Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Tejende mekdep okuwcylary sapaga derek reklama diňlemäge mejbur edildi

Ahal welaýatynda mekdep okuwçylary telekeçileriň öz harytlaryny satmak boýunça alyp barýän çärelerine çekildi. Tejeniň orta mekdeplerinde okwuçylar sapaga derek miwe suwlarynyň reklamasyny diňlemäge mejbur edildi.

Şu günler orta mekdeplerde dynç alyş möwsümine bir aý galanda "TUT" şerbet suwlaryny öndürýän zawodyň işgärleri mekdeplere aýlanyp, mekdep müdirleriniň rugsady bilen okuwçylaryň arasynda reklama işlerini geçirýärler diýip, habarçymyz 30-njy aprelde aýtdy.

"Ähli okuwçylary daşary çykaryp, nyzama duruzýarlar we TUT firmasynyň adyndan "Klass Kola", "Klass fanta", "Red-Tut" ýaly şerbetli içgileri satyn almaga höweslendirýärler. 'Suwlaryň gapagyndan dürli utuşlar çykýar! Adamlara TUT şatlyk paýlaýar" diýip, çagalary we olaryň maşgalalaryny bu suwlary satyn almaga ündeýärler" diýip, mekdep mugallymy gürrüň berdi.

Bu ýagdaýa şaýat bolan okuwçylaryň we mekdep işgärleriniň sözlerine görä, reklama işlerini geçirýänler şerbetli içgileriň gapagyndan mobil telefon, hatda iPhone-16, telewizor we "Taýota Highlander" awtoulagy ýaly gymmat bahaly utuşlaryň çykýandygy habar berýärler.

"Olar '6 sany awtoulag utanlar boldy, ol utuşlar häzirem dowam edýär' diýdiler" diýip, okuwçylaryň biri reklama bilen çykyş edenleri sitirledi.

Mekdep okuwçylarynyň sapak wagtynda okuwa derek gatnaşmaga mejbur edilen bu reklama çäresi bir sagada golaý dowam edipdir. Çagalar yssy howada suwsuz daşarda durmaga mejbur edilipdir.

"Bizi bir sagatlap TUT firmasynyň adyndan reklama edip, daşarda sakladylar. Okuwçylara hiç bolmanda reklama edilip, sowujak 0,5 litrlik şerbet suwy hem berilmedi. Emma müdirimize her görnüşli şerbet suwundan 1 guty berdiler. Okuwçylar ýagdaýdan bizar bolup, çaltyrak gepini soňlasalar we bizi synp otaglaryna ugratsalar daşarda gün ýakyp barýar diýen pikirdedi. Emma mekdep müdirimiziň ýüzi gülüp durdy, oňa şerbet suwlaryň berilmegi, ony begendirdi" diýip, mekdep okuwçysy gürrüň berdi.

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň orta mekdeplerindäki bu ýagdaý barada mekdep müdirlerinden resmi görnüşde maglumat alyp bolmady. Azatlyk Radiosynyň TUT suwlaryny çykarýan kärhanasyndan teswir almak synanyşygy hem başa barmady.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürleşen ene-atalar öz çagalarynyň, aýratynam okuw wagtynda täjirçilik işlerine çekilmegine nägilelik bildirdiler.

"Häzir ulymam, kiçimem mekdepden gelip, 'utuşly şerbet suwlar bar eje, alaýaly', 'kaka alaýaly' diýip pul soraýarlar. Bizem çagalara düşündirmäge çalyşýarys, 'çagalar olar geçmänsoň indi mekdeplere aýlanyp, siz ýaly çagalaryň başyny alýarlar' diýip düşündirjek bolýarys. Şerbet suwlary içesiň gelmese-de, 'gapagyndan çykýan utuş' diýip, satyn alar ýaly edýärler" diýip, tejenli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ýene bir tejenli ene öz çagasynyň haýyşyny berjaý etmek üçin bir çüýşe gazly suw alyp berendigini gürrüň berdi.

"Men bolýar diýip 0,5 litrlik "Klass kola" satyn alyp berdim we 'gapagyna üns ber näme ýazylgy, utuş barmy' diýip soradym. Çagam ýok, bu gapakda 'herekete dowam' diýlip ýazgy çykdy diýdi. Çagalara bilim bermegiň ýerine kellelerine utuş üçin şerbet suw satyn almaly diýen düşünjäni salýarlar. Biz çagalarmyza iýmän, içmän nähili görgi bilen okuw esbaplaryny satyn alýarys" diýip, tejenli ýaşaýjy nägile bolýar.

Azatlygyň habarçylary mundan öň ýurtda öndürilýän gazly sowlaryň hyrydarlaryny köpeltmek üçin olary döwlet dükanlarynda gyt azyk önümleriniň gapdalyndan satyn almaga alyjylaryň mejbur edilendigini, şeýle-de gazly suwlaryň birnäçe görnüşlerinde 'utuşly lotereýanyň' yglan edilendigini habar beripdi.

Şonda söwdany janlandyrmak üçin edilýän lotereýanyň esasan hem çagalara ýaramaz täsir ýetirendigi, utuş wadasynyň olary aşa höweslendirip, hojalyklaryň maddy kynçylyklaryny artdyrandygy mälim bolupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России