Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Dökünler bilen üpjün edilmeýän balkanly daýhanlar awy pürküjileri satyn almaga mejbur edilýär

Balkanly pagtaçy daýhanlaryň onlarçasy döwlet tarapyndan özlerine mundan bir aý gowrak ozal paýlanylmaly mineral dökünleriň henizem berilmeýändigini aýdýar. Olar munuň hasylyň pes bolmagyna getirjekdigini, döwlete bergili çykjakdyklaryny belleýärler.

Bu aralykda, häkimiýetler daýhanlary ekin meýdanlaryny ýurda çozan çekirtgelerden goramaga niýetlenen awy pürküji enjamlary bazar bahasyndan iki esse gymmada satyn almaga mejbur edýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji iýunda sebitden maglumat berdi.

“Gowaçalar ekilenine 70 günden aşdy, pagtaçy kärendeçileriň köpüsine suw we dökün henizem berilmedi. Ýogsam, mineral dökünler maý aýynyň birinji ongünlüginiň ahyrynda paýlanyp başlanmalydy” diýip, Gyzylarbat etrabynyň Zaw daýhan birleşigindäki pagtaçy daýhan anonimlik şertinde aýtdy.

Bellesek, Türkmenistanyň resmi metbugaty 16-njy iýundan bäri ýurduň welaýatlarynda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň ýerine ýetirilýändigini habar berip gelýär. Balkanyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradow bu barada soňky gezek 23-nji iýunda prezident Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda belledi.

"Hasyl pes bolar, döwlete bergili çykarys"Türkmenistanda kärendeçi daýhanlar döwlet tabşyrygy esasynda gowaça ekip, ýetişdiren hasylyny döwletiň kesgitlän bahasyndan döwlete satmaga borçlanýarlar. Öz gezeginde, döwlet kärendeçi daýhanlary dürli ýeňillikler, şol sanda mineral dökünler bilen üpjün etmegi öz üstüne alýar.

Ýöne balkanly daýhanlaryň ençemesi mineral dökünleriň berilmegini sorap, etrap resmilerine edýän ýüzlenmeleriniň kanagatlandyrylmaýandygyny, munuň sebäpleriniň hem düşündirilmeýändigini aýdýar.

“Gowaçalar azot, fosfor ýaly dökünler bolmansoň, bir garyş boýy bilen ak gül görkezip başlady. Bu, ýagny gowaça bir garyş boýy bile ak gül açsa, onda hasylyň 60 göteriminiň ýitiriljekdigine yşarat edýär. Şu ýyl gyzylarbatly daýhanlaryň bergili çykjakdygy ikuçsyz” diýip, gyzylarbatly ýene bir daýhan anonimlik şertinde aýtdy.

Bu aralykda, daýhanlar etrap resmileriniň özlerini ekin meýdanlaryny ýurda çozan çekirtgelerden goramak üçin niýetlenen awy pürküji enjamlary bazar bahasyndan iki esse gymmada satyn almaga mejbur edýändigini belleýärler.

“Satyn almasaň, maňlaýyňdakyny görersiň-d䔓Etrap häkimlikleri 16 litr sygymy bolan bu awy pürküji el enjamyny her kärendeçä 450 manatdan mejbury satyn aldyrdy. Häkimler hem daýhanyň üstünden peýda görüp, pul gazanmak ýoluna geçdi. Bazarda 16 litr suw ölçegli derman sepiji enjam 220 manatdan bahalanýar. Daýhanyň pikiri soralmady. Häkimlik resmileri olara “satyn almasaň, maňlaýyňdakyny görersiň-dä” diýensoň, daýhanlar gorkup, satyn almaga mejbur boldular” diýip, balkanly kärendeçi daýhan anonimlik şertinde aýtdy.

Howanyň aşa gyzmagynyň arasynda, Türkmenistanyň dürli sebitlerinde, şol sanda Balkanda geçen hepdäniň ahyrynda çozup başlan çekirtgeleriň köpelmegi we ýaýramagy dowam edýär.

Dermanlar, himiki we awy serişdeler berilmeýärAzatlyk Radiosyna gelip gowşan we türkmenistanlylar tarapyndan sosial ulgamlarda paýlaşylýan suratlar hem-de wideolar çekirtge sanynyň gaty çalt köpelýändigini tassyklaýar. Wideolarda ýaşaýjylaryň häkimiýetleriň çekirtgelere garşy hiç hili göreş alyp barmaýandygyndan şikaýat edýändigini hem eşitse bolýar.

Bu aralykda, balkanly daýhanlar häkimiýetleriň özlerini awy pürküji enjamlary satyn almaga mejbur edendigini, ýöne bularda ulanmak üçin niýetlenen dermanlar, himiki we awy serişdeler bilen üpjün etmeýändigini hem aýdýarlar.

“Biz bazardan mör-möjeklere garşy dermanyň 500 gramyny 300 manatdan satyn alyp, her iki günden gowaça meýdanyna sepýäris” diýip, balkanly daýhan belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Balkanyň oba hojalygy bölüminden resmi teswir alyp bilmedi. Şeýle-de, redaksiýa bu himiki serişdeleriň ýörite hünärmenler tarapyndan däl-de, ýöriteleşdirilen egin-eşikleri geýmedik daýhanlar tarapyndan ekin meýdanlaryna sepilmeginiň näderejede howpsuzdygyny hem anyklap bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России