Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Ahalda tüweleý maddy zyýan ýetirdi, ýaşaýjylaryň häkimiýetden soran kömegi ret edildi

Türkmenistanda şu hepde dörän adaty bolmadyk howa şertleri, şol sanda güýçli ýel ýurduň käbir ýaşaýyş ýerlerinde ilata maddy zyýa ýetirdi. Ýaşaýjylar kömek sorap häkimiýetlere ýüzlenmeli boldular.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda 16-njy aprelde öýlän dörän güýli ýel hususy jaýlara zyýan ýetiripdir. Ýerli ýaşaýjylar şemalyň güýçli bolandygyny aýdyp, ony "tüweleý" diýip atlandyrdylar.

Tebigy hadysanyň zyýan ýetiren ýeriniň biri Sarahs ýaşaýyş toplumy bolup, ýerli ýaşaýjylardan ona golaý hojalyk häkimiýetlere ýüz tutumak kararyna gelipdir.

"Ahal welaýatynyň häkimine ýüz tutup, kömek soran ýaşaýjylar jaýlarynyň üçeginiň opurylandygyny, äpişgeleriniň döwülendigini, bag agaçlarynyň ýykylandygyny habar berdiler. Adamlar tüweleýiň miweli baglaryň gülüni döküp, bu ýyl miwe hasylynyň doly ýa-da köp böleginiň weýran bolmagyndan alada edýärler" diýip, kakaly çeşme gürrüň berdi.

Anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ýerli çeşmeler häkimiň ýaşaýjylaryň çeken zyýanynyň öwezini dolmak üçin pul ýok diýip, jogap berendigini bellediler.

Häkimlige ýüz tutan ýaşaýjylar weýrançylygy we ýeten zyýany wideo hem foto düşürip, bu maglumatlary hem alyp barypdyr. Emma tebigy hadysanyň weýrançylykly netijeleriniň dokumentleşdirilmegi häkimiň gaharyny getiripdir.

Häkim bu arz-şikaýaty edýän adamlaryň şaýatlyk foto we wideo ýazgylaryny görüp, ör gökden gelipdir.

"Bu ýazgylary tiziräk ýok etmegi tabşyrdy. Ol kömek sorap gelen adamlara garap: 'Siziň kelläňiz nirede, MHM-niň işgärleri duýsa, bu ýazgylar üçin hemmäňiz gözenegiň aňrysyna atylarsyňyz. Türkmenistanda döwlet syýasatyndan habaryňyz ýokmy, ýurdumyz Allanyň nazar salan ýurdy, tebigy hadysalaryň, betbagtçylyklaryň bolmaýan ýurdy. Siz bu hakykat bilen, hökümetiň syýasatyna garşy gitjek bolýarsyňyzmy?" diýdi diýip, şol duşuşykdan habarly çeşme gürrüň berdi we häkimiň baran adamlaryň ýüzüni alyp, otagdan çykaryp goýberendigini aýtdy.

Azatlyk Radiosy tebigy hadysanyň ýetiren zyýany we ýaşaýjylaryň ýüz tutmagy bilen bagly ýagdaý barada Ahal welaýatynyň häkimliginiň özünden maglumat alyp bilmedi.

Kakaly ýaşaýjylar bolsa tebigy hadysalardan ejir çekýändigini we zyýanly netijeleri bilen özbaşdak göreşmeli bolýandygyny belleýärler.

"Ilat başyna dürli kyn ýagdaýlar düşende hökümetden ýardam bolmajagyna adamlar ýene bir gezek doly göz ýetirdiler" diýip, kakaly çeşmeleriň ýene biri aýtdy.

Ýurduň giňişliginde adatdan daşary howa şertleriniň dörändigini "Meteožurnal" neşiri hem habar berdi.

Howa şertleri barada maglumatlary çap edýän neşir 15-17-nji aprel aralygynda sebitleriň köpüsinde ýagyş ýagyp, ýyldyrym çakandygyny, güýçli ýeliň bolandygyny, käbir ýerlerde güýçli tozanly ýeliň döremegi ýaly hadysalaryň bolandygyny habar berdi we hakyky howa şertleriniň çak edilişinden has agyr bolmagyny çaklamaga esas bardygyny belledi.

Maglumatda 16-njy aprelde Sarahsda ýeliň tizligi 17 m/s, Daşoguzda 15-16-njy aprelde, 16 m/s, Maryda 14 m/s çenli ýokarlanar diýlipdi. Bu ýagdaýyň ýurduň territoriýasynda sowuk howanyň çozmagy bilen baglydygy bellenip, ýurduň käbir ýerlerinde howanyň 20 gradusa çenli sowandygy aýdylypdy.

Döwlet habar serişdelerinde berlen şu hepdäniň howa çaklamalarynda howanyň regionlara görä 23-29 gradus aralygynda gyzjakdygy aýdylyp, güýçli ýel, tozanly tupan we tebigy hadysalaryň ýaşaýjylara ýetiren zyýany barada habar bolmady.

Soňky ýyllarda tebigy hadysalar, şol sanda güýçli ýagyn, ýel, duzly we tozanly tupanlar, sil we suw joşmasy ýaly ýagdaýlar Türkmenistanyň giňişliginde gaýtalanyp durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России