Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi

Merkezi Aziýa ýurtlarynda demokratiýanyň derejesi peselmegini dowam etdirýär. The Economist neşiriniň analistleri şeýle netijä geldiler. Olar 2024-nji ýyl üçin Demokratiýanyň indeksini düzdüler. Sebitde Gyrgyzystan iň demokratik ýurt hasaplanýar, iň ýaramaz ýagdaý Türkmenistanda. Demokratiýanyň pese düşmegi bütin dünýäde giňden ýaýran.

The Economist neşiriniň maglumatyna laýyklykda, Merkezi Aziýadaky bäş ýurduň ikisinde bu görkeziji iň pes bolan döwletleriň hataryndadyr. Gürrüň Türkmenistan we Täjigistan barada barýar: “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisinde demokratiýanyň indeksi peseldi ýa-da üýtgemän galdy. Türkmenistan 2020-nji ýyldan bäri üýtgewsiz 1,66 indeks bilen dünýäde 161-nji orunda durýar.

Täjigistanyň indeksi 2023-nji ýylda 1,94 bolanlygyndan, 1,83-e düşdi. Sebäbi prezident Emomali Rahmon syýasy sistema gözegçiligi doly elinde saklaýar.

2024-nji ýylda Özbegistanyň indeksi hem peseldi – 2,12-den 2,10-a çenli, emma Özbegistan dünýäniň beýleki ýurtlarynda ýagdaýyň has düýpli erbetleşmegi sebäpli iki pozisiýa (146-njy ýer) ýokarlandy".

Reýtingi düzýänleriň pikirine görä, Gyrgyzystan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda demokratiýa boýunça iň gowy ýurt hasaplanýar. Elbetde, 2024-nji ýylda ýurt öňki görkezijilerini erbetleşdirip, 3,52 indekse düşdi. Ol 2023-nji ýylda 3,72, 22-nji ýylda bolsa 3,89 bolupdy. Peselmegiň esasy sebäbi saýlaw prosesiniň erbetleşmegi we köpçülikleýin habar serişdelerine edilýän basyşyň artmagy bilen baglanyşyklydyr.

Gazagystan öňki derejesinden üýtgetmedi, 3,08 indeks bilen awtoritar režimli ýurtlaryň toparynda galýar – bütindünýä indeksde ol 118-nji orunda durýar. Geçirilen barlagda demokratiýanyň krizisiniň diňe bir aýratyn sebitlerde däl, eýsem bütin dünýäde peselýändigi nygtalýar.

"Demokratiýadan lapykeçligiň giňden ýaýrandygyny indeks esasynda geçirilen soraglar tassyklaýar. Bu maglumatlary derňemek halkyň demokratiýanyň ýagdaýyna nägileliginiň sebäplerine düşünmek üçin möhümdir. Görşümiz ýaly, resmi demokratik guramalaryň bolmagy jemgyýetiň goldawyny gazanmak üçin ýeterlik däl, ylaýta-da, bu institutlar hakyky täsir ediş güýjüni ýitiren we karar kabul etmek çäreleri saýlanmadyk guramalaryň eline geçirilen bolsa" diýip, The Economist neşiriniň ekspertleri ýazýarlar.

Umuman, baha bermek sistemasy ýönekeý: 10 bellik demokratiýanyň iň gowy görkezijisi hasaplanýar. Mümkin bolan iň ýokary görkezijilere görä, ýurtlar öz režimleriniň görnüşlerine laýyklykda, doly we doly däl demokratiýalara, garyşyk hem-de awtoritar režimlere bölünýär.

Iň demokratik ýurtlaryň köprägi ýene-de esasan Ýewropada ykrar edildi. Norwegiýa 9,81 dereje bilen iň öňde barýar, ondan soňky orunlarda Täze Zelandiýa, Şwesiýa, Islandiýa, Şweýsariýa, Finlýandiýa, Daniýa, Irlandiýa, Niderlandlar we Lýuksemburg gelýär. Owganystan iň yzdaky orunda diýip atlandyryldy.

Gazagystanly syýasy bilermen Dosym Satpaýewiň pikirine görä, The Economist tarapyndan taýýarlanan reýting hakyky ýagdaýa gabat gelýär. Merkezi Aziýa ýurtlary öz režimlerini demokratlaşdyrmak islemeýärler. Gaýtam tersine, şol ýurtda graždan jemgyýeti bolsa, olaryň ählisi diýen ýaly bu guramalara garşy basyşy artdyrýandygy görünýär diýip, ol belleýär.

“Gyrgyzystan bu reýtingde başky orunda durýar. Şeýle-de bolsa, bu demokratik režim ýa-da doly däl demokratiýa hasaplanmaýar, hatda häzirki wagtda garyşyk režim hem däl. Aslynda bu dereje nähili bolaýanda-da, Gyrgyzystan Gazagystandan öňde. Gazagystan ikinji orunda durýar. Täjigistan bilen Türkmenistan doly derejede yzky orunda. Žaparov käbir tarapdan, Türkiýäniň prezidenti Erdogana meňzeýär. Bu babatda olar biri-birine örän meňzeş” diýip, Dosym Satpaýew hasap edýär. Ol sözüni şeýle dowam etdirdi:

– Žaparowyň beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentlerinden näme tapawudy bar? Ol häkimiýet başyna demokratik saýlawlaryň netijesinde geldi. Olarda azda-kände demokratik prezident saýlawlary boldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleriniň hiç biri şeýle ýagdaý babatda buýsanyp bilmez. Erdogan barada hem şeýle diýse bolar. Ol häkimiýete demokratik ýol bilen geldi. Emma Erdogan ýaly Žaparow hem ýurduň konstitusiýasyny üýtgedip, prezidentiň häkimiýetini güýçlendirip başlady.

Hatda Türkiýe hem ýuwaş-ýuwaşdan garyşyk däl-de, awtokratik režimiň zonasyna girýär. Gyrgyzystanda-da ýagdaý şeýle diýse bolar. Eger-de biz Yslam Kerimowyň döwrüni alsak, o döwürde örän rehimsiz awtoritar režim bolupdy. Ol Türkmenistandaky ýagdaýa golaýlady. Şawkat Mirziýoýewiň döwründe nurbatlar biraz gowşady diýse bolar. Başgaça aýdanyňda, belli bir proses alnyp barylýar we örän yhlasly hereket edilýär. Şeýle-de, syýasy meselelere garanyňda, ykdysadyýetde nurbatlar has gowşady.

Men Özbegistana ýygy-ýygydan baryp, özbek kärdeşlerim bilen gürrüňdeş bolýaryn, nähili bolaýanda-da, ol ýerde graždan jemgyýetiniň käbir elementleri bar. Olar peýda boldular. Mähelle derejesinde we graždan aktiwistleriniň derejesinde, ýöne hiç kimiň geçip bilmejek gyzyl baýdakly çäkleri hem bar – diýip, gazagystanly syýasy bilermen Dosym Satpaýew aýdýar.

Dosym Satpaýewiň pikirine görä, Gazagystanda häzirki prezidentiň syýasatyndan lapykeç bolýarlar bar. Syýasatçy alymyň aýtmagyna görä, ýanwar aýynda bolan protestleriň basylyp ýatyrylmagyndan soň, Kasym-Žomart Tokaýewiň reformalary geçirmegi yglan etmegi ony demokrat hökmünde görkezdi, ýöne üç ýyl geçenden soň, onuň ýeke pikirli dolandyryş usuly ýol alanda, adam hukuklary, söz azatlygy we syýasy bäsdeşlik ýagdaýy diňe erbetleşdi.

"Eger biz syýasy gurluş barada gürrüň edýän bolsak, onda ähli ugurlarda düýbünden şowsuzlyk bar. Eger-de Nazarbaýewiň adatça bil baglaýan dört sütüni bolan bolsa; maşgala, oligarhlar, býurokratik apparat hem-de howpsuzlyk güýçleri bolsa, onda Tokaýew häkimiýete gelende, Kantar, ýagny 2022-nji ýylyň ýanwar wakalaryndan soň, şol dört sütüni berkitdi. Bu nusgawy awtokratik sistema, sebäbi The Economist neşiriniň klassifikasiýasynda doly demokratiýa, doly däl, garyşyk we awtokratik režim bar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň köpüsinde bolşy ýaly, Gazagystanda hem syýasy bäsdeşlik ýok, adalatly, bäsdeşlikli geçýän we aýan saýlaw prosesi ýok. Aýratynam soňky iki ýylyň dowamynda, köpçülikleýin habar serişdelerine güýçli basyş barýar. Graždan aktiwistleri we tutuş oppozisiýa bilen yzygider ýiti göreş alnyp barylýar. Köplenç Russiýanyň propaganda maşynynyň tezisleri Gazagystanyň raýat jemgyýeti bilen baglanyşykly ulanylýar.

Eger-de biz syýasy gurluş barada gürrüň edýän bolsak, şeýle ýagdaýda, Gazagystanyň buýsanmaga hiç zadynyň ýokdugy tebigy zat. Dogrusyny aýtsak, ykdysady reýtingleri alsak-da, Gazagystanyň netijeleri beýle gowy däl. Sebäbi ykdysady özgerişleri amala aşyrmak işlerini hemmeler diýen ýaly unutdylar. Gazagystanyň kiçi we orta telekeçiligine hem-de tutuş ýurduň durnuklylygyna zyýan ýetirse-de, býujet ýetmezçiligini çalt doldurmak üçin edilýän gyssagly synanyşyklary görýäris" diýip, Dosym Satpaýew aýdýar.

Economist Intelligence Unit (EIU) hem 2006-njy ýyldan bäri her ýyl dünýäde demokratiýanyň ýagdaýyny analiz edýär. 2024-nji ýylyň hasabatynda 167 ýurt we territoriýa bäş kriteriýa boýunça (0-dan 10-a çenli) bölünýär: oňa saýlaw prosesi we pluralizm, gowy dolandyryş, syýasy gatnaşyklar, syýasy medeniýet we raýat azatlyklary girýär. Netijede, ýurtlar dört topara bölünýär: doly demokratiýa, kämilleşmedik demokratiýa, geçiş döwrüniň režimleri we awtoritar režimler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России