Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

ABŞ we Eýran 12-nji aprelde gepleşik geçirmäge taýýarlanýar, emma olaryň göni bolup-bolmajakdygy babatda gapma-garşylyklar bar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp şu hepde Eýran bilen ýokary derejeli “göni” gepleşikleriň geçiriljekdigini aýtdy we bu gepleşikleriň netije bermezliginiň ýagdaýynda Tähranyň “uly howp astynda” boljakdygyny duýdurdy.

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi gepleşikleriň 12-nji aprelde geçiriljekdigini tassyklady, ýöne olaryň “gytaklaýyn” görnüşde geçiriljekdigini aýtdy.

Ol 7-nji aprelde X sosial ulgamynda: “Eýran bilen ABŞ şu şenbe güni Omanyň çäginde ýokary derejeli gytaklaýyn gepleşik geçirer. Bu bir mümkinçilik, şol bir wagtda-da bir synagdyr. Indi söz Amerikada” diýip, ýazdy.

Eýran göni gepleşiklere garşy çykýar we Trampyň Tährana garşy alyp barýan “ýokary derejeli basyş” syýasaty dowam edýänçä, göni gepleşik geçirmejekdigini öňe sürýär.

Aragçi soňra Eýranyň Tasnim habar gullugyna beren beýanatynda, ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Stiw Witkofyň gepleşiklere gatnaşjakdygyny, ýöne gatnaşyklaryň araçy arkaly amala aşyryljakdygyny aýtdy.

Şol bir wagtda, Tramp Ak Tamda žurnalistlere beren beýanatynda gepleşikleriň “örän ýokary derejede, tas iň ýokary derejelerde” alnyp barylýandygyny aýdyp, hiç bir araçynyň gatnaşmaýandygyny nygtady. Ol ABŞ-nyň adyndan gepleşiklere kimiň gatnaşjakdygyny aýtmady. Witkof hem şu wagta çenli öz gatnaşmagy barada hiç hili beýanat bermedi.

“Bizde uly duşuşyk bolar. Näme boljagyny göreris. Herkim ylalaşygyň gazanylmagynyň has gowudygyny boýun alýar” diýip, Tramp Ysraýylyň premýer-ministri Beniýamin Netanýahu bilen geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy.

“Eger Eýran bilen gepleşikler şowly bolmasa, Eýran gaty uly howp bilen ýüzbe-ýüz bolar” diýip, ol nygtady. Tramp Eýranyň ýadro ýaragyny özleşdirmegine ýol berilmeli däldigini hem aýtdy.

Netanýahu gysgaça çykyş edip, Eýran bilen Liwiýa mysaly boýunça şertnama baglaşylmagyny goldaýandygyny aýtdy. Bu pikir 2003-nji ýylda Afrika ýurdunyň ýadro programmasyny doly ýatyrmak baradaky ylalaşyga salgylanýar. Eýran bolsa öz ýadro programmasynyň diňe parahatçylyk maksatlydygyny aýdýar we Liwiýa modeli boýunça ylalaşygy öňden bäri ret edip gelýär.

Tramp şu aýyň başynda Tähran bilen “göni gepleşikleriň” geçirilmegine çagyrdy we şeýle gepleşikleriň “has çalt we düşnükli” boljakdygyny aýtdy. Ol täze ylalaşygyň 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyndan “has güýçli we başgaça” bolup biljekdigini öňe sürdi. Mundan ozal, Tramp Eýranyň ýokary ruhy lideri Aýatolla Aly Hameneýe hat iberip, gepleşik geçirmegi teklip edipdi we diplomatiýa şowsuz bolan halatynda, harby çäreleriň ulanylyp biljekdigi barada duýduryş beripdi.

Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian 5-nji aprelde Tähranyň “deň şertlerde” gepleşik geçirmäge taýýardygyny aýtdy. Munuň ertesi gün, ol Tähranyň gytaklaýyn gepleşik geçirmäge taýýar bolandygyny mälim etdi.

Tramp 2018-nji ýylda prezidentliginiň ilkinji döwründe 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykypdy we Eýrana garşy ýatyrylan sanksiýalary täzeden girizipdi. Munuň jogaby hökmünde, Eýran öz ýadro programmasyny çaltlandyryp başlady we häzirki wagtda 60% arassalyga çenli urany baýlaşdyrýar. Bu dereje ýadro ýarag derejesine örän ýakyn hasaplanylýar.

Tramp, eger Eýranyň ýadro programmasy boýunça ylalaşyk gazanylmasa, bu ýurda garşy harby zarba uruljakdygyny öňe sürdi. Eýran bolsa her hili agressiýa “gaty güýçli” jogap berjekdigini we hüjüm edilse, öz ýadro ýaragyny özleşdirjekdigini duýdurdy.

Waşington Eýranyň urany baýlaşdyrmagyny çäklendirmegi ýa-da onuň ýadro programmasyny doly ýatyrmagy isleýändigi barada gapma-garşy signallary berýär. Eýran bolsa Trampyň göni gepleşikleriň başlandygy baradaky çykyşyna heniz resmi jogap bermedi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России