Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Lebap we Ahal welaýatlarynda soňky bir aýda ýiten çagalar barada 'birnäçe hadysa hasaba alyndy'

Türkmenistanda ýiten çagalar barada maglumatlaryň hasaba alynmagy dowam edýär. Ene-atalar haraý sorap, häkimiýetlere we jemgyýetçilige ýüz tutýarlar, şeýle-de sosial ulgamlarda maglumat paýlaşyp, bu meselä ünsi çekmäge çalyşýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri aprel aýynda Lebap welaýatynda hasaba alnan aýrybaşga iki hadysanyň töweregindäki käbir jikme-jiklikleri anyklady.

Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy bolan bir zenan maşgala bäş hepde çemesi mundan ozal sekiz ýaşly oglunyň ýitendigini aýdyp, bu barada şeýle gürrüň berýär:

“Oglum günortan synpdaşlary bilen kompýuter oýunlary oýnalýan kluba gidipdir. Ol oýun wagtynda suw almak üçin, ‘5 minutdan geljek’ diýip, klubdan çykypdyr. Şondan soň gaýdyp gelmändir” diýip, ol aýdýar.

“Men oglumy tapmak üçin, kömek sorap, Türkmenabat şäher polisiýa bölümine bardym arzamy aldylar. Ýöne bu ugurda heniz edilen iş ýok” diýip, türkmenabatly ene sözüniň üstüni ýetirýär.

Ol şäher polisiýasy tarapyndan ýiten adamlaryň suratlarynyň ýörite ýerlerde asylýandygyny, ýöne olaryň arasynda özüniň bir aýdan gowrak wagt ozal ýitirim bolan sekiz ýaşly oglunyň suratynyň henize çenli asylmandygyny gürrüň berýär.

Gündogar sebitden gelip gowşan beýleki bir maglumatda takmynan iki aý ozal ýiten dokuz ýaşly çaganyň ykbalyna ünsi çekilýär.

Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy bolan bir zenan maşgala dokuz ýaşly oglunyň tapylmagy üçin, jemgyýetçilikden, halk köpçüliginden haraý soraýandygyny aýdýar.

Ýöne ol öňler köpçülik ýerlerinde, şol sanda köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde we awtobus duralgalarynda şeýle mazmundaky bildirişleri asmaga rugsat berlendigini, häzir bolsa munuň hem gadagan edilýändigini aýdýar.

Sosial ulgamlarda paýlaşylýan suratlarAzatlyk Radiosynyň habarçysy aprel aýynda Ahal welaýatynda hem şuňa meňzeş birnäçe hadysanyň hasaba alnandygyny habar berýär.

Şol bir wagtda, sosial ulgamlarda hem ýiten çagalaryny gözleýän ene-atalaryň bildirişleri peýda bolýar.

Olar öz ildeşlerinden kömek sorap, ýiten çagalaryny tapmaga çalyşýarlar.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýiten adamlar baradaky maglumatlary onlaýn paýlaşmaýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Lebap we Ahal welaýatlarynyň polisiýa bölümlerinden resmi teswir alyp bilmeýär.

Türkmenistanda IMO messenjeri arkaly paýlaşylan maglumatlarda ýiten çagalar barada suratlar goýulýar we köpçülikden kömek soralýar.

Şular ýaly maglumatlaryň birinde bir ulanyjy şu ýyl uçurym bolmaly oglunyň ýitendigini aýdyp, öz ildeşlerinden ýardam soraýar. Beýleki bir maglumatda özüni Dursun diýip tanyşdyran bir sosial media ulanyjysy ýaş çaganyň suratyny paýlaşyp, oglunyň bäş hepde ozal ýitendigini aýdýar we gören-eşidenlerden kömek soraýar.

Azatlyk Radiosy bu sosial media bildirişleriniň hakykydygyny ýa-da däldigini garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmeýär.

Döwlet media serişdeleri we hökümetçi neşirler şeýle hadysalar barada habar bermeýärler.

Azatlyk Radiosy öňki ýyllarda hem şeýle hadysalaryň birnäçesi barada habar beripdi.

2024-nji ýylyň iýun aýynda bolup geçen şeýle pajygaly wakalaryň birinde Maryda 4-nji synpy tamamlan dokuz ýaşly gyz iýunyň ortalarynda ýitip, birnäçe gün soňra onuň jansyz bedeni Murgap derýasynyň kenarynda tapylypdy.

Şondan bir ýyl ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary 2023-nji ýylyň güýz aýlarynda sosial ulgamlarda şeýle hadysalar boýunça paýlaşylýan maglumatlaryň ýygjamlaşandygyny habar berdiler.

Bu mesele gün tertibine getirilýärmi?Käbir hasabatlarda iň howpsuz ýurtlaryň hatarynda agzalýan Türkmenistanda ýiten çagalaryň meseleleri jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hem gün tertibine getirilmeýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky edarasynyň hem bu ugurda bitirýän işleri barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerine maglumat berilmeýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýygnaklarynda hem ýurtda ýiten çagalaryň meseleleriniň gün tertibine getirilip-getirilmeýändigi aýdylmaýar.

Käbir günbatar döwletlerinde, şol sanda Birleşen Ştatlarda we Britaniýada Ýiten çagalaryň halkara güni bellenip geçilýär we bu ugurda ýörite hasabatlar ýöredilip, jenaýatçylygyň pidasy bolan ýa-da dereksiz ýiten çagalaryň meselelerine ünsi çekilýär.

Türkmen jemgyýetinde çagalaryň howpsuzlygy ilkinji nobatda ene-atalar, dogan-garyndaşlar, galyberse-de jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda üpjün edilýär. Ýöne şol bir wagtda, soňky ýyllarda ýiten çagalar barada has köp maglumatlar paýlaşylyp başlandy.

Öňki ýyllarda käbir goňşy ýurtlarda hem bir döwür şeýle problemalar giň ýaýrap, Özbegistanda mekdepler we çagalar baglary ene-atalardan çagalaryň mekdebe gidiş we gaýdyş ýolundaky howpsuzlygynyň jogapkärçiligini doly öz üstüne alýandyklary barasynda dilhaty talap edipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России