Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Türkmenabatda töleg terminallarynyň döwlüp talanmagyna degişli hadysalar köpeldi

Türkmenistanda talaňçylygyň ýene bir görnüşi ýaýbaňlanýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary töleg terminallarynyň, hususan-da mobil telefonlarynyň tölegleri üçin niýetlenen awtomatlaryň döwlüp, içindäki pullaryň talanmagyna degişli soňky wagtda bolan wakalar barada habar berýärler.

Türkmenabatda mobil telefonlaryň hasabyny doldurýan awtomatlara ogrular tarapyndan edilýän hüjümleriň sany artyp başlady diýip, lebaply çeşmeler 1-nji aprelde habar berdi.

Türkmenabadyň polisiýasyndaky çeşmäniň sözlerine görä, şeýle jenaýatçylyga baş goşýanlaryň tas ählisi diýen 14-17 ýaş aralygyndaky ýigdekçeler. Olar terminallardaky puly almak üçin elektron gurallaryny ulanýarlar.

Azatlygyň habarçysyna mälim bolan ýagdaýlaryň biri 16-njy martda şäheriň Bahar kiçi etrapçasynda ýüze çykypdyr. Ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri mobil telefonlary üçin töleg geçirýän awtomatyň 15 ýaşlaryndaky oglan we onuň ýaşdaş egindeşleri tarapyndan döwülendigini gürrüň berdi.

“Çagalar kameralara ýüzüniň suraty galmaz ýaly, ýüzüne ýaglyk ýa-da medisina maskasyny dakynypdyr, olaryň kellesinde kepkalar bardy” diýip, polisiýadaky çeşme gürrüň berdi.

Polisiýadaky çeşmäniň sözlerine görä, ýetginjekler töleg terminallaryň içindäki puly almagyň ýörite usulyny tapyp, elektrik guralyny edinipdir.

“Oglanlar awtomatlary döwmek üçin, ýörite radio-elektron abzal ýasapdyrlar. Nireden we nädip bu abzaly oňardyň diýlip soralanda, internetden tapdyk diýip, jogap berýärler" diýip, çeşme aýtdy.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, şeýle terminallar şäheriň her iki etrapçasyna biri işleýär. Türkmenabadyň 15 sany kiçi etrapçasynda 7-ä golaý terminal bar, olarda diňe mobil telefonlar üçin töleg geçirip bolýar.

Anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşmäniň sözlerine görä, awtomatlara hüjüm edýän ýaşlaryň aglabasy maddy taýdan gowşak maşgalalardan. "Olar ýetim, ýarym-ýetim ýa-da olaryň ene-atasy alkogol hassalary" diýip, çeşme belläp geçýär.

Polisiýadaky çeşme terminaly talamakda şübhe bildirilip, tutulan ýetginjekleriň biri bilen geçirilen gürrüňdeşlik barada şeýle gürrüň berdi:

“Ondan, ogurlanan pullary näme etmekçi bolduňyz diýlip soralanda 'ejem pul getirmesem öýe salanok, ondan başga-da menden 3 ýaş kiçi uýam bar. Bazarda ýük daşap edýän gazanjym ýetenok. Ondan başga men hem beýleki çagalar ýaly telefon edinesim gelýär, oňatja egin-eşik edinesim gelýär' diýip, jogap berdi".

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan polisiýadaky çeşmeler şäheriň mobil telefonlary üçin töleglere niýetlenen terminallaryndan ogurlanan puluň mukdaryny anyklaşdyrmadylar.

Türkmenabadyň kanun goraýjy edaralaryndan resmi görnüşde maglumat alyp bolmady. Azatlyk tutulan ýetginjekleriň soňky ykbalyny we olar babatynda görlen çäreleri anyklamaga synanyşýar.

Polisiýadaky çeşmeler töleg terminallarynyň talanmagy bilen bagly ýagdaýlaryň öňem bolandygyny, emma soňky aýlarda olaryň sanynyň esli köpelendigini bellediler. Olaryň sözlerine görä, diňe Türkmenabatda 2025-nji ýylyň başyndan bäri 10-a golaý hadysa ýüze çykypdyr.

Soňky aýlarda ogurlyk hadysalarynyň köpelmegi, şol sanda çagalaryň we ýetginjekleriň ogurlyga baş goşmagy baradaky maglumatlaryň ençemesi peýda boldy. Azatlygyň habarçylarynyň ýylyň başyndan bäri ýurduň dürli sebitlerinden beren maglumatlaryna görä, çagalar dükanlardan azyk, öýleriň öňündäki goşlary we metjitlerden köwüş ýaly zatlary ogurlaýarlar.

Şeýle-de, maddy kynçylyklary başdan geçirýän çagalar dilegçilik edýärler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda kanun goraýjy edaralaryň wekilleri kanun bozmalar we jenaýatçylyklar barada garaşsyz çeşmeleriň maglumatlaryny resmi görnüşde kommentirlemeýärler. Bu mesele ýurduň habar beriş serişdelerinde hem gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России