Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Aşgabatda orta hünär okuw kitaplaryny neşir etmegiň talaplary maslahat edildi

Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, şeýle-de Ahal welaýatynyň magaryf işgärlerinden ybarat ýörite geňeş 16-njy maýda Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta hünär mekdebinde okuw kitaplaryny neşir etmegiň nobatyny tertipleşdirmegi maslahat etdi.

Bu maslahat Türkmenistanda okuw kitaplarynyň üpjünçiligi bilen bagly problemalaryň ýyllarboýy dowam edip, şeýle meseleleriň garaşsyz neşirlerde, şol sanda Azatlyk Radiosynda gaýta-gaýta gün tertibine getirilýän pursatlaryna gabat gelýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligine görä, maslahatda hödürlenen prezentasiýalarda, beýleki käbir meseleler bilen bir hatarda, okuw kitaplaryny neşir etmegiň nobatyny kesgitlemegiň tertibi, şeýle-de, olaryň hil taýdan talaba laýyk bolmagy maslahat edildi.

Degişli ýygnak esasan ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň okuw kitaplaryna gönükdirilipdir, ýöne Azatlyk Radiosy we garaşsyz neşirler Türkmenistanyň orta mekdeplerinde kitap üpjünçiliginiň ýaramaz galýandygy, hususan-da 12-nji klas okuwçylar üçin zerur okuw kitaplarynyň ýeterlik derejede üpjün edilmeýändigi barada habar berip gelýär.

Azatlyk Radiosynyň Ahal welaýatyndaky habarçysy we çeşmeleri üstümizdäki okuw ýyly ahyrlaýan mahaly, ýaňy-ýakynda Babadaýhan etrabynda 10-12-nji synp okuwçylara täze okuw kitaplarynyň paýlanyp berlendigini, käbir kitaplaryň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.

“Käbir kitaplar ýetenok, meselem, 40 okuwçydan ybarat bir synpa Fizika dersi boýunça bary-ýogy 10 sany kitap paýladylar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk mekdebinde geçirilen maslahatda hödürlenen prezentasiýalaryň birinde çapa hödürlenýän kitaplaryň nusgalary görkezilipdir.

Şeýle-de, maslahatda kitap çap etmegiň meýilnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň her bir okuw jaýynyň ýolbaşçysy tarapyndan gözegçilikde saklanmagy, galyberse-de kitaplaryň taýýarlanylmagyna gatnaşýan mugallymlardan yzygiderli hasabatlaryň alynmagy barada kararlar kabul edilipdir.

Azatlyk Radiosynyň bilim ulgamyndaky çeşmeleri okuw kitaplary boýunça geçirilen soňky maslahatyň iş ýüzünde kän bir üýtgeşmelere getirmeýändigini, şol bir wagtda, orta mekdepleriň kitap üpjünçiliginiň pes galýandygyny aýdýarlar.

“Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň her biriniň öz metodologiýasy, öz kitaplary we okuw gollanmalary bar. Emma umumy bilim berýän orta mekdeplerde şol bir bilim maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Näme sebäpden şeýle maslahatlarda 12-nji synp mekdep okuwçylaryna okuw kitaplarynyň ýetmezçilik edýändigi ara alnyp maslahatlaşylmaýar” diýip, bilim pudagyndaky çeşme aýdýar.

Ol şuňa meňzeş meseleleriň iri maslahatlarda henize çenli gozgalmandygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirýär.

Türkmenistanyň bilim ulgamynda bäş basgançak binýatlyk esas hökmünde bellenýär, olar şulardyr: mekdebe çenli bilim, orta bilim, orta hünär bilimi, ýokary hünär bilimi we ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi.

Okuw ýyly ahyrlaýan mahaly, Azatlyk Radiosy soňky wagtlarda ýurduň dürli sebitlerinde orta mekdeplerde üznüksiz dowam edýän problemalar, şol sanda okuwçy ýaşlardan mekdepleriň abatlaýyş işlerine niýetlenip, pul serişdeleriniň ýygnalyp alynmagy, häzirki sekizinji synp okuwçylaryň öňümizdäki okuw ýylynda hem, özleriniň 9-njy synp boljakdyklaryna garamazdan, olaryň şol bir okuw maksatnamasyny gaýtalamagyna garaşylmagy, hatda sapak wagtynda orta mekdepleriň birinde okuwçylaryň sapaga derek, reklamalara tomaşa etdirilmegi ýaly meseleler barada habar berdi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginden, ýa-da ýerli bilim müdirliklerinden şeýle meseleler barada resmi teswir alyp bolmaýar.

Ýurduň taryhynda ilkinji gezek şu ýyl 12 synpy tamamlaýan ýaşlar şu ýyl mekdeplerden uçurym bolýar. Orta mekdepler 2013-nji ýylda 12 ýyllyk edilipdi.

Orta mekdeplerde 12 ýyllyk bilim bermek üçin ýörite programmanyň işlenip düzülmändigi üstümizdäki okuw ýylynyň başynda belli bolupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России