Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Ysraýylyň we Eýranyň asmany asuda: howsalaly başlangyçdan soň ýaraşyk saklanýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň gatnaşmagynda gazanylan ýaraşyk ylalaşygynyň güýje girmeginiň ikinji gününde, Ysraýylyň we Eýranyň üstündäki asman giňişliginde asudalyk saklanýar.

Ysraýylyň hökümeti 25-nji iýunda irden raýatlar üçin uruş bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeleriň köpüsini ýatyrdy. Mundan birnäçe sagat öň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 23-nji iýunyň gijesinde özüniň yglan eden ýaraşyk şertlerini bozandyklary üçin taraplaryň ikisine-de nägileligini bildirip, “12 günlük uruş” diýip häsiýetlendiren konflikte gyssagly ýagdaýda soň goýmagy talap edipdi.

Ysraýyl goşunynyň içerki howpsuzlyk boýunça gullugy, soňky ýagdaýlaryň seljerlip, çäklendirmeleriň gowşadylmagy barada karar kabul edilendigini mälim etdi.

Bu çözgüt bilen ýurduň köp böleginde mekdeplerde okuwlar täzeden başlanyp biler, şeýle-de köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegine rugsat berler, ýöne Gazadaky konflikt bilen baglanyşykly käbir çäklendirmeler häzirlikçe öz güýjünde galýar.

Beýleki tarapdan, Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkýan hem ýaraşygyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurduň kadaly durmuşa dolanmaga taýýardygyny mälim etdi.

Pezeşkýan milli telewideniýede halka ýüzlenip: “Şu günden başlap, hökümet we degişli edaralar dikeldiş işlerine başlap, adaty durmuşy gaýtadan ýola goýarlar” diýip belledi.

Ol Eýran bilen ABŞ-nyň diplomatik gepleşikleri alyp barmaga synanyşýan wagty, Ysraýylyň hereketlerini “terrorçylykly hüjüm” diýip häsiýetlendirdi.

Ýaraşygyň güýje girmegi 24-nji iýun ir sagat 7-i diýip bellenipdi, ýöne şol möhletden soň hem taraplar raketa we howa zarbalaryny dowam etdirip, uly ýitgilere we weýrançylyklara sebäp boludylar. Şundan soň Tramp konflikt taraplaryna nägileligini bildirdi.

Tramp, Gaagada geçirilýän NATO sammitine gatnaşmak üçin Waşingtondan uçmaga taýýarlanýan wagtynda soraglara jogap berip, ýaraşygy berjaý etmek ylalaşygyna garamazdan, Ysraýylyň öz garşydaşynyň çägindäki nyşanalara zarba urmagyny tankytlady.

“Olar [Eýran] şertleri bozdular, emma Ysraýyl hem şertleri bozdy. Men Ysraýyldan hoşal däl” diýip, Tramp aýtdy.

Soňra Ysraýylyň goranmak ministri Ysraýel Kats ABŞ-nyň goranmak sekretary Pit Hegsete öz ýurdunyň Eýran şertleri bozmasa ýaraşygy hormatlajakdygyny aýtdy. Prezident Pezeşkýan hem Eýranyň, Ysraýyl şertleri bozmasa, ýaraşyga ygrarly boljakdygyny belledi.

Trampyň ýaraşyk yglan etmegi, Eýranyň 23-nji iýunda Katardaky Al-Udeýd amerikan harby bazasyna raketa zarbalaryny urmagyndan soň boldy. Zarba netijesinde hiç hili zyýan ýetmedi.

Tramp Tähranyň zarbalar barada Waşingtony öňünden habarly edendigini aýtdy. Köp bilermenleriň aýtmagyna görä, bu Eýranyň krizisi mundan beýläk ýitileşdirmezlik synanyşygyny aýan etdi. ABŞ güýçleri 21-nji iýunda Eýranyň ýadro desgalaryna birnäçe zarba urupdy.

Tramp ABŞ güýçleriniň Eýranyň ýadro desgalaryny “doly ýok edendigini” aýtdy. Ýöne Birleşen Ştatlaryň metbugatynda, aňtaw çeşmeleriniň sözlerine salgylanyp, zarbalaryň Eýranyň ýadro taslamasyny bary-ýogy birnäçe aý yza tesdirendigini belleýän habarlaryň peýda bolmagy bilen, Ak tam bu maglumatlary ret etdi.

Tramp 24-nji iýun agşam Truth Social sosial ulgamynda ýerleşdiren ýazgysynda: “Eýranyň ýadro desgalary dolulygyna ýok edildi!” diýip ýene gaýtalady.

Ysraýylyň goşunynyň baş ştabynyň başlygy general-leýtenant Eýal Zamir 24-nji iýunda: “Biz Eýranyň ýadro taslamasyny birnäçe ýyl yza serpikdirdik, bu ýagdaý raketa programmasyna-da degişlidir” diýip belledi.

Ysraýylyň 13-nji iýunda Eýranyň ýadro we harby desgalaryna uly möçberde zarbalar urmagy we yslam rewolýusiýa sakçylary korpusynyň ýokary derejeli serkerdelerini we ýadro alymlaryny öldürmegi bilen konflikt ýitileşipdi.

Eýran bolsa Ysraýylyň şäherlerine raketalar we dronlar bilen jogap zarbalaryny urdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России