Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Nika baglaşmak isleýän raýatlar lukmançylyk barlagyndan geçirilip başlandy – çeşmeler

Golaýda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň RÝNÝ edarasyna (ZAGS) nika baglaşmaga baran raýatlardan saglyk ýagdaýy barada lukmançylyk kepilnamasy soralyp başlandy diýip, çeşmeler aýdýar.

“ZAGS edaralary häzir nika baglaşmaga barýan raýatlardan lukmançylyk barlagyndan geçmegi talap edip başlady. Saglyk edaralarynda barlagdan geçmegiň bahasy 100 manat” diýip, maryly ýaşaýjy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy täze talaplar boýunça Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň (RÝNÝ) ýerli edaralarynyň bir işgäri bilen gürrüňdeş bolmagy başardy.

Ol anonim söhbetdeşlikde nika baglaşmak isleýän raýatlardan saglyk kepilnamalarynyň talap edilip başlanmagyny ilat arasynda jynsy ýollar bilen geçýän keselleriň köpelip başlamagy bilen düşündirdi.

“Hususan-da, ýurdumyza işlemäge gelýän gaýry milletlerden bolan adamlar – hytaýlylar, hindiler, türkler we gaýry milletler – bilen ýakyn jynsy gatnaşyga giren türkmenistanly zenanlara näbelli keseller ýokaşypdyr. Şonuň üçin, nika baglaşmak isleýän raýatlaryň ählisinden lukmançylyk kepilnamasy talap edilip başlandy” diýip, nika öýüniň işgäri aýtdy.

Türkmenistanyň Maşgala kodeksine görä, RÝNÝ edaralary nika baglaşmak isleýän raýatlardan özleriniň saglyk ýagdaýy hakynda habarlydyklaryny üpjün etmäge hem-de är-aýalyň jogapkärçiliklerini düşündirmäge borçludyr.

Şeýle-de, maşgala kanunçylygyna görä, nika baglaşmak isleýän adamlar özara razyçylyk esasynda mugt lukmançylyk barlagyndan geçip bilýärler. Şeýle-de, barlag netijesinde nika baglaşmakçy bolýan adamlaryň birinde käbir ýokanç keseller tapylsa, beýleki raýat nikany hakyky däl diýip ykrar etdirmek üçin kazyýete ýüz tutup bilýär.

"Para bilen düzedip bolýar..."Ýöne golaýda Mary welaýatynda ýerli ZAGS-lar tarapyndan talap edilip başlanan lukmançylyk barlaglary tölegli bolup, bu barada maşgala kanunçylygynda hiç zat aýdylmaýar.

“Nikadan geçmek isleýän raýatlarda haýsydyr bilen kesel ýüze çykarylan halatynda olaryň tölegsiz saglyk bejergileri bilen üpjün edilmejekdikleri aýdylýar. Adamlar onsuz hem maliýe-ykdysady kynçylyklardan, pulsuzlykdan ejir çekýärler” diýip, maryly ýaşaýjylar aýdýar.

Ýolöten etrabynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan başga-da birnäçe ýaşaýjy şeýle saglyk barlaglarynyň bahasynyň 100 manat bolandygyny tassyklady, ýöne olar saglyk barlagyndan geçmezden, lukmanlara 200 manat para töläp, bu kepilnamalary alyp bolýandygyny aýdýarlar.

Sebitde ZAGS edaralary tarapyndan girizilen täze talaplardan soňra, saglyk barlagyndan geçmeli bolan birnäçe raýat özleriniň lukmanlara para bermedik halatynda hem, dürli bahanalar bilen olara 40 manatdan ýa-da 50 manatdan bölek-püçek pul töläp, umumy çykdajylarynyň 200 manada çenli baryp ýetýändigini aýdýarlar.

“Şonuň üçin, adamlar 200 manat para berip, kellagyrysyz saglyk kepilnamasyny almagy saýlap alýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda ýagdaý nähili?Şuňa meňzeş lukmançylyk barlaglary Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Özbegistanda hem hökmany talap hökmünde girizilipdi. Bu ýurtda nika baglaşmak isleýän raýatlar genetiki testler tabşyryp, bir-birek bilen nika baglaşmaga beden taýdan ukyply bolandyklaryny subut edýärler.

2016-njy ýylda beýleki bir Merkezi Aziýa ýurdunda, Täjigistanda hem nika baglaşmak isleýän raýatlardan genetik barlaglar talap edilip başlandy. Şonda täjik parlamenti şeýle talaplaryň ilat arasynda dogabitdi keselleriň öňüni almak maksady bilen girizilýändigini aýdypdy.

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda işleýän gaýry milletleriň wekillerinde, şol sanda hytaýlylarda, hindilerde we türklerde ýokanç keselleriň anyklanandygy barada ýerli saglyk edaralary maglumat bermeýär.

Ýöne bu sebitde dünýäniň iň iri gaz känleriniň biri bolan Galkynyş gaz käni ýerleşýär. Mundan ozal, metbugat habarlarynda bu desganyň çäginde gaýry milletleriň wekilleriniň işleýändigi barada maglumatlar berlipdi. Ýöne ol adamlarda nähilidir bir ýokanç jynsy keselleriň tapylyp-tapylmandygy aýdylmaýar.

Türkmenistanda 18 ýaşyny dolduran sagdyn raýatlar nika baglaşyp, maşgala gurup bilýärler. Maşgala instituty ilat arasynda köplenç däp-dessurlar, öňden gelýän kada-kanunlar bilen guramalaşdyrylýar.

Azatlyk Radiosy nika baglaşmak isleýän raýatlardan saglyk kepilnamalarynyň talap edilip başlanmagy barada Mary welaýatynyň Ýolötene etrabynyň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginden resmi teswir alyp bilmeýär. Şeýle-de, bu barada ýerli saglyk resmilerinden goşmaça maglumat alyp bilmeýär.

Şol bir wagtda, bu talabyň häzirki wagtda diňe Ýolöten etrabyna degişlidigi, ýa-da munuň ýurduň ähli sebitlerinde güýje girizilip-girizilmändigi nämälim galýar. Galyberse-de, Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň metbugatda elýeterli bolan wersiýalarynda şeýle talap görkezilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России