Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Türkiýede bolan ýer titreme türkmenistanlylary howatyrlandyrdy

Türkiýede 23-nji aprelde bolan ýer yranmasy Türkmenistanda ilat arasynda aladalanma döretdi. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylaryna görä, türkmen mediasynda müňlerçe türkmen raýatynyň ýaşaýan ýeri bolan Stambulda güýçli ýertitremäniň bolandygy barada habar berilmezligi türkmenistanlylaryň howatyrlanmalaryny hasam artdyrypdyr.

"Stambul şäherinde bolan ýer yranmasy Türkmenistanlylaryň ençemesiniň ýüreklerini sarsdyrdy. Balkan welaýatynda adamlaryň tas hemmesiniň Türkiýede garyndaşlary bar" diýip, Balkandaky çeşme gürrüň berdi.

Stambulda çarşenbe güni öýlän dörän 6.2 magnitudaly ýer sarsgynlary zerarly 150-den gowrak adam ýaralandy. Olaryň arasynda türkmen raýatlarynyň bolup-bolmazlygy belli däl. Beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçihanalaryndan tapawutlylykda türkmen ilçihanasy ýer titreme bilen bagly öz ilatynyň ykbaly barada maglumat çap etmedi.

Türkmenistanda ilat köpçüligi Türkiýedäki ýagdaýlar baradaky habarlary türk telekanallaryndan yzarladylar.

"Türk telekanallary Balkanda meşhur. Olar ýeriň yranyp durandygy baradaky habarlary gyzgyny bilen ýetirip durdular. Çagalary Stambulda zähmet çekýän balkanly ene-atalaryň köpüsi örän howatyrlandy. Özlerini erbet duýanlar hem boldy" diýip, balkanly aýdýar.

Azatlygyň çeşmeleri, Daşoguzda hem ýaşaýjylaryň Türkiýedäki ýagdaýa uly alada bilen syn edendigini gürrüň berdiler.

"Balkan we Daşoguz welaýatlarynda türk döwletinde garyndaşlary bolan raýatlar panikada bolup, köçelere aýlanyp, doganlarynyň we ýakynlarynyň baş saplygyna Hudaý ýoly sadakalary paýladylar. Goýun öldürüp, ýer yranmasyndan gorasyn diýip, sadaka berdiler" diýip, çeşme aýdýar.

Türkiýäniň Tebigy betbagtçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça edarasy (AFAD) çarşenbe günki ýer titremesiniň merkeziniň Stambuldan 80 km günbatarda bolup, 7 km çuňlukda ýerleşendigini aýtdy. Şol günüň dowamynda has gowşak ýer sarsgynlarynyň onlarçasynyň bolandygy habar berildi.

Sadaka berilýärTürkmenistanky habarçylar Türkiýedäki ýagdaýdan soň sadaka berýän türkmenistanlylaryň göz-görtele köpelendigini aýdýarlar.

"Meniň oglum gelinim bilen 4 ýyl bäri Stambulda zähmet çekýärler olar bize her aýda pul ugradýarlar. Men ýer yranýandygyny eşidip, 4 sany goýun getirip etini garyp maşgalalara paýladym. Ýetimler öýüne we internatlardaky çagalara egin-eşik eltip berdim. Men ýaly ýüzlerçe balkanabatly ene-atalar Türkiýedäki ýakynlarynyň we çagalarynyň baş saglygyna sadaka berýärler" diýip, balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.

“Roýters” habarlar gullugynyň belleýşi ýaly, Stambuldaky ýer yranmasy soňky ýyllarda 16 million ilatly şäherde bolup geçen iň güýçli ýer titremeleriň biridir.

Geçen gezek Türkiýäniň giňişliginde güýçli ýer titreme 2023-nji ýylyň fewral aýynda bolupdy. 6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda we Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda 7,8 ball güýji bilen dörän ýer titremesi zerarly 50 000-den gowrak adam wepat boldy. Zeper ýeten şäherleriň müňlerçe ýaşaýjysy öýsüz galdy, hassahanalar, mekdepler we ýaşaýyş jaýlary ýaly müňlerçe bina ýykyldy. Türkiýe üç aýlyk adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Şonda Türkmenistan Türkiýä kömek iberendigini yglan etdi, emma ýer titremede ölen ýa-da zyýan çeken türkmen raýatlary barada maglumat bermedi.

Türkiýede müňlerçe türkmen raýaty ýaşaýar. Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň soňky resmi sanlaryna görä, Türkiýede ýaşamak üçin resmi rugsada eýe bolan türkmen raýatlarynyň sany 122 müňden gowrak.

Türkmen hökümeti ýer titremeler barada dymýar Seýsmiki taýdan aktiw ýerde ýerleşýän Türkmenstanyň hökümeti öz giňişligindäki ýer titremeler barada hem halkyna maglumat bermeýär. Balkan welaýatynda 28-nji sentýabrda bolan ýer titreme sebitiň birnäçe ýerinde duýuldy. Şol ýer yranmasynyň Gyzylarbat şäherinden 21 kilometr uzaklykda bolup, onuň güýji 4,6 magnituda ululykda hasaba alndy diýip, ýer titremeleri hasaba alýan earthquaketrack.com websaýtynda habar berlipdi.

Türkmenistanda goňşy ýurtlarda bolýan ýer titremeler hem duýulýar. 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Owganystanyň Hyrat welaýatynda bolan 6,3 bally ýer titremesinde 2440 adamyň heläk bolandygy, 10 müň töweregi adamyň ýaralanandygy owgan häkimiýetleri tarapyndan yglan edilipdi.

Türkmen metbugaty goňşy ýurtdaky şol ýer titremesi barada habar bermedi. Hökümetiň we döwlet mediasynyň tebigy hadysalar baradaky dymyşlygy ýurt ilatynyň aladalanmalaryny artdyrýar we howsala döredýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России