Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Merhum kakasynyň pensiýa puly 'ogurlanan' zenan arzasyny yzyna almaýar

Türkmenistanda hojalyk bolup, maşgala agzalarynyň maýyplyk resminamalaryny düzedýän hem-de ýogalan adamlaryň atlaryny ýazgydan, bank hasaplaryndan aýyrtman, her aýda olaryň atlaryna gelýän serişdäni nagtlaşdyrýan maşgalalaryň köpelýändigi habar berilýär. Şu aralykda merhum kakasynyň pensiýa pulunyň 'ogurlanandygyny' aýdýan aýal prokuroryň arzasyny yzyna almak teklibi bilen ylalaşmady.
Bu hili galplyklar oba, şäher ýerlerinde, özara gürrüňçiliklerde öňräkden bäri agzalýardy. Ýöne ýurduň maglumat üçin ýapyk bolmagy, raýatlaryň açyk gürrüň etmekden çekinmegi bu aýdylýanlary ýerinde anyklaşdyrmaga, resmilerden düşündiriş almaga mümkinçilik bermeýär.
Häzir Türkmenistanyň dürli sebitlerinde kyn ýagdaýlarda galyp, eklenç meselelerini çözmek üçin her dürli bikanun işlere, şol sanda para berip, maşgalada bir ýa iki adama maýyplyk açdyrmak ‘çykalgasyna’ ýüz urýan adamlar köp; olar göterimine pul alyp, tanyş tapyp, hojalykda her adam başyna 16-18 müň manat pul berip, inwalidlik, maýyplyk açdyrýarlar diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.
Agyr ykdysady ýagdaýda tapylan 'özboluşly çykalga'Hünärmeniň aýdan sözlerini şeýle ‘özboluşly çykalga’ ýüz uran adamlaryň biri öz mysalynda tassyk etdi.


“Biz maýyplyk düzedip, döwletiň kömek pulundan peýdalanmasak bolanok. Biz munuň daşyndan başga işler bilenem meşgullanýarys, şonda-da zordan hojalygymyzy ekleýäris” diýip, Ahaldaky habarçymyz bilen gürleşen ýaşaýjy çaga wagtlary düzedilen maýyplyk resminamalarynyň mekdebi tamamlan ogullaryna harby gullukdan galmaga hem uly kömek edendigini aýtdy.
“2 ýyl aç-hor bolup harby gullukda gezeninden, goý, başga işler bilen hojalyga ýardam etsin, gazanç etsin, iň soňy biziň çagalarymyzy hukuk goraýjy etmek niýetimizde ýok” diýip, maşgala bolup maýyplyk resminamalaryny düzeden ahally ýaşaýjy adynyň agzalmazlygy şerti bilen beren gürrüňinde aýtdy.
Şeýle-de, häzir notarius, bank işgärleriniň käbiriniň dil düwşüp, ýogalan adamlaryň pensiýa we maýyplyk hasaplaryny ýapman, olaryň adyna gelýän pullary nagtlaşdyrmak arkaly ‘bikanun pul gazanýandygy’ habar berilýär.
“Kakamyň ýogalanyna 2 ýyl bolup gelýär, emma bank işgärleri notarius işgärleri bilen dilleşip, kakamyň adyny hasapdan aýyrman, şu güne çenli pul nagtlaşdyryp, öz aralarynda paýlaşyp gelipdirler. Muny maňa bir notarius işgäri aýtdy. Men ilki ynanmadym. Soň özbaşdak derňemäge, ondan-mundan tanyş tapyp, soramaga başladym” diýip, bu mesele boýunça prokuratura arza beren raýat Azatlyga öz tejribesini gürrüň berdi.
Söhbetdeşimiziň tassyklamagyna görä, ol bolan işleri anyklanyndan soň bank işgäriniň öýüne barýar we “meniň kakamyň kömek puluny häzirki güne çenli alýarsyňyz, emma biz hiç zatdan habarsyz, eger-de şeýle bolsa, meniň hojalygym kyn günde, men baryny maňa beriň diýemok, maňa-da ujundan beriň” diýýär.
Emma bank işgäri gaharlanyp, üstüne gygyryp, ony kowýar we şondan soň öz merhum kakasynyň pensiýa pullarynyň şindi hem alynýandygyny aýadýan zenan göni prokuratura gidip, bu iş boýunça şikaýat arzasyny berýär.
Güman edilýän arkaly bolsa, 'arzaňy yzyna almak' teklip edilýärProkuratura işgäri onuň kakasynyň ýogalandygy baradaky şahadatnamasyny görüp, bu meselede hakykatdanam jenaýata baş goşulandygyny aýdýar, ýöne “bilýäň-ä, häzir döwür kyn, eklenç üçin her zat edip bilerler, senem düşün we arzaňy yzyna alaý” diýýär.


“Men arzamy yzyna aljak däl, gerek bolsa ýokaryk ýazjak” diýip, raýat prokuratura işgäriniň töwellaçylygynyň sebäbini hem anyklandygyny, onuň gorajak bolýan bank işgäriniň ýakyn hossarynyň MHM işinde işleýändigini, muny özüne bank işgärleriniň aýdandygyny gürrüň berdi.
Azatlyk radiosynyň ýerli habarçysy bu işi gözegçilikde saklaýar we, arz eden raýatyň howpsuzlyk aladalary bilen baglylykda, adam atlaryny we beýleki jikme-jiklikleri aýtmakdan häzirlikçe saklanýar.
Azatlyk raýatlaryň maýyplyk resminamalaryny düzetmekde, kömek pullaryny almakda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada mundan öňem habar berdi, emma türkmen häkimiýetleri garaşsyz neşirleriň žurnalistlerine düşündiriş bermeýär, döwlet eýeçiligindäki metbugat beýle habarlara reaksiýa bildirmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России