmenistan ilat ýazuwynda hasaplapdyrlar.

“Şeýle boldy, şu wagta çenli diňe oglum ikimiz Russiýa göçüp, raýatlyk alyp bildik. Pandemiýa bolany üçin aýalym we iki gyzym henizem alyp bilmediler. Emma dekabr aýynda ilat ýazuwynda bize-de geldiler. Maşgalamyz bäş adam hasaplandy, ýogsa-da biz ol ýerde uzak ýaşamadyk. Emma biz resmi propiskadan çykmadyk, sebäbi türkmen raýatlygyndan ýüz öwürmeli, munuň üçin hem dokumentleri ýygnamaly we uly para bermeli" - diýip, anonim gürleşen söhbetdeşimiz aýtdy.

Türkmen syýasy bilermeni Serdar Aýtakow hem türkmen ilatynyň 7 milliondan geçendigi baradaky maglumatlaryň hakykata gabat gelmegine şübhelenýär.

"Häkimiýetleriň özleri tarapyndan gytaklaýyn aýdylan käbir maglumatlar hakykatda ilatyň köpelmeýändigini görkezdi, käbir ýyllarda şeýle maglumatlar ilatyň azalmagyndan habar berdi - mekdebi gutaranlaryň sany 80 müň töwereginde bolup, peseliş tendensiýasyny görkezdi (deňeşdirmek üçin 2009-njy ýylda türkmen mekdeplerini 115 000 okuwçy gutarypdy-red). Harby gulluga köpçülikleýin mejbury çagyryş, mekdebi gutaranlara hatda soňky synaglardan geçmäge rugsat berilmezligi, bularyň hemmesi harby gullukda esger ýetmezçiligini görkezýär. Şeýle alamatlar diýseň köp. Türkiýäniň Içeri işler ministrliginiň habaryna görä, 2023-nji ýylyň ortalaryna 200 müňe golaý adam Türkiýede ýaşamak üçin rugsat alypdyr. Kowid karantin wagtyny hasaba almazdan, soňky 8-10 ýyl bäri köpçülikleýin göçe-göçlük esasan şol ýurda boldy. Türkiýede pasportlarynyň möhleti geçen näçe bikanun migrant bar? Şeýle-de şol ýerde okanlar eýýäm iş tapdylar we gaýdyp geljek bolmaýarlar.

"Iň az sanly bolmak islemeýäris"

Azatlyk Radiosynyň çeşmesiniň sözlerine görä, ilkibaşda hökümet ilat ýazuwynyň netijelerini çap etmek islemändir, sebäbi hakyky sanlar garaşylan netijelere laýyk gelmändir.

“Halkara guramalaryndan hökümete basyş edildi. Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow öz patyşalygyndaky ähli zadyň tertiplidigini görkezmegi buýurdy. 2012-nji ýylda demografiýa bilen baglanyşykly problemalary görkezýän netijeleri eýýäm gizlediler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň ilaty mydama sebitde resmi taýdan iň kiçi hasaplanýardy. Şeýlelikde, olar "çetde galanlaryň hataryndan çykmak" üçin 7 million sany oýlap tapdylar. Indi resmi taýdan Berdimuhamedowyň buýrugy bilen Türkmenistanda Gyrgyzystandan hem has köp ilat bar ýaly. Görýäňizmi, olar sebitdäki iň kiçijik ýurt bolmak islemediler "- diýip, hökümete ýakyn çeşme Azatlyga aýtdy.

Türkmenistan 16 ýyldan gowrak wagt bäri ilat sany barada resmi maglumatlary çap etmedi. Ondan öň Türkmenistanyň ilaty barada resmi statistika soňky gezek 2006-njy ýylda çap edilipdi. Sonda häkimiýetler ýurtda 6,7 milliondan gowrak adamyň ýaşaýandygyny öňe sürdüler.

Türkmenistan 2012-nji ýylda hem ilat ýazuwyny geçirdi, ýöne netijeleri köpçülige mälim etmedi. Häkimiýetler ilatyň sany barada maglumatlary 10 ýyllap gizlemeginiň sebäpleri düşündirmedi. Şeýle-de bolsa, 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Bitaraplyk senesine bagyşlanan konferensiýalaryň birinde türkmen resmileri Türkmenistanyň ilatynyň 6,2 milliondan gowrakdygyny çala agzapdy.

Azatlygyň Türkmen hökümetindäki çeşmeleri häkimiýetleriň öňki ilat ýazuwynyň netijelerini çap etmekden saklanýandyklaryny, sebäbi ýurduň hakyky ilatynyň çak edilişinden has az bolup çykandygyny aýdypdy.

Azatlygyň çeşmeleriniň 2019-njy ýylyň maý aýynda beren maglumatyna görä, ondan öňki 10 ýylda Türkmenistandan 1,9 million adam gidipdir. Çeşmelere görä, bu sanlar prezident administrasiýasynyň resmileriniň göwnünden turmandygy sebäpli dessine gizlin edilipdir.

2021-nji ýylyň iýulynda ilat ýazgylary, barlaglar we olaryň netijelerini seljermek işine gatnaşýan döwlet edaralarynyň işgärleri bolan birnäçe çeşme, deslapky hasaplamalara görä ilatyň “hakyky sanynyň” 2,7–2,8 million adamdan geçmeýändigini mälim edipdi.

Türkmen hökümeti Azatlygyň habarlaryna reaksiýa görkezmedi we teswir sorap edilen birnäçe ýüzlenmäni jogapsyz galdyrdy.

Sowet Soýuzy dargap, Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny yglan etmeginden öň sowet häkimiýetleri Türkmen Sowet Sosialistik Respublikasynyň ilatynyň 3,7 milliondygyny habar beripdi. Ondan soň, Milli statistika we maglumat instituty 1995-nji ýylda Türkmenistanyň ilaty barada maglumat berdi we ilat sanynyň 4,5 million adamdygyny aýtdy.

Syýasaty öwreniji Serdar Aýtakow türkmen hökümetiniň soňky ilat ýazuwynyň çap edilen netijeleriniň dogrulygyna halkara jemgyýetçiligini ynandyryp bilmejekdigine ynanýar.

-“Halkaraçylar” indi türkmen häkimiýetlerine ynanarmy? Gaty gümana. Ilat ýazuwyndan soň dessine, türkmen häkimiýetleri Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika Ofisiniň Demografik statistika müdirliginiň ýolbaşçylarynyň wekillerine ilat ýazuwynyň netijelerini mundan beýläk neşir etmek barada hünärmenleriň tekliplerini halkara kadalaryna we ýörelgelerine laýykykda öwrenmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Türkmen býurokratiýasynyň öz dilinde bu "soň, belki-de, ähtimal", ýagny "hiç haçan" diýmegi aňladýar. 2012-nji ýyldaky ilat ýazuwynda hem şeýle boldy. Onuň netijeleri doly gizlin edildi (...) Döwlet statistika komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhammedowyň 2022-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň netijeleri barada aýdanyndan soň, Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň web sahypasy elýeterli bolmady, bu zatlar biri-birine geňlik bilen gabat geldi" - diýip, syýasy bilermen Serdar Aýtakow belläp geçdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

В Архангельске назвали лучшие любительские творческие коллективы Северо-Запада



VIP

Выездной Фотограф для всех желающих, ну и конечно Артистов и Музыкантов.






Новости 24 часа

МОСКОВСКИЙ ФЕСТИВАЛЬ ПОД ФЛАГОМ РУССКИХ СУПЕРГЕРОЕВ.



Game News

Шапки женские вязаные на Wildberries, 2024 — новый цвет от 392 руб. (модель 466)



Москва

Шапки женские на Wildberries — скидки от 398 руб. (на новые оттенки)



News Every Day

Gunmen open fire and kill 4 people, including 3 foreigners, in Afghanistan's central Bamyan province



Авто

На западном объезде Южно-Сахалинска забивают сваи моста через реку Владимировка



Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о повышении престижа профессии учителя



Наташа Королёва

Наташа Королева обратилась к поклонникам после скандала



Москва

Волонтеры провели субботник в усадьбе Городище



Арина Соболенко

Соболенко — Коллинз: белоруска выиграла первый сет в полуфинале Рима



Москва

Создание Сайтов. Создание веб сайта. Создание сайта html. Создание сайтов цена. Создание и продвижение сайтов. Создание сайта с нуля. Создание интернет сайта.



Культура

Куклы Ульгэра учат детей и подростков ПДД: Россия, Культура, Театр и Дети



Симферополь

Коллекция CD этномузыки экзотических стран представлена на открытии выставки в Симферополе



Москва

Азербайджанцев оправдали за убийство спортсмена Евгения Кушнира в Самарской области. Делом заинтересовался глава Следкома РФ А. Бастрыкин



Москва

Собянин: Акцию «Ночь в музее» посетили порядка 350 тысяч человек



Москва

Создание Сайтов. Создание веб сайта. Создание сайта html. Создание сайтов цена. Создание и продвижение сайтов. Создание сайта с нуля. Создание интернет сайта.



103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

Глава Солнечногорска поздравил с 90‑летием почетного гражданина

"Ъ": "Яндекс" готовится начать серийное производство робокурьеров

Фестиваль художественных промыслов пройдет в Сергиевом Посаде

Что там в IT: ИИ-отрыв Google, ChatGPT почти человек, отечественный BIOS


Москва

Создание Сайтов. Создание веб сайта. Создание сайта html. Создание сайтов цена. Создание и продвижение сайтов. Создание сайта с нуля. Создание интернет сайта.






Rss.plus

Шапки женские на Wildberries — скидки от 398 руб. (на новые оттенки)

Шапки женские вязаные на Wildberries, 2024 — новый цвет от 392 руб. (модель 466)

Лукашенко лоббирует интересы Алиева по изоляции Армении

МОСКОВСКИЙ ФЕСТИВАЛЬ ПОД ФЛАГОМ РУССКИХ СУПЕРГЕРОЕВ.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин. Главное за день



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Comedy Club

Актрисе и резидентке Comedy Club Марине Кравец исполняется 40 лет




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

"Спартак" обыграл "Рубин" со счетом 3:1

Азербайджанцев оправдали за убийство спортсмена Евгения Кушнира в Самарской области. Делом заинтересовался глава Следкома РФ А. Бастрыкин

В полуфинале конкурса «Это у нас семейное» в ЦФО победили 74 семьи


Камила Джорджи

Экс‑теннисистка Джорджи обвиняется в краже мебели и ковров на €100 тысяч — СМИ



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Шапка

Шапки женские на Wildberries — скидки от 398 руб. (на новые оттенки)



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России