Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Balkanda sil hojalyklara zyýan ýetirdi, häkimden kömek soranlara basyş edilýär

Balkan welaýatynyň birnäçe ilatly ýeriniň ýaşaýjylary geçen hepde iki günläp ýagan güýçli ýagynyň netijesinde suw alan jaýlaryny tertibe getirmek we dörän siliň netijelerinden saplanmak ugrunda kynçylyk çekýärkä, ýerli häkimiýetler ýardam bermegiň ýerine ilata basyş edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we çemeleri 4-nji iýunda maglumat berdiler.

Türkmenbaşy şäherinde 26-njy maýda ýagan güýçli ýagyşdan soň şäheriň köçelerini sil basdy. Ýerli çeşmeleriň biri öz görenlerini şeýle suratlandyrdy:

"Sil suwunyň gelmegi bilen ýollar läbikden doldy. Ulaglaryň we pyýadalaryň ýoldan ýöremegi we geçmegi kynlaşdy. Ýeňil ulaglaryň palçyga batyp, hereketsiz duran halatlary hem boldy. Palçyga batan ýeňil ulaglary uly ulaga çatyp, çekdirip çykardylar".

Türkmenbaşy şäherinde jemagat hojalygy gullugynyň işgärleri arassaçylyk işlerini geçirdiler we tebigy hadysanyň netijelerini aradan aýyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp bardylar.

Emma welaýatyň merkezinden tapawutlylykda kiçiräk ilatly ýerleriň ilaty, esasan oba ýerlerindäki hojalyklar uly zyýan çekdiler we siliň weýrançylykly netijeleri bilen ýüzbe-ýüz bolup, häkimiýetler tarapyndan kömeksiz galdylar.

Bereketde 8-nji oba diýlip, atlandyrylýan dag etegindäki obada 25-nji we 26-njy maýda ýagan ýagyş zerarly jardan aşa köp suw gelip, 200-e golaý öýi sil suwy basdy.

Çeşmeler bu obanyň sil suwundan tas her ýyl zyýan çekip gelýändigini belleýärler.

"Her sapar güýçli ýagyş ýaganda dagdan ýer göçüp jaryň akyş ugruna dykylýar we kadaly suw akymyny üýtgedýär. Netijede her sapar sil obalara uly zyýan ýetirýär" diýip, ýagdaýdan habarly balkanly çeşme gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýerli ýaşaýjylar siliň ýetirýän zyýanyny azaltmak hakda welaýat häkiminden kömek sorapdylar we tehnikany, ekskawator berilmegini haýyş edipdirler. Emma ýaşaýjylaryň eden arzasyndan soň olar MHM-nyň işgärleriniň basyşlaryna sezewar bolupdyr.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý dogrusynda Balkan welaýatynyň häkimliginden resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi. Emma ýerli kanun goraýjy edarasyndaky çeşmäniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, ýaşaýjylara siliň zyýany bilen bagly öz hojalyklarynda dörän problemalary özbaşdak çözmek tabşyrylypdyr.

"Häkimde sil basan obadan başga alada ýokmy. Demir ýoly ýa-da uly gara ýoly sil-suw bassa ol demir ýol we gara ýol edaralarynyň problemasy, olaryň özleri meseläni çözer. Adamlaryň öýüne sil suwy zyýan ýetirdimi, adamlaryň özleri çözer meselesini" diýip, kanun goraýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Balkanly bilermenler dagdan gelýän sil suwlarynyň ilatly ýerlere ýetirýän zyýanyny azaldyp bolýandygyny aýdyp, çäreleriň arasynda suw akymyny üýtgetmek üçin ýörite desgalaryň gurluşygyna ünsi güýçlendirmegi agzaýarlar.

"Dagdan gelýän ýagyş suwuny golaýda açylan Bereket suw howdanyna birikdirmek mümkin. Eger dagyň sil suwlaryny obadan sowmak üçin ýörite akabalary gurup, Bereket suw howdanyna birikdirmek üçin döwlet serişde goýberse, birden 2 mesele deňine çözülerdi. Birinjiden, obalary, ýollary we ekinleri sil suwundan gorardylar, ikinjiden Bereket suw howdanynyň suwsuz gurap galmak problemasynyň öňüni alardylar" diýip, suw ugrundan türkmenabatly bilermen Bereketdäki problema barada garaýyşyny paýlaşdy.

Balkan welaýatynda sil suwlarynyň ilatly ýerleri basmagy bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

Martyň başynda Balkanda sil suwlary demirýoluň bir böleginiň opurylmagyna getirdi. Birnäçe günläp dyngysyz ýagan çabgaly ýagyşlaryň netijesinde gelen sil suwlary şäher we oba infrastrukturasyna, hususan-da, gara ýollara we demirýollara ýiti zyýan ýetirdi.

Türkmenistanda soňky ýyllarda has ýygjamlan tebigy hadysalar hökümet resmileriniň çykyşlarynda we döwlet mediasynda düýpden agzalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России