World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Azatlykda çykýan habarlardan soňra, saglyk edaralaryna üns berlip başlanýar – medisina işgäri

Türkmenistanyň saglyk pudagynyň, lukmançylyk edaralarynyň horklukly haly barada Azatlyk Radiosynda çykýan habarlar wagtal-wagtal häkimiýetleri herekete geçirip, ýurduň dürli sebitlerinde saglyk hyzmatlarynyň berilmegine oňyn goşant goşýar. Şeýle habarlaryň biri ýaňy-ýakynda günorta-gündogar Mary welaýatyndan gelip gowuşdy.


“Ýerli hassahanalaryň haly barada Azatlyk Radiosynda çykan habarlardan soňra, lukmançylyk edaralaryna uly üns berlip başlanýar, käbir hassahanalaryň durky düýpli täzelenýär” diýip, ýerli lukman anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.




“Şeýle habarlardan soňra, Mary welaýat çagalar hassahanasynyň hem-de keselhanalaryň çaga dogruş bölümleriniň durky düýpli täzelendi. Indi onkologiýa hassahanasynyň gurlup başlanjakdygy barada gürrüňler bar” diýip, lukman sözüniň ütsüni ýetirdi.


Ol mundan ozal welaýatyň köne onkologiýa hassahanasy barada Azatlyk Radiosynda çykan habarlara salgylanyp, häzirki wagtda bu saglyk edarasynyň abatlaýyş işlerine mätäç bolandygyny aýdýar.


Döwlet media serişdeleri ýurduň saglyk pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini, ýutda täze-täze hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we ylmy-kliniki merkezleriň gurlup ulanylmaga berilýändigini mahabatlandyrýan mahaly, sebit ýaşaýjylary “diwarlarynda oýuklar emele gelip, üçeklerinden suw geçýän” köne keselhanalarda bejergi alyp, penjirelerine klýonka kakylan saglyk öýlerinde saglyk barlagyndan geçmäge mejbur bolýarlar.


“Gynansak-da, diňe welaýat merkezlerindäki hassahanalar oňarylýar. Oba ýerlerindäki saglyk öýleri bejerilmeýär. Köne binalarda ýerleşýän saglyk öýleriniň üçeklerinden suw geçýär. Gyş günlerinde saglyk öýleri peçlerde odun ýakylyp ýyladylýar. Pollaryň tagtalary döwük, ‘oknolara’ ‘klýonka’ tutulyp, işgärler öz günlerini özleri görmäge çalyşýarlar” diýip, beýleki bir saglyk işgäri aýdýar.


Azatlyk Radiosy ýurduň saglyk ulgamynyň kynçylykly ykbaly, ýurt raýatlarynyň has oňat we amatly saglyk bejergilerini almak ugrunda özge ýurtlara, şol sanda Özbegistana amala aşyrmaga mejbur bolýan saglyk syýahatçylygy barada habar berip gelýär.


Ýurduň iň häzirki zaman diýilýän, ösen lukmançylyk edaralarynda hem wagtal-wagtal saglyk enjamlarynyň kadaly işledilmeýän, ýa-da işledilip bilinmeýän, olardan baş çykarylmaýan halatlary bolýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy oktýabryň birinji hepdesinde hatda paýtagt Aşgabatda ýerleşýän birnäçe hassahanada MRT enjamlarynyň işlemeýändigini habar berdi. Welaýatlaryň ýaşaýjylary MRT barlagyndan geçmek üçin köplenç paýtagta ugradylýarlar, munuň üçin, birnäçe aý öňünden nobatlara ýazylýarlar.


Ýöne Türkmenistanyň saglyk pudagynda nogsanlyklar we kemçilikler barada aýdylanda, saglyk synçylaryna görä, ýurduň lukmançylyk edaralarynda öz işine ussat tejribeli lukmanlaryň ýetmezçiligi, ýagny kadr meselesi bir mesele, hassahanalaryň saglyk enjamlary bilen üpjün edilmegi başga bir mesele, saglyk edaralarynyň fiziki durky, zerur bolan abatlaýyş işleri aýrybaşga mesele, derman serişdeleriniň üpjünçiligi ýaly problemalar bolsa, öz başyna başga mesele bolup durýar.


Saglyk hyzmatlarynyň elýeterliligi, bahalar, ätiýaçlandyryş, hojalyk hasaplaşygy we saglyk işgärleriniň mejbury çärelere çekilmegi ýaly problemalar bolsa başga-başga mesele bolup durýar.


Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri we saglyk işgärleri bu ugurlaryň her haýsy barada aýry-aýry habar berip, ýurt raýatlarynyň talabalaýyk saglyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegi bilen bagly meseleleri yzly-yzyna gün tertibine getirip gelýärler.


Azatlyk Radiosy has ozal aprel aýlarynda Halajyň hassahanalarynda “ýassyklaryň kirinden ýaňa olara kelle goýup bolmaýandygyny” habar berdiler.


Mart aýynda Lebabyň 1970-nji ýyllarda gurlan hassahanalardaky krowatlaryň sowetler döwründen bäri täzelenilmändigi, otaglaryň köpüsiniň diwarlarynyň opurylyp, pollardaky linolýum örtükleriň ýyrtylyp gidendigi mälim boldy.


“Düşekler, ýorganlar we ýassyklar ençeme ýyl bäri täzelenmändir. Olar könelip, ýukalyp gidipdir. Olara ýakymsyz ys, şol sanda dermanlaryň ysy siňipdir” diýip, türkmenabatly ýaşaýjylar şonda gürrüň berdiler.




Has soňra, mart aýynyň ahyrlarynda Marynyň hassahanalarynda ýer ýetmezçiligi sebäpli gelinleriň “ýerde çaga dogrumaga mejbur bolýandygy” mälim boldy.


Biraz soňra, ýene aprel aýynda Kerkide çaga dogurmak üçin ýüzlerçe kilometr ýol söküp, Türkmenabada gidýän göwreli zenanlaryň köpelmegi barada habarlar peýda boldy.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri bahar aýlarynda welaýatlarda ýerleşýän hassahanalaryň material bazasynyň pes bolmagy sebäpli, hem-de lukmanlaryň ýetmezçiligi zerarly, sebitlerden bolan hassalaryň paýtagtyň keselhanalaryna köpçülikleýin ugradylmagy barada habar berdiler.


Sentýabryň soňky hepdesinde lukmanlar Türkmenabatda özleriniň gorkuzylmakdan we paç tölemekden ýadandyklaryny Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler. Şol gabatlar, Lebapda we Daşoguzda ýerli ýaşaýjylaryň has oňat saglyk hyzmatlarynyň gözleginde köpçülikleýin Özbegistana saglyk syýahatçylygyny amala aşyryp başlandyklary ýene bir gezek köpçülige mälim boldy.


Köp ilatly Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda bary ýogy iki sany tiz kömek awtoulagy hereket edýär diýip, ýerli ýaşaýjylar geçen aý Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.


Bu sebitde gyssagly we gaýragoýulmasyz saglyk kömegine mätäç raýatlar tiz kömek nobatyna garaşmaga mejbur boldular.


Yzly-yzyna üznüksiz gaýtalanýan şeýle habarlaryň arasynda, Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy bu habarlaryň “degişli adreslere” baryp gowuşýandygyny, şeýle habarlardan soňra häkimiýetleriň herekete geçip, sebitlerde saglyk ulgamyna üns berip başlaýandyklaryny habar berýär.


Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri keselhanalaryň horklukly haly barada habar bermeýär. Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar boýunça saglyk resmilerinden resmi teswir ýa-da goşmaça maglumat alyp bilmeýär.


“Oba ýerlerinde ýerleşýän saglyk öýlerinde hatda sanjym urmak üçin otaglar ýok. Oba saglyk öýlerini bejermeýärler” diýip, maryly bir oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

На Дону появится своя Красная книга почв



Мир

Шеф-повара сети Marins Hotels прошли обучение в Академии кулинарного искусства






Новости 24 часа

Что ChatGPT знает о вас? Станислав Дмитриевич Кондрашов делится наблюдениями



Game News

Рецензия на игра Metaphor: ReFantazio



Москва

Makarov: Вдохновляющий Путь Музыканта



News Every Day

Turd-shaped monument 'honoring' Jan. 6 mob installed on National Mall



Авто

Метеоры по итогам года перевезли рекордное число пассажиров в Кронштадт



Москва

SCMP: Путин уже победил Запад, когда не дал ему изолировать РФ



Сергей Брановицкий

Обложка песни. Обложки альбомов песен. Сделать обложку для песни.



Москва

Dongfeng открывает первый флагманский магазин в Словении



ATP

Вена (ATP). 1/2 финала. Музетти встретится с Дрэйпером



Москва

Спектакль «Волшебная лампа Аладдина»



Ани Лорак

Произошел конфуз: Ани Лорак расплакалась во время концерта в Москве



Симферополь

Юбилейный кинофестиваль «Святой Владимир» завершился в Севастополе



Москва

Мэр Москвы рассказал о планах строительства и благоустройства набережных



Москва

Сергей Собянин: Полсотни набережных привели в порядок в Москве с 2011 года



Москва

Спектакль «Волшебная лампа Аладдина»



103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

Загрутдинов: началась выдача ключей дольщикам проблемного ЖК «Малыгина, 12»

В центре Москвы открылся новый спа-центр Respace Prime Wellness & SPA с уникальной процедурой сухого флоатинга

Что ChatGPT знает о вас? Станислав Дмитриевич Кондрашов делится наблюдениями

ПАО «Россети» оштрафовано за нарушение срока подключения к сетям в Солнечногорске


Москва

Мэр Москвы рассказал о планах строительства и благоустройства набережных






Rss.plus

В Люберцах председатель региональной ветеранской организации войск правопорядка встретился с учениками подшефной школы

Подмосковные росгвардейцы задержали подозреваемого в незаконном обороте наркотических средств

Что ChatGPT знает о вас? Станислав Дмитриевич Кондрашов делится наблюдениями

Подмосковные росгвардейцы задержали подозреваемого в незаконном обороте наркотических средств

Moscow.media
Москва

Собянин поздравил работников автотранспорта с профессиональным праздником



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Виктор Цой

Таинственный рисунок Виктора Цоя фломастерами продали на аукционе за целое состояние




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Международный масштаб и возвращение Александра Градского: чем удивит «Арт-футбол» в 2024 году

«Химки» — «Динамо» Москва. Прямая трансляция: смотреть бесплатно РПЛ

300 тхэквондистов приняли участие в открытом Кубке Тульской области


Янник Синнер

Синнер рассказал о разочаровании в друзьях-теннисистах после допингового дела



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Путин прокомментировал разрешение Запада об ударах по РФ



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России