Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Mekdepler okuwçylardan pul ýygnap, ene-atalardan bu barada maglumat ýaýratmazlygy soraýar

Paýtagt Aşgabatda ýerleşýän orta mekdeplerde abatlaýyş işlerine niýetlenip, her bir okuwçydan 150 manat möçberinde pul ýygnalyp başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ene-atalara salgylanyp, 25-nji aprelde maglumat berdi.

Mekdep resmileri tarapyndan okuwçylardan pul ýygnamak bilen borçlandyrylan mugallymlar toplanýan maliýe serişdeleriniň mekdebi abatlamak işlerini gönükdirilýändigini aýdýarlar we ene-atalardan şeýle maglumatlaryň ýaýradylmazlygyny soraýarlar.

“Biz bu pullary öz jübümize goýamyzok. Bu barada Azatlyk Radiosyna habar berip, bizi utandyrjak bolmaň!” diýip, ene-atalar mugallymlar tarapyndan özlerine aýdylan sözleri getirýärler.

Bu habarlar Azatlyk Radiosynda ýurduň dürli sebitlerinde okuwçy ýaşlardan pul ýygnalmagy barada ýaňy-ýakynda berlen habarlaryň yz ýanyna gabat gelýär.

Şol habarlarda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda çagalar baglaryna gatnaýan körpelerden başlap, ýokary synp mekdep okuwçylaryna çenli, her bir çagadan 150 manatdan 300 manada çenli pul serişdeleriniň ýygnalyp alynýandygy bellendi.

Munuň yz ýany, apreliň ortalarynda mekdep resmileri Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda bir gonamçylygyň ýoluny abatlamak üçin ýerli mekdepleriň birinde ýokary synp okuwçylaryndan pul serişdeleriniň ýygnalyp alynýandygyny aýtdylar.

Käýinç gorkusy“Her ýyl okuwçylardan pul toplap başlanymyzda, Azatlyk Radiosyna habar berip, bize Bilim ministrligi tarapyndan käýinç berilmegine sebäp bolýarsyňyz” diýip, mugallymlar ene-atalara gatyrganýar.

“Olar biziň görýän jebirlerimiz barada hem habar bersin!” diýip, mugallymlar aýdýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda orta mekdeplerde okuwçy ýaşlardan tas her ýyl diýen ýaly pul ýygnalmagy barada yzygiderli görnüşde habar berip gelýär. Şol bir wagtda, ol Türkmenistanda mugallymlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, olaryň mejbury çärelere çekilmegi, beýleki býujet işgärleri bilen bir hatarda mugallymlardan hem wagtal-wagtal mejbury görnüşde pul serişdeleriniň ýygnalyp alynmagy, olaryň pagtaçylyga, ýüpekçilige we beýleki oba hojalyk işlerine goşant goşmaga mejbur edilmekleri barada yzygiderli habar berip gelýär.

Aşgabatda okuwçylardan pul ýygnap mekdebi abatlamaga çalyşýan mugallymlar özlerine berilýän aýlyklaryň ujypsyz bolandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda resmi çeşmelerde beýleki býujet işgärleri bilen bir hatarda bilim we terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň alýan aýlyklar barada jemgyýetçilige açyk maglumat ýok.

Ýöne ýurt boýunça iň pes zähmet haky 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 1410 manat möçberinde bellenildi. Şeýle-de, pensiýanyň iň pes möçberlerini kesgitlemegiň binýatlyk ululygy 550 manat, döwlet kömek pullaryny kesgitlemegiň binýatlyk ululygy bolsa, 520 manat möçberinde kesgitlenipdi.

Güzeran şertleriÝurduň dürli sebitlerinde býujet işgärleri, şol sanda mugallymlar mundan ozal ençeme gezek öz aýlyklarynyň ujypsyz bolandygyny, üstesine her aý özlerinden dilden görkezme esasynda mejbury görnüşde häkimiýetler tarapyndan ýygnalyp alynýan pullaryň özleriniň güzeran şertlerini agyrlaşdyrýandygyny aýtdylar.

Tejen etrabynda ene-atalaryň birnäçesi mekdebiň abatlaýyş işlerine niýetläp özlerinden soralýan pul serişdelerini tölemejekdiklerini aýdypdylar.

“Biziň çagalarymyzyň üpjünçiligi gaýgy, bular mekdebiň remontyna pul soraýarlar” diýip, şonda bir ata gürrüň berdi.

“Biziň öz ýaşaýan jaýymyza-da remont gerek, 10 ýyldan bäri ýaşap oturan jaýymyza boýag çalyp bilemizok, onsoň nädip mekdebiň boýagyna pul bermeli, biziň özümiz häzir kömege mätäç” diýip, beýleki bir ene-ata aýtdy.

Türkmenistanyň oba we şäher ýerlerinde bar bolan mekdepleriň ençemesi sowetler ýyllarynda bina edilen mekdepler bolup, olaryň abatlaýyş işleri köplenç ene-atalaryň, okuwçylaryň we mugallamlaryň üstüne ýüklenýär.

Döwlet media serişdeleri şeýle meseleleri agzamaýar, ýöne ýurduň dürli sebitlerinde täze mekdep gurlup ulanylmaga berilse, şolar barada köplenç habar berýär.

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň mekdeplerinde okuwçylardan pul serişdeleriniň ýygnalyp alynmagy barada ýerli bilim müdirliginden resmi teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России