Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Lebapda tomusky dynç alyşda iş gözleýän ýetginjekleriň sany göz-görtele artdy

Maý aýynyň 31-de okuw möwsüminiň tamamlanmagy bilen Lebap welaýatyň çäginde iş gözleýän ýetginjekleriň sany esli artdy. 15-17 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň arasynda gazanç üçin welaýatyň daşyna we hatda paýtagta gidip işlemek meşhur boldy.
Lebaply mekdep okuwçylarynyň, ene-atalaryň we “iş berijileriň” gürrüň bermegine görä, daş etraplarynda ýaşaýan 15-17 ýaş aralygyndaky oglan-gyzlar welaýatyň administratiw merkezine, hatda Aşgabada we Balkan welaýatyna gazanç etmek üçin gidýärler.
“Tomus aýlarynda toý mekanlarynda, kafe-barlarda, dynç alyş zolaklarynda we awto ýuwalgalarda iş köpelýär. Men Halaçdan şähere 2-nji iýunda geldim. Häzir toý mekanynda ofisiant bolup işleýärin. Şäheriň içinde işleýän ýetginjekleriň sany kän” diýip, halaçly mekdep okuwçysy aýdýar.
Türkmenabatda azyk harytlaryny satýan dükanyň satyjysy 2-nji iýunda dükana 12 sany ýetginjegiň iş sorap gelendigini gürrüň berdi.
Gazanç maksady bilen iş gözleýän ýaşlar dürli sebäplere görä işlemeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

Balkan welaýatyna işe gaýdan 17 ýaşly türkmenabatly gürrüňdeşlikde, kiçi doganlaryna geljek okuw ýyly üçin okuw esbaplaryny we egin-eşikleri satyn almak üçin işe gidenligini aýdýar.
“Dynç alyş möwsüminde, Awazada baýlar dynç alýarlar. Ol ýerde pul kän. 3 aýda hiç bolmanda 6 müň manat gazanyp bilsem, iki sany uýama ýardam edip bilerin. Ejem tam syryjy bolup işleýär, onuň aýlygy hiç zada ýetmeýär” diýip, ýetginjek gürrüň berdi.
Türkmenabadyň restoranlarynyň birinde işleýän 17 ýaşly oglan: "Men mekdebi tamamlap, Malaýziýa okuwa gitmekçi. Biraz gazanç edip, enem-atama ýardam etmekçi bolýaryn. Sebäbi olar meni okuwa ugratmak üçin karza batdylar” diýip aýdýar.
Türkmenabatly hususyýetçiler we ene-atalar welaýatyň çäginde iş gözleýän ýetginjekleriň sanynyň artmagy bilen, işçiler üçin günlük tölenýän haklarynyň peselendigine ünsi çekýärler.
“Toý mekanlary we restoranlar, adatça ofisiantlar üçin günlik 50-60 manat töleýärdiler. Emma tomusda iş gözleýän okuwçylaryň sanynyň artmagy bilen, olar günlük haklaryny 30-40 manada çenli azaltdylar” diýip, türkmenabatly çeşme aýdýar.
Daş etraplardan Türkmenabada gazanç üçin barýan ýetginjekler Toý mekanlaryna işe girmäge çalyşýarlar.
“Toýdan soň, öýe ýanyň bilen produkt alyp gidip bolýar. Iýmit üçin pul harçlamak gerek däl. Şeýdip, gazanan puluňy toplap bolýar” diýip, ýaşlaryň biri gürrüň berdi.
Mekdep okuwçylarynyň sözlerine görä, olar günüň dowamynda 14-16 sagat işlemäge mejbur bolýarlar.
Türkmenabadyň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki çeşme ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsüminde işlemegi gowy diýip, pikir edýär: “Adatça, tomus kanikullarynda, güýmenje bolmaýanlygy sebäpli, daşarda entäp ýörän ýetginjekler köp bolýar, olaryň arasynda ýygy-ýygydan çaknyşyklar döreýär. Şol sebäpden tomusda, polisiýada ýetginjekler bilen işleýän bölüme gözegçiligi güýçlendirmek tabşyrylýar”.
Türkmenistanyň zähmet kodeksine görä, 18 ýaşdan kiçi ýetginjekleriň öz ene-atasyň ýa-da çaga howandarlyk edýän adamyň rugsady esasynda işlemäge haky bar. 16-18 ýaş aralygyndaky ýaşlar hepdäniň dowamynda 36 sagat, 16 ýaşa çenli ýaşlar hepdede 24 sagat işläp bilýärler. Emma iş ýüzünde ýetginjekler has köp işleýär.
“Biz bilen hiç kim zähmet şertnamasyny baglaşmaýar. 14-16 sagat zähmet çekip ýadasak hem alajymyz ýok” diýip, lebaply ýetginjek aýdýar.
Polisiýadaky çeşme, degişli edaralaryň iş berijileriň ýetginjekler bilen şertnama baglanyşman işledýändigine ýeterlik üns bermeýändigini belleýär we ýetginjekleriň aldawa düşýän pursatlarynyň hem bolýandygyny aýdýar.
“Degişli kanunyň barlygyny bilýän adam az. Wyždansyz iş berijiler okuwçylary işledip, puluny hem bermeýärler. Hatda, polisiýa ýüzlenen ýetginjekler hem boldy. Emma polisiýa hem bu problema ýeterlik üns bermeýär” diýip, polisiýadaky çeşme aýtdy.
Lebap welaýatynyň baş bilim müdirligindäki çeşme, şu ýyl öňki ýyllara seredende iş gözleýän ýetginjekleriň sanynyň köpelmegini diňe bir maddy kynçylyklar we ýeter-ýetmezçilik bilen baglanyşdyrmaýar.
“Ýaşlar üçin güýmenje ýok. Teatra gideýin diýseň, idili bir spektakl ýok. Medeniýet öýünde kinoteatrlarda görer ýaly film ýok. Internet petikli. Häzirki ýaşlaryň wagtyny kitaphanada geçiresi gelmeýär. Obada ýaşaýan okuwçylar gününi potratda ýa-da mal bakmak bilen geçirýärler. Okuwçylaryň aglabasy gazanç etmek bilen gün geçirýärler” diýip bilim işgäri aýtdy.
Magaryf işgäri, ýaşlaryň wagtyny agyr zähmete we gazanç aladasyna sarp etmeginiň olaryň bilim almak, hünär edinmek mümkinçiligini çäklendirýändigini aýdyp, olaryň geljegine aladalanma bildirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России