Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Çärä gatnaşmak üçin tigir alyp bilmedik erkek işini ýitirip, özüni heläkledi - Çeşme

Azatlygyň habarçysy 4-nji iýunda bir daşoguzly ýaşaýjynyň özüni otlynyň aşagyna taşlap, pajygaly ýagdaýda heläk bolandygyny habar berdi. Bu waka ýurtda howanyň aşa gyzmagy bilen, jokrama yssyda ol ýa-da beýleki möhümini bitirmek üçin sebitlerden paýtagta gitmeli bolýan ýa-da yzyna gelýän ýaşaýjylaryň ýüzbe-ýüz bolýan dowamly kynçylyklarynyň has agyrlaşan wagtynda bolupdyr. Ýöne şaýatlar öz janyna kast eden adamyň 3-nji iýunda Halkara welosiped gününde geçirlýän tigir ýörişi üçin täze tigir alyp bilmän, işden kowlandygyny we şu ýagdaýa gahar edip, özüni öldüren bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürýärler.

“Pajygaly waka 4-nji iýun güni irden, sagat 5-de boldy, Aşgabat Daşoguz arasynda gatnaýan otly Şabat etrabynyň Kirow kolhozynyň deňinde bir raýaty kakyp öldürdi” diýip, habarçy heläk bolan erkegiň 40 ýaşlarynda bolandygyny hem sözüne goşdy.

Aýdylmagyna görä, wepat bolan adam “janyna dözüp, özüni otlynyň aşagyna oklapdyr”.

“Gaty pajygaly ölüm... Raýat azyndan üçe bölündi we otly ony 200 metre çenli süýräp alyp gitdi. Otly saklananda, oňa kömek bererden gaty giçdi, “Tiz kömek”, medisina bölüminiň işgärleri hem bolan hadysadan soň bir ýarym sagatda geldi” diýip, çeşme aýtdy.

Öz janyna kast eden adam, aýdylmagyna görä, Şabat etrabyndaky 33-nji mekdepde garawul bolup işleýän eken. Ýöne ol 3-nji iýunda geçirilýän welisipet ýörişine gatnaşmak üçin welosiped satyn alyp bilmändir we tigir çäresine gatnaşyp bilmejegini aýdanyndan soň işden boşadylypdyr.

Netijede, ol bu habardan soň, janyna kast etmek üçin, otlynyň geljek wagtyna garaşyp, 2-nji iýundan 3-nji iýuna geçilýän gije öýüne hem barmandyr diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Şaýatlaryň sözlerine görä, bu waka adamlary gaty gorkuzdy. Bir ýolagçy ozal şeýle ýagdaýlar barada eşidendigini, ýöne heniz gözi bilen görmändigini aýtdy.

“Ýolagçylar ýene 10 minutdan demirýol wokzalynda düşmäge taýýarlanýardylar, janyna kast edeniň kellesi bir ýanda, her eli, aýagy başga ýere bölünip, gana bulaşyp ýatyrdy. Bu zatlary otlynyň äpişgesinden gören çagalar, adamlar gaty erbet boldular” diýip, çeşme aýtdy.

Bu waka ozalam gowy bolmadyk otly gatnawynyň has kynlaşyp, ýurduň demirgazyk sebitinden dürli durmuş zerurlyklary üçin Aşgabada gidýän we yzyna gaýdyp gelýän adamlaryň yssy howada görýän görgüleriniň has artan wagtyna gabat geldi.

“Soňky günler Aşgabatdan Daşoguz sebitine gelmek, bilet meselesi örän kynlaşdy. 2-nji iýun güni 150 raýat demirýollary ministrliginiň binasyna baryp, Daşoguz welaýaty üçin goşmaça reýs goýup bermegi talap etdiler” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, goşmaça demirýol gatnawynyň ýola goýulmagyny soran adamlara Gurbanlyk baýramynyň öň ýanynda ýene iki otly gatnawynyň açyljakdygyny aýdypdyrlar.

“Raýat demirýollarynyň iň uly ýolbaşçysy şu wagt artykmaç lokomotiwler abatlamak üçin hytaý döwletine ugradyldy. Daşoguza onsuzam günde 2 gatnaw bar. Gurban baýramynyň öň ýany 4 otly gatnawy ýola goýlar. Emma bu hem talaby ödemeýär” diýip, haýyş bilen baran adamlar bilen gürleşen resmi aýdypdyr.

Azatlygyň çeşmesi ol resminiň adyny we wezipesini anyklaşdyrmady. Türkmenistanda ýolagçylaryň kanuny talaplary we olara berilýän resmi jogaplar, düşündirişler, şol sanda ýol hadysalary, gijikmeler we olaryň sebäpleri, barada resmi maglumat almak mümkinçiligi ýok.

Azatlygyň habarçysynyň ýene bir maglumatyna görä, 31-nji maýda Aşgabatdan Daşoguz şäherine ugran otly Derweze, Içoguz stansiýasyndan takmynan 50 km uzaklykda, demirgazyk sebite gelýän wagtynda, lokomotiwi ot alyp, 1-nji iýunda 8:00-da gelmeli Halyna, otly sagat 15:20-de, tas 10 sagat gijä galyp geldi.

“Ýolagçy otlusy üçin täze lokomotiw ugradyp, üsti ýolagçyly wagonlary başga otly çekip getirdi, raýatlar yssy howada Garagum çölüniň ortasynda galyp, gaty kösendi, ýöne turan ýangyn sebäpli ýolagçylar arasynda ölen, ýaralanan bolmady” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, Azatlyk bu hili wakalary bolan ýerinde öwrenip, şaýatlar, resmiler bilen açyk gürleşip, doly we jikme-jik maglumat berip bilmeýär. Ýöne habarçy şeýle wakalaryň “az bolmaýandygyny” we olar barada diňe soňundan eşidip galýandygyny, adamlaryň öz gören zatlary barada gürlemekden gaty gorkýandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России