Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Häkimiýetler 'diňe ygtybarly adamlary' haj zyýaratyna ibermäge taýýarlyk görýär  

Häkimiýetler özleri ýa-da ýakynlary döwlet edara-kärhanalarynda işleýän hem-de döwlet tarapyndan 'ygtybarly hasaplanýan' adamlary haj zyýaratyny amala aşyrmak üçin Saud Arabystanyna ibermäge taýýarlyk görüp başlady diýip, çeşmeler aýdýar.

Bu aralykda, haj we umra zyýaratlaryny guramalaşdyrýan hususy taraplar boýunça häkimiýetler tarapyndan käbir seljeriş işlerine badalga berlendigi barada habarlar gelip gowuşýar.

Däp bolşy ýaly, türkmen hökümeti her ýylda öz talaplaryna gabat gelýän raýatlar toparynyň döwlet serişdeleriniň hasabyna haj zyýaratyna iberilmegini guramalaşdyrýar. Şeýle guramaçylyk işleri bu ýyl hem gaýtalanýar, häkimiýetler raýatlaryň arasyndan ‘ygtybarly adamlary’ saýlap alýar:

“Milli howpsuzlyk ministrliginiň degişli bölümleriniň işgärleri döwlet edara-kärhanalarynda özleri ýa-da ýakynlary işleýän işgärlerden özleriniň ygtybarly hasaplaýan adamlaryny zyýarata ibermek üçin, seçip almak işlerine badalga berdiler” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýdýar.

Potensial zyýaratçy hökmünde sanawa girizilen adamlar howpsuzlyk gulluklary tarapyndan seljerilýär, olaryň üç nesil ata-babalarynyň geçmişi barlanýar.

Şeýle-de, çeşmeler geljekki zyýaratçylaryň döwlet tarapyndan daşary ýurtlara çykmagyna gadaganlyk girizilmedik adamlaryň arasyndan saýlanyp alynýandygyny aýdýar.

Türkmenistanda haj zyýaratyny amala aşyrmaga isleg bildirýän adamlar Türkmenistanyň Müftüliginiň müdiriýetinde nobata ýazylýan ekeni. Maglumata görä, MHM edaralary şol sanawdaky adamlary seljerýär.

Geçen ýyl Türkmenistanda 290 çemesi zyýaratçy döwletiň hasabyna Saud Arabystanyna zyýarata iberildi. Bulardan başga-da, soňky ýyllarda Türkmenistanda täjirçilik maksatlar boýunça haj we umra zyýaratlaryny guramalaşdyrýan hususy taraplar peýda boldy.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri häzirki wagtda şeýle syýahatçylyk kompaniýalarynyň häkimiýetler tarapyndan seljerilýändigini aýdýar.

Çeşmeler bu firmalaryň haj we umra zyýaratlaryna adam saýlanlarynda Türkmenistanyň Müftiýetiniň müdirliginden we howpsuzlyk gulluklarynyň barlaglaryndan sowlup geçýändigini aýdýarlar.

“Din resmileri, bu firmalaryň, hamala, ygtybarsyz bolandygyny, ýagny olaryň öňki ýyllarda daşary ýurtlarda türkmen döwletiniň abraýyna kölege salyp biljek adamlary haj we umra zyýaratlaryna alyp gidendiklerini aýdyp, prezidentiň diwanyna ýüz tutupdyrlar” diýip, çeşme aýdýar.

“Olar şol hususy firmalar tarapyndan haj we umra zyýaratlaryna alnyp gidilýän raýatlaryň hem dini garaýyşlar babatynda hökümete wepadar adamlardan saýlanmagynyň üpjün edilmegini soraýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri şu wagta çenli şeýle syýahatçylyk firmalarynyň birnäçesiniň Milli howpsuzlyk işgärleri tarapyndan seljerilendigini we olaryň käbirleriniň işleriniň togtadylandygyny aýdýarlar.

Bu firmalar köplenç Türkiýäniň üsti bilen haj zyýaratlaryny guramalaşdyrýan ekeni.

Saud Arabystanynyň Haj we umra ministrligi her ýylda musulman ilatynyň sanyna laýyklykda her bir ýurtdan zyýaratçy kabul edýär.

Geçen ýylyň haj möwsüminde 1,6 million çemesi daşary ýurtly musulman Saud Arabystanynda haj parzyny berjaý etdi.

Türkmenistanyň howa ýollary kompaniýasy 2024-nji ýylda türkmen zyýaratçylaryny eltip getirmek üçin bu ýurda 10 sany ýörite howa gatnawlaryny gurady.

Öňümizdäki haj möwsümi şu ýyl iýun aýynyň başlaryna gabat gelýär.

Mundan ozal, hökümetçi neşirler ýanwarda Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystanynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda haj möwsümini geçirmek hakynda ylalaşyga gol çekilendigini habar berdiler.

Galyberse-de, geçen ýyllardan tapawutlylykda, şu ýyl Saud Arabystany haj möwsümi boýunça täze lukmançylyk talaplaryny girizdi. Täze düzgüne laýyklykda, zyýaratçylar poliowirusa, meningokal meningit we sary gyzzyrma kesellerine garşy lukmançylyk sanjymlarynyň geçirilendigi hakynda güwänama almaga borçly edildi.

Şeýle-de, arap neşirlerine görä, şu ýyldan soň öňümizdäki 16 ýylyň dowamynda haj möwsümi tomus paslyna gabat gelmez. Mälim bolşy ýaly, tomus paslynda Saud Arabystanynda howanyň aşa gyzmagy haja barýan zyýaratçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edýär. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri geçen ýyl 18 sany türkmenistanly zyýaratçynyň yssy howa sebäpli haj zyýaratynda wepat bolandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosy ýurtda haj zyýaratyna ygtybarly raýatlaryň saýlanyp alynmagy boýunça Türkmenistanyň Müftüliginden resmi teswir alyp bilmeýär, şeýle-de, haj we umra zyýaratlaryny guramalaşdyrýan hususy firmalar bilen habarlaşyp bilmeýär.

Öňki ýyllarda Türkmenistanda häkimiýetlere para berip, haj zyýaratyna gidilmegi bilen bagly korrupsiýa hadysalarynyň üsti açylypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России