Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Türkmenistandan çykmak gadagançylygyna duçar bolan türk raýatynyň aýaly Türkiýedäki maşgalasyna gowuşdy

Türkiýäniň raýtlary bilen durmuş guran we pasportyny çalyşmak üçin Türkmenistana barandan soň ýurtdan çykyp bilmedik türkmenistanly zenanlaryň ýene biri Türkiýedäki maşgalasyna gowuşdy. Azatlyk Radiosy Dilfuza Arslan bilen gürleşip bildi.

Dilfuzanyň 6-njy iýunda Türkiýe barandygyny onuň adamsy Rüstem Arslan Azatlyk Radiosyna şol gün habar berdi.

Bir ýyldan gowrak wagtlap Türkmenistandan çykyp bilmedik Difuza öz başdan geçirenlerini şeýle gürrüň berdi:

“[Maýsa Özkanyň ýoldaşy] Ýylmaz bilen ýoldaşym barada eden reportažyňyzdan üç aý geçenden soň, mart aýynyň 21-ne Daşoguz welaýatynyň Migrasiýa bölümi meni çagyrdy. Ol ýerde bölümiň ýuristi ýanyna çagyryp: ' Seniň işiňde problema bar, başlygyň ýanyna gir' diýip aýdy. Yzy üzülmeýän nobatlar sebäpli başlygyň ýanyna ertesi girip bildim. Bölüm başlygy, maňa kassa baryp 30 manat döwlet pajyny töläp, kagyzyňy al-da, gidiber diýdi. 24-nji martda, Türkmenistanyň migrasiýa hakyndaky kanunynyň 24-nji maddasy esasynda ýurtdan çykmaga rugsat haty berildi” diýip, Dilfuza gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Türkiýäniň raýatlary bilen durmuş guran daşoguzly Dilfuza Arslanyň we lebaply Maýsa Özkanyň türkmen häkimiýetleriniň olara garşy girizilen ýurduň daşyna çykmak gadagançylygy zerarly maşgalalaryna gowuşyp bilmeýänligi hakynda 2024-nji ýylyň dekabr aýynda habar beripdi.

Dilfuzanyň sözlerine görä, ol migrasiýa gullugyndan rugsatnamany alanyndan soňra, Türkiýäniň wizasyna 3 aý garaşypdyp.

“Iýun aýynda wizam çykdy. Ýoldaşym, gymmat bolsa-da Türk howa ýollarynyň uçaryna 35 müň türk lirasyny [1000 usd] harçlap, maňa bilet aldy. Türkiýäniň wizasyna garaşýan adamlaryň sany gaty kän. Nobatda menden öňde 2000 müň adam bardy” diýip, Dilfuza gürrüň berdi.

Dilfuza Arslanyň sözlerine görä, Maýsa Özkan 2025-nji ýylyň maý aýynda Türkiýä goýberilipdir. Emma Azatlyk Radiosy bu maglumaty Maýsa Özkanyň özünden we onuň adamsyndan tassyklap bilmedi.

Dilfuza Arslan Türkmenistandan Türkiýe uçmaly güni, Aşgabadyň halkara howa menzilindäki ýagdaý barada hem gürrüň berdi:

“Elimdäki rugsatnama we beýleki resminamalarym bilen bardym. Pasport kontroldaky migrasiýa işgäri: 'Näme sebäpden familiýaň Arslanowa däl-de Arslan' diýip, sorady, ýoldaşymyň türkiýelidigini aýdanymdan soň, sesini çykarman pasportyma möhür basyp, 'ýoluňyz açyk bolsun' diýip goýberdi” diýip, Dilfuza goşmaça kynçylyklaryň ýüze çykmanlygyna begenmek bilen gürrüň berdi.

“Meni Migrasiýa gullugyna çagyranlarynda, hiç kim goşmaça soraga çekmedi. Basyş ederler diýip gorkdum, emma hiç zat bolmady, Hudaýa şükür maşgalama gowuşdym” diýip, Dilfuza aýdýar.

Difuzanyň adamsy Rüstem Arslan şu ýylyň başynda Türkiýäniň ýene bir raýaty Ýylmaz Özkan bilen bilelikde Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň prezidentine ýüzlenip, öz aýallarynyň Türkmenistandan çykarylmagyny sorapdy. Şol ýüzlenmede türk raýatlary özleriniňkä meňzeş ýagdaýa düşen ýene onlarça türk raýatynyň topar düzüp, öz aýallaryny Türkmenistandan çykarmak üçin çykalga gözleýändigini habar beripdi.

Türk raýatlaryna durmuşa çykan türkmen zenanlaryna Türkmenistandan çykmaga rugsat berlip, olaryň köpçülikleýin ýurtdan çykyp başlandygyny Azatlygyň çeşmeleri apreliň başynda habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России